Deuteronomy 25
Jezalar hakynda
1Iki adam dawalaşsa, goý, olar kazylaryň ýanyna barsynlar. Kazylar olaryň arasyndaky dawany çözüp, dogryny dogry, günäkäri günäkär diýip jar etsinler. 2Eger günäkär urulmaga laýyk bolsa, kazy öz gözüniň alnynda ony ýatyryp, eden günäsine görä sanap gamçylatsyn. 3Iň ýokary çägi kyrk gamçydyr, şondan artyk bolmasyn. Eger kyrk gamçydan köp ursaňyz, onda ysraýyl doganyňyz gözüňiziň alnynda mertebesini ýitirer. 4Harman döwýän öküziň agzyny baglamaň.Ölen dogany üçin berjaý edilmeli borç
5Aga-ini bile ýaşaýan bolsa, olaryň biri ölse we onuň hem ogly ýok bolsa, ol merhumyň aýaly başga bir kesekä äre gitmesin. Ol öleniň dogany onuň ýanyna girip, oňa öýlenmelidir we oňa doganynyň ärlik borjuny ýerine ýetirmelidir. 6Ol aýalyň dogran ilkinji oglunyň adyna ölen doganynyň adyny daksyn. Şonda ol merhumyň ady Ysraýyldan öçüp gitmez. 7Eger ol adam doganynyň dul galan aýalyna öýlenmek islemese, dul aýal gala derwezesiniň agzyna ýaşulularyň ýanyna gelip: „Meniň ärimiň dogany öz agasynyň adyny Ysraýylda galdyrmakdan ýüz öwürýär. Ol doganynyň deregine meniň üçin ärlik borjuny berjaý etmeýär“diýsin. 8Soňra galanyň ýaşululary merhumyň doganyny çagyryp, onuň bilen gepleşsinler. Eger ol şonda-da öz diýenini tutup: „Men oňa öýlenmek islemeýärin“diýse, 9onda doganynyň aýaly ýaşulularyň gözüniň alnynda onuň ýanyna baryp, onuň aýagyndaky çepegini çykaryp, onuň ýüzüne tüýkürsin we oňa: „Öz doganynyň öýüni dikeltmeýän adama, ine, şeýle edýärler“diýip, muny jar etsin. 10Bütin Ysraýylyň içinde onuň nesli „çepegi çykarylan öý“hökmünde belli bolsun.Adalatlylyk hakda
11Iki adam urşup durka, biriniň aýaly gelip, ärini halas etjek bolup, urup duran adamyň uýat ýerinden tutsa, 12ol aýalyň elini çapyň. Oňa rehimdarlyk etmäň. 13Torbaňyzda iki dürli: biri agyr, biri ýeňil terezi daşy bolmasyn. 14Öýüňizde biri uly, biri kiçi bolan iki dürli ölçeg gaby bolmasyn. 15Siziň diňe doly we dogry terezi daşyňyz, şeýle hem, hakyky ölçegiňiz bolsun. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size berjek ýerinde ömrüňiz uzak bolar. 16Çünki adalatsyzlyk edýänleriň hemmesi Hudaýyňyz Rebbiň nazarynda nejisdir.Amalekleri öldürmek hakdaky buýruk
17Müsürden çykyp gaýdanyňyzda, amalekleriň size näme edendigini ýadyňyza salyň. 18Ysgyn-mydarsyz galan wagtyňyz, olar Hudaýdan gorkman, ýolda üstüňize çozup, siziň yzda galanlaryňyzyň hemmesini gyrdylar. 19Şonuň üçin hem, Hudaýyňyz Rebbiň size mülk edip beren ýerinde ýaşanyňyzda – Hudaýyňyz Reb size ähli duşmanlaryňyzyň elinden parahatçylyk alyp berende, amalekleri hiç kim ýatlamaz ýaly, olaryň adyny asmanyň astyndan ýok edip taşlamagy ýatdan çykarmaň.
Copyright information for
TukLat16