‏ Deuteronomy 28

Boýun egmeklikden gelýän bereketler

1Eger siz diňe Hudaýyňyz Rebbe gulak asyp, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Hudaýyňyz Reb sizi ýer ýüzündäki ähli milletlerden beýgelder. 2Eger siz Hudaýyňyz Rebbe gulak assaňyz, üstüňize bereket ýagyp, sizi bereket gurşap alar.

3Galalaryňyza hem, atyzlaryňyza hem bereket ýagar.

4Hudaýyňyz Reb her bir etjek işiňize bereket berer, köp ogul-gyzly bolarsyňyz, mal-garalaryňyzyň sany artyp, topragyňyzyň hasyly bol bolar.

5Sebediňiz doly bolar, saçagyňyz bereketli bolar.

6Nirä gitseňiz hem, näme etseňizem bereketli bolarsyňyz.

7Reb size garşy baş göteren duşmanlaryňyzy siziň öňüňizde derbi-dagyn eder. Olar siziň üstüňize bir tarapdan çozup, yzlaryna çar tarapa gaçarlar. 8Reb siziň ammarlaryňyza, başlan her bir işiňize bereket inmegi üçin buýruk berer. Hudaýyňyz Reb özüňize berýän ýurdunda sizi ýalkar. 9Eger siz Hudaýyňyz Rebbiň buýruklaryny ýerine ýetirip, Onuň ýolundan ýöreseňiz, Ol söz berşi ýaly, sizi Özüniň mukaddes halky eder. 10Ýer ýüzündäki ähli halklar siziň Reb tarapyndan saýlanandygyňyzy görerler we olar sizden gorkarlar. 11Ata-babalaryňyza wada eden ýurdunda ýaşanyňyzda, Reb siziň örňäp ösmegiňizi, mal-garalaryňyzyň artmagyny we topragyňyzyň hasylyny bolluk bilen eçiler. 12Reb Özüniň baý hazynasy bolan asmany açyp, ýeriňize wagtynda ýagyş ýagdyrar we başyna baran her bir işiňizde bereket berer. Siz köp halklara karz berersiňiz, emma özüňiz hiç kimden karz almarsyňyz. 13Hudaýyňyz Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen size berýän buýruklaryna boýun egip, olary yhlas bilen ýerine ýetirseňiz, Reb sizi aýakda däl-de, başda goýar. 14Başga hudaýlara gulluk etmek üçin, olaryň yzyna düşmeseňiz, meniň bu günki berýän buýruklarymyň hijisinden ýüz öwürmeseňiz, olardan saga-sola sowulmasaňyz, siz diňe belentde bolarsyňyz, pesde bolmarsyňyz.

Boýun egmezlikden gelýän näletler

15Emma siz Hudaýyňyz Rebbe boýun bolman, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli tabşyryklaryny we parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetirmeseňiz, onda, goý, şu näletleriň ählisi siziň başyňyzdan insin we sizi gurşap alsyn.

16Galalaryňyza, atyzlaryňyza nälet bolsun.

17Sebediňize, saçagyňyza nälet bolsun.

18Örňäp ösmegiňize, topragyňyzyň hasylyna, sygyrlaryňyzyň we dowarlaryňyzyň artmagyna nälet bolsun.

19Nirä gitseňiz hem, näme etseňizem size nälet bolsun.

20Etjek bolýan ähli işleriňiziň üstünden Reb betbagtçylyk, howsala we şowsuzlyk inderer. Menden ýüz öwrüp, pis işler edendigiňiz üçin, siz gyrlyp, tiz heläk bolarsyňyz. 21Mülk edinmek üçin baran ýeriňizden ýok edýänçä, Reb sizi gyrgyna berer. 22Reb size bedeni igledýän keselden, gyzdyrmadan, çişmeden, ysytmadan, gurakçylykdan, ýakyp ýandyrýan epgekden we heňden ýaňa ejir çekdirer. Tä doly heläk bolýançaňyz, şeýle külpetler sizden aýrylmaz. 23Depäňizdäki asman mise, aýagyňyzyň astyndaky ýer bolsa demre döner. 24Reb ýeriňize ýagdyrýan ýagşyny tozana öwrer. Siz doly gyrylýançaňyz, üstüňize asmandan diňe gum ýagar.

