‏ Ecclesiastes 1

Bar zat biderekdir

1Bu Iýerusalimde patyşalyk eden Dawudyň ogly Wagyzçynyň sözleridir. 2Wagyzçy: «Biderek! Biderek! Bary biderek!» diýýär.

3Ynsan Günüň astynda çekýän zähmetinden näme peýda tapýar? 4Bir nesil gidip, bir nesil gelýär; emma bu dünýä ebedilik galýar. 5Gün dogýar, ýaşýar; öz dogjak ýerine tarap howlugýar. 6Ýel günorta tarap öwüsýär, soňra demirgazyga öwrülýär. Ol töwerege aýlanyp-aýlanyp, ýene öz aýlawyna dolanýar. 7Ähli derýalar deňze akýar, emma deňiz dolmaýar. Derýalar täzeden akmak üçin öz akýan ýerine dolanýarlar. 8Bar zat irizýär. Muny söz bilen beýan edip bolmaz. Göz görmekden doýmaýar, gulak-da eşitmekden. 9Näme bolan bolsa, ýene şol bolar, näme edilen bolsa, ýene şol ediler. Günüň astynda täze zat ýok. 10«Seret, ine, şu täze» diýip boljak zat barmy? Ol owaldan bardy, bizden öňem bolupdyr. 11Öňki bolup geçeni hiç kim ýatlamaz; indiki geljekler-de häzirki hem soňky boljak zatlary ýatlamaz.

Paýhasa eýe bolmak salgyma çapmak ýalydyr

12Men, Wagyzçy, Iýerusalimde Ysraýylyň patyşasydym. 13Gögüň astynda edilýän ähli zatlar barada paýhas bilen gözleg hem barlag geçirmegi ýüregime düwdüm. Işli bolsunlar diýip, bu Hudaýyň ynsanlara beren agyr ýumşudyr. 14Günüň astynda edilýän ähli işleri gördüm; ine, bary biderek, salgyma çapmak.

15«Egrini göneldip bolmaz; ýok zady-da sanap bolmaz».

16Öz-özüme şeýle diýdim: «Ine, men beýik bolup, paýhasda özümden öň Iýerusalimde hökmürowanlyk edenleriň hemmesinden ozdum. Ýüregim paýhas bilen bilime baýdy». 17Akyldarlyga, telbelikdir akmaklyga düşünmäge ýüregimi berdim. Munuň-da salgyma çapmakdygyny bildim.

18«Paýhas näçe köp bolsa, gussa-da şonça köpdür.
Bilimini artdyrýanlar, derdini-de artdyrýandyrlar».
Copyright information for TukLat16