‏ Ecclesiastes 3

Her zadyň öz wagty bar

1Her zadyň öz möwriti bar, gögüň astynda her zadyň öz wagty bar: 2Dogulmagyň öz wagty bar, ölmegiň öz wagty;
ekmegiň öz wagty bar, ormagyň öz wagty.
3Öldürmegiň öz wagty bar, şypa bermegiň öz wagty;
ýumurmagyň öz wagty bar, dikeltmegiň öz wagty.
4Aglamagyň öz wagty bar, gülmegiň öz wagty;
ýas tutmagyň öz wagty bar, tans etmegiň öz wagty.
5Daşlary pytratmagyň öz wagty bar,
daş üýşürmegiň öz wagty;
gujak açmagyň öz wagty bar, ondan saklanmagyň öz wagty.
6Agtarmagyň öz wagty bar, ýitirmegiň öz wagty,
saklamagyň öz wagty bar, zyňmagyň öz wagty.
7Ýyrtmagyň öz wagty bar, tikmegiň öz wagty;
dymmagyň öz wagty bar, geplemegiň öz wagty.
8Söýmegiň öz wagty bar, ýigrenmegiň öz wagty;
urşuň öz wagty bar, parahatçylygyň öz wagty.

Ynsanyň paýy

9Işleýäne çekýän zähmetinden näme peýda bar? 10Ynsanlara işli bolarlary ýaly Hudaýyň beren işini gördüm. 11Hudaý ähli zady öz wagtynda gözel etdi. Şeýle hem ebediligi ynsanyň ýüregine saldy, ýöne şonda-da olar Hudaýyň owaldan ahyra çenli eden işini aňlap bilmezler. 12Ynsan üçin şatlanmakdan we ömürboýy ýagşylyk etmekden gowy zadyň ýokdugyny bilýärin. 13Her kesiň iýip-içip, öz bar zähmetinden lezzet almagy Hudaýyň beren sylagydyr. 14Men Hudaýyň eden her işiniň ebedi galjakdygyny bilýärin; oňa hiç zady goşup bolmaz, ondan hiç zady aýryp bolmaz. Hudaý bu işlerini hemmeler Özünden gorksunlar diýip etdi. 15Häzir näme bar bolsa, ol öň hem bolandyr; geljekde boljak häzir hem bardyr. Hudaý öteni ýene gaýtarýar.

16Men ýene Günüň astynda kazylykda adalatyň deregine-de, dogrulygyň deregine-de pisligiň bardygyny gördüm. 17Içimden: «Hudaý dogry adama hem, erbet adama hem kazylyk eder; çünki Hudaýyň Özi her mesele, her iş üçin wagt belledi» diýdim.

18Ynsanlar barada içimden: «Özleriniň haýwanlar ýalydyklaryny görsünler diýip, Hudaý ynsanlary synaýar» diýdim. 19Ynsanlaryň-da, haýwanlaryň-da takdyry birdir. Biri nähili ölýän bolsa, beýlekisi-de şeýle ölýär; hemmesiniň bir demi bar; adam haýwandan üstün däldir, çünki bary biderek. 20Ählisi bir ýere gidýär; ählisi toprakdandyr, ählisi-de ýene topraga dolanýar. 21Ynsanlaryň ruhy ýokaryk galýarmy, haýwanlaryň ruhy aşak ýere inýärmi, kim bilýär? 22Şeýdip, men ynsana öz eden işinden lezzet almakdan başga ýagşy zadyň ýokdugyny gördüm, çünki bu onuň muzdudyr. Dünýäden ötenden soň, näme boljagyny görkezmek üçin hiç kim ynsany yzyna getirip bilmez.
Copyright information for TukLat16