25Reb sizi duşmanlaryňyzyň öňünde ýeňlişe sezewar eder. Siz olaryň garşysyna bir tarapdan hüjüm etseňiz, yzyňyza gaçanyňyzda çar tarapa gaçarsyňyz. Başyňyzdan inen bela-beterler ýer ýüzündäki ähli şalyklary howsala salar. 26Siziň jesetleriňiz asmandaky guşlara we ýerdäki haýwanlara iýmit bolar. Olary kowmaga adam tapylmaz. 27Reb size Müsürde görkezen başly ýaralar bilen: örgün, iriňli ýaralar we gijilewük bilen ejir çekdirer. Siz olardan saplanyp bilmersiňiz. 28Reb sizi dälireder, gözüňizi kör eder, akylyňyzdan azaşdyrar. 29Garaňkylykda körleriň sermenekläp ýöreýişleri ýaly, gündiz hem ýoluňyzy sermeläp ýörärsiňiz, emma siz ýoluňyzy tapyp bilmersiňiz. Sizi dyngysyz ezerler we talarlar, siziň dadyňyza hiç kim ýetmez. 30Bir gyza adaglanarsyňyz, emma onuň bilen başga biri ýatar. Jaý gurarsyňyz, emma onda özüňiz ýaşamarsyňyz. Üzüm agaçlaryny oturdarsyňyz, emma onuň miwesinden iýmersiňiz. 31Öküziňizi gözüňiziň alnynda soýarlar, emma onuň etinden iýmersiňiz. Edil gapdalyňyzda eşegiňizi ogurlarlar, emma yzyna getirmezler. Goýunlaryňyzy duşmanlaryňyza bererler. Size kömek eden bolmaz. 32Ogullaryňyz we gyzlaryňyz gözüňiziň alnynda başga halklara berler. Günuzyn olary agtarmakdan ýaňa, gözüňiziň nury öçer, emma eliňizden gelen zat bolmaz. 33Tanamaýan bir halkyňyz ýeriňiziň hasylyny iýip, çeken agyr zähmetiňiziň hözirini görer. Siz dyngysyz ezilip gynalarsyňyz. 34Siziň gözüňiz bilen görjek görgüleriňizden ýaňa, akylyňyz çaşar. 35Reb dyzyňyza, aýagyňyza, ökjäňizden tä süýr depäňize çenli agyryly çybanlar çykarar. 36Reb sizi we siziň üstüňizden goýlan patyşany özüňiziň, hatda ata-babalaryňyzyň hem tanamaýan-bilmeýän halkynyň üstünden elter. Ol ýerde siz agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz. 37Rebbiň sizi elten ähli halklarynyň arasynda olar üçin gorky bolarsyňyz, dile düşüp, gülki bolarsyňyz.

38Meýdana köp tohum sepersiňiz, emma az hasyl alarsyňyz, çünki ony çekirtge iýip ýok eder. 39Üzüm agaçlaryny ekip, olara seredersiňiz. Emma onuň ne hasylyny ýygnarsyňyz, ne-de şerabyndan içersiňiz, çünki ony gurçuk iýer. 40Siziň tutuş ýurduňyzda zeýtun agaçlary gögerer, emma siz özüňize zeýtun ýagyny guýmarsyňyz, çünki onuň miwesi ýere döküler. 41Ogullaryňyz we gyzlaryňyz bolar, emma siz olary ýitirersiňiz, çünki olar ýesir edilip äkidiler. 42Ähli agaçlaryňyzyň we ekin meýdanlaryňyzyň hasylyny çekirtgeler iýip gider. 43Araňyzda ýaşaýan gelmişekler sizden has ýokary göteriler, siz bolsa kem-kemden pese düşersiňiz. 44Olar size karz bererler, emma siz olara karz berip bilmersiňiz. Olar başda bolarlar, siz bolsa aýakda galarsyňyz.

