Ecclesiastes 12
1Juwanlygyňda, agyr günler gelmänkä, «olardan lezzet almaryn» diýjek ýyllaryň golaýlaşmanka, özüňi Ýaradany ýatla. 2Seniň üçin Gün, yşyk, Aý, ýyldyzlar garalmanka, ýagyşdan soň bulutlar yzyna gaýtmanka, Ony ýatla. 3Şol gün öýi goraýanlar titreşerler, güýçli adamlar eglerler, el degirmeni bilen däne üweýänler işini togtadarlar, sebäbi olaryň sany azdyr, penjireden seredýänleriň gözleri garaňkyraýar. 4Köçä açylan gapylar ýapylar, degirmeniň sesi kesiler; adamlar guş sesine oýanarlar, gyzlaryň nagmasy kesiler. 5Beýiklikden gorkarlar, ýollar gorkuly bolar; badam agajy güllär, çekirtge özüni zor bilen çeker, höwes ýiter, çünki ynsan öz ebedi öýüne gider, ýas tutýanlar köçelerde aýlanyşarlar. 6Kümüş zynjyr gyrylmanka, altyn käse döwülmänkä, bulak başyndaky küýze owranmanka, guýynyň başyndaky çarh döwülmänkä, 7ýerdäki toprak owalky ýagdaýyna öwrülmänkä, ruh ony beren Hudaýyň ýanyna dolanyp barmanka, özüňi Ýaradany ýatla. 8Wagyzçy: «Biderek! Biderek! Bary biderek!» diýýär.Soňky söz
9Wagyzçy dana bolmakdan başga-da halka bilim hem öwretdi. Ol gözleg geçirip, öwrenip, köp pähimleri ýerli-ýerinde goýdy. 10Wagyzçy ýakymly sözleri tapmaga çalyşdy. Onuň ýazanlary dogry we hak sözlerdi. 11Dananyň sözleri çişler kimindir; toplanan pähimli sözler berk kakylan çüýler ýalydyr. Pähimli sözler bir çopan tarapyndan berlendir. 12Bulardan başga-da, eý, oglum, sak bol. Köp kitap ýazmagyň soňy ýokdur, köp okamak beden üçin argynlykdyr. 13Hemme zat aýdyldy. Netije şudur: Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki bu ynsanyň esasy borjudyr; 14her bir işe, gizlin bolan her işe – isle ýagşy bolsun, isle ýaman – Hudaý kazylyk eder.
Copyright information for
TukLat16