Deuteronomy 5
1Musa ähli ysraýyllary bir ýere jemläp, olara şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky, bu günki meniň size ýetirýän parzlaryma we hökümlerime gulak goýuň. Olary öwrenip, yhlas bilen berjaý etmelisiňiz. 2Hudaýymyz Reb Horepde biziň bilen äht baglaşdy. 3Reb bu ähti ata-babalarymyz bilen baglaşmady, Ol ähti biziň bilen, bu günki gün, bu ýerde diri galanlarymyzyň hemmesi bilen baglaşdy. 4Reb dagda ot içinden siziň bilen ýüzbe-ýüz durup gepleşdi. 5(Şol wagt Rebbiň sözlerini size ýetirmek üçin, Reb bilen siziň araňyzda men durdum, çünki siz otdan gorkup, daga çykmadyňyz)».On tabşyryk
(Müsürden çykyş 20)
«Reb şu on tabşyrygy berdi: 6„Seniň gul bolup ýaşan ýurduň Müsürden alyp çykan Hudaýyň Reb Mendirin. 7Seniň Menden başga hudaýlaryň bolmasyn. 8Özüň üçin ýokarda – gökde, aşakda – ýerde ýa-da ýer asty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç birine meňzeş şekilde but ýasama. 9Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb – gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin. 10Emma kim Meni söýüp, buýruklarymy ýerine ýetirse, onuň müňlerçe nesline sadyk söýgimi görkezerin. 11Hudaýyň Rebbiň adyny boş ýere agzama, çünki Reb Öz adyny boş ýere agzan adamy jezasyz goýmaz. 12Hudaýyň Rebbiň buýruşy ýaly, mukaddes Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetir. 13Alty günde ähli işleriňi edersiň. 14Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüňem hiç iş etme, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, öküziň ýa-da eşegiň, tutuş mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek – hijisi bir iş hem etmesin. Şonda siziň gul-gyrnagyňyz hem özüňiz ýaly dynç alyp biler. 15Müsür ýurdunda özüňiň hem gul bolandygyňy ýadyňa sal. Hudaýyň Reb Özüniň güýç-gudraty bilen seni ol ýerden çykaryp getirdi. Şonuň üçin hem Hudaýyň Reb saňa Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetirmegiňi buýurdy. 16Hudaýyň Rebbiň buýruşy ýaly, ata-eneňe hormat goý, şonda Hudaýyň Rebbiň saňa berjek ýerinde ömrüň uzak bolup, gowy günler görersiň. 17Adam öldürme. 18Zyna etme. 19Ogurlyk etme. 20Biriniň garşysyna galp şaýatlyk etme. 21Başga kişiniň aýalyna göz dikme. Başga biriniň öýüne, ýerine, gul-gyrnagyna ýa öküzine, eşegine, oňa degişli zatlaryň hiç birine göz dikme“. 22Reb bu sözleri dagda ot içinden, buludyň we tüm garaňkylygyň içinden gaty ses bilen tutuş jemagata aýtdy. Başga hiç zat goşmady. Ol bu sözleri iki sany ýasy daşyň ýüzüne ýazyp, maňa berdi».Halk gorkýar
23«Dag lowlap ýanýarka, Rebbiň garaňkylygyň içinden gelýän sesini eşideniňizde, ähli tirebaşylaryňyzdyr ýaşulularyňyz ýanyma gelip, 24maňa şeýle diýdiňiz: „Ine, Hudaýymyz Reb bize Öz şöhratyny we beýikligini görkezdi. Biz Onuň ot içinden çykýan sesini eşitdik. Bu gün biz Hudaý ynsan bilen gepleşse-de, ynsanyň diri galyp biljek ekendigini gördük. 25Näme üçin biz bu gün ölmeli? Çünki bu beýik ot bizi ýandyrar. Emma Hudaýymyz Rebbiň sesini mundan artyk eşitsek biz öleris. 26Çünki ot içinden gepleýän diri Hudaýyň sesini eşidip, adamzat arasynda biz ýaly ölmän galan barmy? 27Seniň özüň golaý bar-da, Hudaýymyz Rebbiň aýtjak zatlarynyň hemmesini diňle. Soňra Hudaýymyz Rebbiň aýdanlarynyň hemmesini bize ýetir. Biz saňa gulak asarys we berjaý ederis“. 28Meniň bilen gepleşen wagtyňyz, Reb siziň maňa aýdan sözleriňizi eşidip, maňa şeýle diýdi: „Men bu halkyň saňa aýdanlaryny eşitdim. Olaryň hemmesi dogry. 29Käşgä olar diňe şu pikirde bolup, Menden gorkup, ähli buýruklarymy hemişe saklasadylar, onda olar we olaryň çagalary hemişe eşretde ýaşardylar! 30Bar, git-de olara: ‘Çadyrlaryňyza dolanyň!’ diý. 31Emma sen bu ýerde Meniň ýanymda gal. Ähli tabşyrygy, parzlarymdyr hökümleri olara öwrederiň ýaly, Men olary saňa aýdaryn. Goý, olar bulary mülk edip berjek ýurdumda berjaý etsinler“». 32Musa halka: «Şonuň üçin hem indi siz Hudaýyňyz Rebbiň buýruşy ýaly ýerine ýetirmekde gaty seresap bolmalysyňyz. Olardan saga-da, çepe-de gyşarmaň. 33Diňe Hudaýyňyz Rebbiň görkezen ýolundan ýöräň. Şonda siz diri galyp, gowy günler görersiňiz we mülk edinjek ýurduňyzda uzak wagtlap ýaşarsyňyz» diýdi.
Copyright information for
TukLat16