Ecclesiastes 10
1Öli siňekleriň atyrçynyň ýagyny porsadyp zaýalaýşy ýaly, azajyk akmaklyk-da akyldarlygy we hormaty haraplaýandyr. 2Akyllynyň ýüregi dogrulyga tarap, akylsyzyň ýüregi bolsa egrilige tarapdyr. 3Akylsyz ýolda ýörände-de, düşünjesi kemlik edýändir, ol akmakdygyny hemmelere äşgär edýändir. 4Hökümdaryň saňa gahary gelse-de, ýeriňi taşlap gitme, çünki mylaýymlyk uly ýazyklaryň üstüni örtýändir. 5Günüň astynda ýene-de bir ýamanlyk gördüm. Bu hökümdar tarapyndan goýberilýän säwlikdir: 6Akmak ýokary ýerlerde goýulýar, baý pes ýerde oturýar. 7Men at münýän gullary, gullar ýaly pyýada ýöreýän hökümdarlary gördüm. 8Çukura ony gazýanyň özi gaçýandyr; diwary deşýäni ýylan çakýandyr. 9Daş kesýäne daşlardan şikes ýeter; odun aýyrýan özüne howp salar. 10Eger palta kütek bolsa, ýüzi ýiteldilmese, oňa köpräk güýç sarp etmeli bolýandyr. Danalyk bolsa üstünlige eltýändir. 11Eger ýylan owsunmazdan öň çaksa, owsunçynyň peýdasy ýokdur. 12Akyllynyň sözleri oňa hormat getirer, akylsyzyň sözleri bolsa ony heläk eder. 13Dilindäki sözleri akmaklyk bilen başlanyp, ýaman telbelik bilen gutarýar. 14Akylsyz köp gepleýändir. Hiç kim näme boljagyny bilýän däldir. Kim oňa özünden soň näme boljakdygyny aýdyp biler? 15Akylsyzyň zähmeti ony ýadadýandyr, hatda ol şähere gidýän ýoly-da bilýän däldir. 16Eý, juwan patyşaly, hökümdarlary ertirine meýlis gurýan ýurt, dat günüňe! 17Şasy asylzada, hökümdarlary serhoşlyk üçin däl-de, güýçlenmek üçin öz wagtynda meýlis gurýan ýurt bagtlydyr! 18Ýaltalyk zerarly üçek çökýändir, işsiz eller zerarly öýe suw geçýändir. 19Meýlis keýpi-sapa üçin edilýändir, şerap durmuşa şatlyk berýändir, pul her mätäçligiň öwezini dolýandyr. 20Patyşa hatda içiňden-de gargama, öz ýatýan otagyňda baýa gargama, çünki gökdäki guş habar äkider, ganatly guş sözüňi ýetirer.
Copyright information for
TukLat16