Deuteronomy 27
Eýbal dagynda gurlan gurbanlyk sypasy
1Soňra Musa Ysraýylyň ýaşululary bilen halka şeýle tabşyryklar berdi: «Bu günki meniň size tabşyrýan ähli buýruklarymy berjaý ediň. 2Iordan derýasyndan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň size berýän ýurduna giren günüňiz, uly daşlary dikip, olara hek çalyň. 3Ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň söz berşi ýaly, Iordandan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň berýän süýt we bal akýan ýurduna gireniňizde, bu Kanunyň ähli sözlerini daşlaryň ýüzüne ýazyň. 4Şeýlelikde, siz Iordandan geçeniňizde, meniň bu günki buýruşym ýaly, şol daşlary Eýbal dagynda dikip, olara hek çalyň. 5Şol ýerde Hudaýyňyz Rebbe daşdan gurbanlyk sypasyny guruň, daşlary taýýarlanyňyzda demir gurallar ulanmaň. 6Hudaýyňyz Rebbiň gurbanlyk sypasy demir degmedik daşlardan ýasalsyn. Soňra onuň üstünde Hudaýyňyz Rebbe ýakma gurbanlygyny beriň. 7Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyp, salamatlyk gurbanlygyny beriň, ony şol ýerde iýiň. 8Bu Kanunyň ähli sözlerini daşlaryň ýüzüne düşnükli edip ýazyň». 9Soňra Musa we lewi ruhanylary: «Eý, ysraýyl halky, ümsüm bol we gulak goý! Hut şu gün siz Hudaýyňyz Rebbiň halky bolduňyz. 10Şonuň üçin hem siz Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, Onuň bu günki meniň üstüm bilen size berýän tabşyryklaryny we parzlaryny ýerine ýetiriň» diýip, ähli ysraýyllara ýüzlendiler.On iki nälet
11Şol gün Musa ysraýyl halkyna şeýle tabşyryklar berdi: 12«Iordan derýasyndan geçeniňizde, şimgon, lewi, ýahuda, ysakar, ýusup we benýamin tireleri alkyş sözleri aýtmak üçin Gerizim dagynyň öňünde dursunlar. 13Ruben, gat, aşer, zebulun, dan we naftaly tireleri bolsa nälet sözleri okamak üçin Eýbal dagynyň öňünde dursunlar. 14Şundan soň lewiler gaty ses bilen ähli ysraýyllara şuny jar etsinler: 15„Kimde-kim Rebbe nejis bolan senet işlerini edip, but ýa-da şekil ýasap, ony gizlin ýerde sežde etmek üçin goýsa, goý, oňa nälet bolsun!“Ähli halk „Omyn!“diýsin. 16„Ata-enesini kemsiden adama nälet bolsun!“Ähli halk „Omyn!“diýsin. 17„Goňşusynyň araçäk daşyny süýşürene nälet bolsun!“Ähli halk „Omyn!“diýsin. 18„Köri ýoldan azaşdyrana nälet bolsun!“Ähli halk „Omyn!“diýsin. 19„Gelmişege, ýetime we dul hatyna adalatsyzlyk eden adama nälet bolsun!“Ähli halk „Omyn!“diýsin. 20„Öz atasyny namysa goýup, onuň aýaly bilen ýatana nälet bolsun!“Ähli halk „Omyn!“diýsin. 21„Islendik haýwan bilen ýanaşana nälet bolsun!“Ähli halk „Omyn!“diýsin. 22„Bir atadan ýa-da bir eneden bolan gyz dogany bilen ýatana nälet bolsun!“Ähli halk „Omyn!“diýsin. 23„Öz gaýynenesi bilen ýatana nälet bolsun!“Ähli halk „Omyn!“diýsin. 24„Gizlinlikde adam öldürene nälet bolsun!“Ähli halk „Omyn!“diýsin. 25„Nähak gan dökmek üçin para alana nälet bolsun!“Ähli halk „Omyn!“diýsin. 26„Bu kanunlaryň sözlerini oňlamaýana, olary ýerine ýetirmeýäne nälet bolsun!“Ähli halk „Omyn!“diýsin.
Copyright information for
TukLat16