Ecclesiastes 4
Dünýäniň ezýetleri
1Men ýene Günüň astynda edilýän bar zulumlary gördüm. Ezilýänleriň gözýaşlaryny gördüm, olara teselli berýän ýokdy. Güýç olary ezýänleriň elindedi, ezilýänlere teselli berýän ýokdy. 2– 3Bireýýäm ölüp gidenleri dirilerden bagtly saýdym. Emma entek dogulmadyk, Günüň astynda edilýän pis işleri görmedik, bularyň ikisinden-de bagtlydyr. 4Men ýene-de bir adamyň bar çeken zähmetiniň, ussatlyk bilen eden ähli işleriniň goňşusyna bolan göriplik zerarly edilendigini gördüm. Bu-da biderek, salgyma çapmak. 5«Akylsyz goluny gowşuryp oturyp, özüni heläk edýär».6Emma bir owuç asudalyk iki owuç zähmetden we salgyma çapmakdan gowudyr. 7Men Günüň astynda ýene-de bir bidereklik gördüm: 8Ine, bir ýalňyz adam bardy; onuň ne ogly bardy, ne-de dogany. Çekýän zähmetiniň soňy ýokdy, ýöne şonda-da gözi baýlykdan doýmaýardy. Ol: «Men kim üçin zähmet çekýärin? Kim üçin özümi lezzet almakdan mahrum edýärin?» diýip sorady. Bu-da biderek, ýowuz ýumuş. 9Iki adam bir adamdan ýagşydyr, çünki zähmetleri üçin ýagşy muzd alýarlar. 10Eger biri ýykylsa, beýlekisi ýoldaşyny galdyrar. Emma ýykylanda ýeke bolanyň halyna waý! Ýykylsa ony galdyrjak ýokdur. 11Iki kişi bile ýatsa, ýylnarlar; emma ýeke kişi nähili ýylnyp biler? 12Biriniň ýeke kişiden üstün çykmagy ähtimal, ýöne iki kişi oňa garşylyk görkezer. Üç tar ýüp aňsatlyk bilen üzülmez. 13Maslahata gulak goýmaýan garry, akylsyz patyşadan garyp, akylly ýigit ýagşydyr. 14Hakykatdan-da, öz ýurdunda garyp doglan hem bolsa, bendilikden boşan patyşa bolup biler. 15Men Günüň astynda gezip ýören ähli ynsanlaryň, patyşanyň ornuny eýelän bu ýigidiň yzyna eýerýändigini gördüm. 16Onuň baştutanlyk edýän ähli halky san-sajaksyzdy. Emma soň gelenler ondan razy bolmazlar. Elbetde, bu-da biderek, salgyma çapmak. 17Hudaýyň öýüne giden mahalyň hereketleriňe esewan et; Hudaýy diňlemek üçin huzuryna gelmek, akylsyzlar tarapyndan hödürlenen gurbanlykdan oňatdyr; çünki olar ýamanlyk edýänlerini bilýän däldirler.
Copyright information for
TukLat16