Ecclesiastes 9
Hemmäniň takdyry birdir
1Bularyň hemmesini ýüregimde saklap, şeýle netijä geldim: dogrular, dana adamlar we olaryň işleri Hudaýyň elinde. Söýginiň garaşýandygyny ýa-da ýigrenjiň garaşýandygyny ynsan bilýän däldir. 2Hemmäniň takdyry birdir: dogruçylyň-da, pisiň-de, ýagşynyň-da, ýamanyň-da, tämiziň-de, haramyň-da, gurbanlyk berýäniň-de, gurbanlyk bermeýäniň-de takdyry birdir. Ýagşy adama näme bolsa, günäkäre-de şol bolar; ant içýäne näme bolsa, ant içmekden gorkýana-da şeýle bolar. 3Günüň astynda edilýän işleriň iň ýamany şudur: hemmäniň takdyry bir. Ine, ynsanlaryň ýüregi pislikden doludyr; ömürleriniň dowamynda ýüreklerinde telbelik bar. Soňra olar ölülere goşulýandyrlar. 4Ähli ýaşaýanlaryň arasyndaky her kes üçin umyt bar; çünki diri it öli ýolbarsdan ýagşydyr. 5Ýaşaýanlar öljekdigini bilýändirler, ýöne ölüler hiç zat bilýän däldir. Olar üçin mundan beýläk peşgeş bolmaz, hatda olary ýatlamazlar hem. 6Olaryň söýgüsi, ýigrenji we gabanjaňlygy eýýäm ýok bolandyr. Ölüler Günüň astynda bolup geçýän ähli zatlara goşulyp bilmezler. 7Git-de, çöregiňi şatlyk bilen iý, şerabyňy göwnühoşluk bilen iç; çünki Hudaý seniň eden işleriňden eýýäm razy boldy. 8Eşigiň mydama ak bolsun; başyňyň hoşboý ysly ýagy kemlik etmesin. 9Günüň astynda özüňe berlen boş ömrüň bütin dowamynda söýýän aýalyň bilen durmuşdan lezzet al, çünki durmuşdan, Günüň astynda çekýän zähmetiňden galan paýyň budur. 10Eliň etmäge näme tapsa, ony bar güýjüň bilen et, çünki seniň barýan ölüler diýaryňda ne iş, ne düşünje, ne bilim, ne-de danalyk bolar. 11Günüň astynda ýene bir zat gördüm: ýaryş ýüwrükleriňki däl, söweş-de güýçlüleriňki; çörek danalaryňky däl, baýlyk-da düşünjeliniňki; mähir-de bilimliniňki däldir. Çünki her kes amatsyz wagta we hadysa duçar bolýandyr. 12Ynsan haçan hasrat geljekdigini bilýän däldir. Zalym tora düşen balyklar kimin, duzaga düşen guşlar kimin ynsanlar hem üstüne betbagtlyk duýdansyz inende, tora düşýärler.Danalyk we nadanlyk hakdaky oýlanmalar
13Günüň astynda men ýene bir danalygy gördüm, meniňçe ol juda wajyp. 14Az ilatly bir kiçi şäher bardy. Bir güýçli patyşa oňa hüjüm edip, ony gabady; garşysyna äpet gabaw desgalaryny gurdurdy. 15Bu şäherde bir dana garyp tapyldy, ol şäheri paýhasy bilen halas etdi. Emma hiç kim bu garyby ýatlamady. 16Onsoň men diýdim: «Danalyk güýçden gowudyr», ýöne garyp adamyň paýhasy äsgerilmeýär, onuň sözleri eşidilmeýär. 17Akyllynyň imisalalykda aýdan sözleri, akylsyzlaryň arasyndaky hökümdaryň gykylygyndan gowudyr. 18Akyldarlyk uruş ýaraglaryndan gowudyr, ýöne bir günäkär köp ýagşylyklary ýok edýändir.
Copyright information for
TukLat16