45Şu näletleriň ählisi size siňip, tä ýok bolýançaňyz, sizi gurşap alar. Sebäbi siz Hudaýyňyz Rebbe boýun egmän, bu gün Onuň size meniň üstüm bilen berýän tabşyryklaryny we parzlaryny ýerine ýetirmediňiz. 46Bu külpetler siziň we nesilleriňiziň arasynda başga halklar üçin hemişelik alamat we mugjyza bolsun. 47Sebäbi siz ähli zadyň bereketli bolmagy üçin Hudaýyňyz Rebbe şadyýanlyk we joşgunly ýürek bilen gulluk etmediňiz. 48Şonuň üçin hem siz aç-suwsuz, ýalaňaç we hemme zada zar bolup, Reb tarapyndan siziň garşyňyza iberilen duşmanyňyza gulluk edersiňiz. Reb sizi tä ýok edip taşlaýança, boýnuňyzdan demir boýuntyryk asyp, sizi ezer. 49Reb uzak ýerden, ýeriň aňrujundan size olaryň diline düşünmeýän bir halkyňyzy getirer. Bu halk sizi bürgüt kimin ýuwudar. 50Şol ýüzi hyrsyz halk ýaşy-garryny sylamaz, rehim-şepagat etmez. 51Siz ýok bolup gidýänçäňiz, olar mal-garalaryňyzy, ýeriňiziň hasylyny iýerler. Siz heläk bolýançaňyz, siziň ne dänäňiz, ne şerabyňyz, ne ýagyňyz, ne-de sygyrlaryňyzdyr dowarlaryňyz galar. 52Olar Hudaýyňyz Rebbiň size beren ýerine gelip, siziň bil baglan ähli beýik we berk diwarly galalaryňyzy gabawa salarlar. 53Duşmanyňyz siziň daşyňyzy gabap, çykgynsyz ýagdaýa salanda, siz açlykdan ýaňa öz bagryňyzdan önen perzentleriňizi – Hudaýyňyz Reb tarapyndan berlen ogul-gyzlaryňyzyň etini iýersiňiz. 54Araňyzdaky iň mylaýym we eli açyk adam barja iýmitini öz doganyndan, söýgüli aýalyndan, diri galan çagalaryndan gysganar. 55Ol çagalarynyň etinden olaryň hijisine bermez, sebäbi duşman ähli galalaryňyzy gabap, sizi çykgynsyz ýagdaýa salanda, olara iýmäge hiç zat galmaz. 56Araňyzdaky sahy we näzik aýal, öz sahylygyndan we näzikliginden ýaňa aýagyny ýere basmaýan zenan naharyny öz mähriban adamsyndan, ogul-gyzyndan gysganar. 57Duşmanyňyz galalaryňyzy gabap, sizi çykgynsyz ýagdaýa salanda, şol aýal dogranyndan soň, hatda satanynyň arasyndan çykan çagasynyň ýoldaşyny gysganyp, öz dogran çagalaryny hem açlykdan ýaňa ogrynça iýer.

58Beýik we haýbatly Hudaýyňyz Rebden gorkup, bu kitapda ýazylan bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmeseňiz, 59onda Reb sizi we siziň nesilleriňizi elhenç belalara, agyr we yzy üzülmeýän jebirlere, emi ýok kesellere duçar eder. 60Ol siziň Müsürde wagtyňyz sizi gorkuzan ähli keselleriňizi siziň başyňyzdan inderer. Ol keseller size ornaşyp galar. 61Hatda şu Kanun kitabynda ýazylmadyk beýleki ähli ýokanç keselleri we dertleri, tä siziň baryňyz gyrylýançaňyz, Reb siziň başyňyzdan inderer. 62Siz asman ýyldyzlary ýaly köpdüňiz, emma siz az bolup galarsyňyz, sebäbi siz Hudaýyňyz Rebbe boýun egmediňiz. 63Reb size ýagşylyk edip, siziň sanyňyzy köpeldende, näçe lezzet alan bolsa, sizi gyryp ýok edende hem şonça lezzet alar. Mülk edinmek üçin baran ýeriňizden siz sogrulyp taşlanarsyňyz. 64Reb sizi ýeriň bir ujundan beýleki ujuna çenli ähli halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Ol ýerde siz özüňiziň-de, ata-babalaryňyzyň-da tanamadyk we bilmedik agaçdan we daşdan ýasalan başga hudaýlara gulluk edersiňiz. 65Ol halklaryň arasynda siz janyňyza aram tapmarsyňyz we aýagyňyzyň dynjyny almaga ýer tapylmaz. Ol ýerde Reb size bükgüldeýän ýürek, kütelen gözler we synan göwün berer. 66Janyňyz suw üstünde bolar. Siz gije-gündiz gorkuda bolup, sizde ýaşaýşa hiç hili umyt bolmaz. 67Ýüregiňizi gaplajak gorky we gözüňiziň görjek zatlary sebäpli, ertirlerine siz: „Wah, tizräk agşam düşsedi!“diýersiňiz, agşamyna bolsa: „Wah, tizräk daň atsady!“diýersiňiz. 68Siziň indi gaýdyp görmejekdigiňize söz beren ýolumdan, Reb sizi gämiler bilen ýene-de yzyňyza Müsüre alyp gider. Ol ýerde siz özüňizi gul we gyrnak edip duşmanlaryňyza satuwa hödürlärsiňiz, emma sizi satyn alan bolmaz».
Copyright information for TukLat16