Ecclesiastes 6
Ynsan üçin nämäniň gowudygyny kim bilýär?
1Günüň astynda gören bir erbet zadym bar, bu ynsana agram salýar. 2Hudaý adama baýlyk, mal-mülk we abraý berýär, ähli islän zadyndan kemlik edýäni ýok, ýöne oňa bulardan lezzet almaga mümkinçilik bermeýär, ony bir keseki iýýär. Bu biderek, erbet dertdir. 3Eger bir adam ýüz çaganyň atasy bolup, köp ýyl ýaşasa, ömri uzak bolup, ýöne durmuşyň näz-nygmatlaryndan lezzet almasa, hormat bilen jaýlanylmasa, meniň üçin öli doglan çaga ondan gowudyr. 4Çünki öli çaga biderek dogulýar, garaňkylyk içinde ýitip gidýär, ady garaňkylyga örtülýär. 5Şeýle hem ol ne Güni gördi, ne-de bir zat bildi. Emma bu çaganyň rahatlygy ol adamyňkydan artykdyr. 6Ol adam iki müň ýyl ýaşasa-da, abadanlykdan lezzet alsa-da, ahyrynda beýlekiler ýaly ol hem ötüp gitmeýärmi? 7Ynsanyň bar zähmeti agzy üçindir, ýöne şonda-da ol hiç kanagatlanmaz. 8Akyllynyň akylsyzdan näme artygy bar? Garyp ynsanlaryň öňünde nähili gezmelidigini bilse-de, munuň oňa näme haýry bar? 9Baryňa kanagat etmek kalbyň arzuw etmesinden ýagşydyr. Bu-da biderek, salgyma çapmak. 10Näme bar bolsa, oňa eýýäm at goýlandyr; ynsanyň nämedigi bellidir. Ol özünden güýçli bilen dawalaşyp bilmez. 11Köp söz biderekligi artdyrýar; munuň ynsana näme peýdasy bar? 12Biderek durmuşynda, kölege kimin geçip gidýän gysga ömrüniň günlerinde ynsan üçin nämäniň gowudygyny kim bilýär? Bu dünýäden gidenden soň, Günüň astynda näme boljakdygyny ynsana kim aýdyp biler?
Copyright information for
TukLat16