‏ Deuteronomy 33

Musa Ysraýyl tirelerine pata berýär

1Hudaýyň adamy Musanyň ölmezinden öň, ysraýyllara beren patasy, ine, şudur. 2Ol şeýle diýdi: «Reb Sinaý dagyndan geldi,
halkyna Segirden dogdy,
Paran dagyndan nur saçdy.
Ýanynda on müňlerçe perişde bardy,
sag elinde lowlaýan ot bardy.
3Ýa Reb, Sen dogrudan-da halkyňy
Halkyňy – käbir golýazmalarda halklaryňy.
söýýärsiň!
Ähli perişdeler goluň astynda.
Olar aýagyňa ýykylyp,
Senden görkezme alýarlar.
4Ysraýyl jemagatyna miras hökmünde
Musa bize Kanun berdi.
5Ysraýyl tireleri birleşende,
halk baştutanlary ýygnanda,
Reb Ýeşuruna patyşa boldy.

6Ruben halky az adamly bolsa-da,
goý, ýaşasyn, ölmesin!»

7 Musa Ýahuda hakda şeýle diýdi: «Ýa Reb, Ýahudanyň perýadyny eşit,
ony öz halkyna getir,
onuň ellerine kuwwat ber
Onuň ellerine kuwwat ber – ýa-da Öz elleri bilen söweşdi.
,
duşmanyna garşy oňa ýardamçy bol!»

8Lewi hakda şeýle diýdi: «Ýa Reb, Tummymyňy Lewä,
Urymyňy
Tummym… Urym – Hudaýyň islegini bilmek üçin ruhanylar tarapyndan ulanylýan iki sany daş. Sözlüge seret.
sadyk guluňa ber.
Ony Masada
Masa – bu söz synag diýmegi aňladýar. Seret: Msr 17:1-7.
synadyň,
Meriba
Meriba – bu söz dawa diýmegi aňladýar. Seret: Msr 17:1-7.
çeşmesinde söweşdiň.
9Ol: „Ata-enem bar diýip,
olara seretmedim“diýdi.
Doganyny tanamady,
çagalaryny unutdy.
Çünki lewiler Seniň sözüňi tutdy,
Seniň ähtiňi saklady.
10Seniň hökümleriňi Ýakuba,
Kanunyňy Ysraýyla öwreder.
Seniň huzuryňda hoşboý buhur,
gurbanlyk sypaňda başbitin ýakma gurbanlygyny ýakar.
11Ýa Reb, olara kuwwat ber,
elleriniň işini kabul et.
Kim olara hüjüm edip ýigrense,
bilini omur, gaýdyp aýaga galmasyn!»

12Benýamin hakda şeýle diýdi: «Ol Rebbiň iň gowy görýäni, howpsuz ýaşar,
Beýik Hudaý bütin gün onuň üstüne ganat gerer,
ol Rebbiň dagynda mesgen tutar».

13 Ýusup hakda şeýle diýdi: «Reb onuň ýerine bereket bersin.
Gökden ýagýan peşgeşler bilen,
Ýer astyndaky çuň suwlar bilen,
14Günde ýetişen saýlama hasyly bilen,
her pasylyň iň ajap miwesi bilen,
15gadymy daglaryň iň gowy iýmişi bilen,
müdimi depeleriň bolçulygy bilen,
16ýeriň iň gymmat peşgeşi we dolulygy bilen,
ýanýan çalyda Görneniň merhemeti bereket bersin.
Bu bereketler öz doganlarynyň arasyndan
saýlanyp-seçilen Ýusubyň başyna ýagsyn.
17Ol ilkinji doglan öküz ýaly haýbatlydyr,
ýabany öküziňki kimindir onuň şahlary.
Bir şahy Efraýymyň on müňüsidir,
beýlekisi Manaşanyň müňüsidir.
Ol halklary şahlary bilen süser,
ýeriň ol ujuna çenli olary kowar».

18Zebulun hakda şeýle diýdi: «Eý, Zebulun, ýola düşeniňde şadyýan bol,
sen bolsa, Ysakar, çadyryňda şatlan!
19Halklary daga çagyrarlar,
ol ýerde dogry gurbanlyklar keserler.
Deňizleriň baýlygyny,
gumda gömlen hazynany iýerler».

20Gat hakda şeýle diýdi: «Gatyň mülküni giňeldene alkyş bolsun!
Gat şir kimin ýaşaýar,
goly we başy goparyp taşlaýar.
21Ol özi üçin iň mes ýeri saýlady.
Çünki halk baştutanlarynyň ýygnagynda
serdaryň paýy oňa berlendir.
Ysraýyl üçin Rebbiň adalatyny,
Onuň hökümini ol ýerine ýetirdi».

22Dan hakda şeýle diýdi: «Dan Başandan çykan,
şiriň çagasydyr».

23Naftaly hakda şeýle diýdi: «Eý, sen, Rebbiň merhemeti bilen,
Onuň berekedi bilen dolan Naftaly,
günbatary we günortany mülk edinersiň».

24Aşer hakda şeýle diýdi: «Ogullaryň iň bereketlisi Aşer bolsun!
Doganlaryň iň eý görülýäni ol bolsun!
Aýagyny zeýtun ýagyna batyrsyn!
25Kiltleri demirden we bürünçden bolsun!
Dyzynyň kuwwaty asla gaçmasyn!»

26«Eý, Ýeşurun, saňa kömek etmek üçin asmandan uçýan,
bulutlar arasyndan gudrat görkezýän,
seniň Hudaýyňa taý geljek ýokdur.
27Penakäriň gadymdan bar bolan ebedi Hudaýdyr!
Seni hemişe gollarynda göterer,
garşyňdan duşmanlaryňy kowar,
olary saňa ýok etmegi buýrar.
28Şeýdip, Ysraýyl howpsuz ýaşar,
däne we şerabyň bol ýerinde,
Ýakubyň mekany abadan bolar.
Ol ýere asmandan çyg düşer.
29Sen nähili bagtly, eý Ysraýyl!
Seniň ýaly barmy başga?
Sen Rebbiň halas eden halkysyň!
Reb seni goraýan galkandyr, şanly gylyçdyr!
Duşmanlaryň saňa ýaranjaňlyk ederler,
sen olaryň arkasyndan basarsyň».
Copyright information for TukLat16