Deuteronomy 22
Ýaşaýyş üçin gündelik parzlar
1Biriniň azaşyp gelen öküzini ýa-da goýnuny görübem görmediksirän bolmaň. Ol mallary eýesine getirip beriň. 2Eger eýesi sizden uzakda ýaşaýan bolsa ýa-da ony tanamaýan bolsaňyz, mallary öýüňize getiriň. Eýesi idäp gelýänçä saklap, eýesi gelende olary berersiňiz. 3Kimdir biriniň ýitiren eşegini, geýim-gejimini – ýitiren islendik zadyny tapanyňyzda hem şeýle ediň. Öz kömegiňizi gaýgyrmaň. 4Biriniň eşeginiň ýa-da öküziniň ýolda ýykylyp ýatanyny görübem görmezlige salmaň. Ony aýaga galdyrmaga kömek ediň. 5Aýal erkek geýimini, erkek hem aýal geýimini geýmeli däldir. Çünki munuň ýaly işler etmek Hudaýyňyz Rebbiň nazarynda nejislikdir. 6Eger agaçda ýa-da ýerde guşuň höwürtgesiniň üstünden gelseňiz we ene guş çagalary bilen, ýa-da ýumurtgalarynyň üstünde oturan bolsa, ene guşy çagalary bilen bile almaň. 7Ene guş, goý, gitsin, onuň diňe çagalaryny alyň, şonda siz gowy günler görüp, ömrüňiz uzak bolar. 8Täze jaý gursaňyz, jaýyň üçegi üçin germew tutuň, ýogsam biri ýykylar-da, öýüňizde nähak gan döküler. 9Üzüm bagyňyzda iki hili ekin ekmäň, ýogsam eken ekiniňiz hem, üzümçiligiň hasyly hem Mukaddes öýe berler. 10Öküz bilen eşegi bile goşup ýer sürmäň. 11Ýüň we zygyr goşulyp dokalan geýimleri geýmäň. 12Egniňize geýýän donuňyzyň burçlaryna gotaz tikiň.Jynsy gatnaşyklar hakynda
13Bir adam bir gyza öýlenip, oňa ýanaşandan soň, ony halaman, 14gyzy günäkärläp: „Men bu gyza öýlendim, ýöne onuň ýanyna girenimde, bu gyz çykmady“diýip, oňa töhmet atsa, 15gyzyň ata-enesi onuň päkligi hakyndaky subutnamany äkidip, derwezäniň agzynda galanyň ýaşulularyna görkezsin. 16Gyzyň atasy ýaşululara: „Men gyzymy bu adama durmuşa çykardym, emma ol meniň gyzymy halaman, 17‘Bu gyz çykmady’ diýip, nähak günäkärledi. Emma gyzymyň päkligini görkezýän subutnama, ine, şu ýerde“diýsin. Soňra olar bu subutnama matany galanyň ýaşulularynyň öňünde ýazyp görkezsinler. 18Galanyň ýaşululary ol adamy gamçy bilen jezalandyrsynlar. 19Ýaşulular oňa iki ýüz elli mysgal ▼▼Iki ýüz elli mysgal – ýewreýçe ýüz şekel. Bu takm. 1,2 kg deňdir.
kümüş jerime salyp, bu puly gyzyň atasyna bersinler, sebäbi ol adam Ysraýylyň päk gyzyna töhmet atdy. Ol gyz töhmet atan adamyň aýaly bolup galsyn. Ol adama ömürboýy ondan aýrylyşmaga rugsat berilmeýär. 20Eger ol adamyň aýdanlary dogry bolup, ol gyzyň gyzlygy ýok bolsa, 21ony atasy öýüniň girelgesine getirsinler-de, galanyň erkekleri daşlap öldürsinler, sebäbi ol atasy öýünde loluçylyk edip, Ysraýylda masgaraçylykly iş edipdir. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. 22Eger bir adamy başga biriniň aýaly bilen ýatyrka tutsaňyz, olaryň ikisini hem öldüriň. Şeýdip, siz Ysraýyldan pisligi aýryp taşlaň. 23Eger bir boý gyz birine adaglanan bolsa, başga bir adam galada bu gyza duşup, oňa ýanaşsa, 24olaryň ikisini hem galanyň derwezesiniň ýanyna getirip, daşlap öldüriň. Bu gyz galada bolubam, kömek sorap gygyrmandygy üçin, ol adam bolsa öz ysraýyl doganynyň gelinligini zorlandygy üçin öldüriň. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. 25Emma ol adam adaglanan boý gyza çola ýerde duşup zorlan bolsa, onda diňe zorlan erkegi öldüriň. 26Gyza bolsa hiç zat etmäň. Ol ölüm jezasyna laýyk jenaýat etmändir. Sebäbi bu ýagdaý edil biriniň üstüne topulyp, ony öldüren ýalydyr. 27Çünki ol adam bu gyzy çola ýerde tapdy. Adaglanan gyz kömek sorap çagyryp gygyran hem bolsa, ol ýerde ony halas etmäge hiç kim bolmandyr. 28Eger bir adam adaglanmadyk boý gyza duşsa, ony tutup, onuň bilen ýatsa we olar bu işiň üstünde tutulsalar, 29gyza ýanaşan adam gyzyň atasyna ýüz on mysgal ▼▼Ýüz on mysgal – ýewreýçe elli şekel. Bu takm. 600 gr deňdir.
kümüş bersin. Ol gyz onuň aýaly bolar. Ol adam gyzy zorlandygy sebäpli, ömürboýy ondan aýrylyşmaga ygtyýar berilmeýär. 30Ogly öz atasyny namysa goýup, onuň aýallaryndan aýal almasyn.
Copyright information for
TukLat16