‏ Esther 1

Kserks patyşa meýlis guraýar

1Bu waka Kserks patyşanyň döwründe bolup geçipdi. Kserks Hindistan bilen Efiopiýanyň aralygyndaky bir ýüz ýigrimi ýedi welaýatyň üstünden şalyk sürýärdi. 2Şol döwürde Kserks patyşa Suza galasyndaky tagtynda oturyp, ýurtda şalyk sürýärdi. 3Patyşalygynyň üçünji ýylynda ol özüniň ähli begleri hem köşk emeldarlary üçin meýlis gurady. Meýlise Parsyň we Madaýyň harby ýolbaşçylary, han-begleri we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. 4Ol ýüz segsen günläp patyşalygynyň egsilmez baýlyklaryny, öz belent mertebesini we şöhratyny görkezdi.

5Şol günler geçenden soň, Suza galasynda baý-garyp diýmän bütin halk üçin köşgüň howlusyndaky bagda patyşa ýedi günläp meýlis gurady. 6Howly ak we mawy reňkli perdeler bilen bezelendi, olar al gyrmyzy we nepis zygyr ýüplük bilen mermer sütünlerdäki kümüş halkajyklara berkidilendi. Altyn-kümüşden ýasalan kürsüler sadap, mermer we beýleki gymmatbaha daşlar bilen nagyşlanan ýanýodada goýlandy. 7Şol ýere gelen adamlara biri-birinden üýtgeşik bolan altyn pyýalalarda patyşanyň baýlygyna laýyk şa şerabyndan bolelinlikde berildi. 8Şerap diýseň boldy. Patyşa myhmanlara isledikleriçe şeraby sahylyk bilen bermekligi öz hyzmatkärlerine buýurdy. 9Şa aýaly Waşty hem Kserks patyşanyň köşgünde aýallar üçin meýlis gurady.

Şa aýaly Waşty Kserks patyşanyň buýrugyna boýun egmeýär

10 11Meýlisiň ýedinji güni şerapdan serhoş bolan Kserks patyşa şa aýaly Waştynyň başyna şalyk täjini geýdirip, ony öz huzuryna getirmeklerini köşkde hyzmat edýän ýedi agtasyna: Mehumana, Bizta, Harbona, Bigta, Abagta, Zetara we Karkasa buýurdy. Ol bütin halka we beglere onuň gözelligini görkezmek isledi, çünki ol görmegeý aýaldy. 12Patyşanyň agtalary onuň buýrugyny şa aýaly Waşta ýetirenlerinde, ol patyşanyň huzuryna barmakdan boýun gaçyrdy. Muňa patyşanyň gaty gahary gelip, onuň kalbynda gazap ody lowlady.

13 Kanuny we höküm çykarylyşy oňat bilýän adamlardan maslahat soramak adat bolansoň, patyşa şol döwri oňat bilýän akyldarlardan maslahat sorady. 14Olar patyşanyň iň ýakyn adamlary, onuň ýörite maslahatçylary, Parsyň we Madaýyň ýedi begi: Karşena, Şetar, Admata, Tarşyş, Meres, Marsena hem-de Memukan dagylardy. Olar patyşanyň huzurynda iň beýik wezipeleri eýelediler. 15Patyşa olardan: «Kserks patyşanyň agtalary arkaly beren tabşyrygyny ýerine ýetirmändigi üçin, şa aýaly Waşta kanuna görä nähili çäre görmeli?» diýip sorady. 16Soňra Memukan patyşanyň we begleriň öňünde şeýle diýdi: «Şa aýaly Waşty diňe patyşa garşy däl-de, eýsem patyşa Kserksiň ähli welaýatlaryndaky hemme han-beglere we halka garşy gabahat iş etdi. 17Çünki şa aýalyň bu hereketini ähli aýallar eşiderler, şunlukda, olar hem öz ärlerini kemsidip, olara ýigrenç bilen seredip başlarlar. Olar: „Kserks patyşa şa aýaly Waştynyň öz huzuryna getirilmegini buýurdy, emma ol patyşanyň huzuryna barmakdan boýun gaçyrdy“diýerler. 18Hut şol günüň özünde şa aýalyň bu hereketini eşiden Pars we Madaý begleriniň aýallary patyşanyň beglerine gulak asmazlar. Bu olarda ýigrenç, gahar-gazap döreder. 19Eger patyşa oňlasa, goý, ol bir perman çykarsyn. Şa aýaly Waşty mundan beýläk Kserks patyşanyň huzuryna barmaly däldir diýlip, parslaryň we madaýlaryň kanunlaryna girizilsin we üýtgedilmesin. Şeýle hem, goý, patyşa Waştynyň şa aýallyk derejesini ondan gowurak başga birine bersin. 20Şeýdip, patyşanyň çykaran permany onuň bütin patyşalygynda yglan edilse, baýu-garyp ähli aýallar öz ärlerine hormat goýarlar». 21Bu maslahat patyşanyň hem-de onuň begleriniň göwnünden turdy we patyşa edil Memukanyň aýdyşy ýaly hem etdi. 22Ol her bir erkek öz öýüne hojaýyn bolsun diýip, her halka öz dilinde yglan edip, özüniň bütin patyşalygyndaky welaýatlara hersiniň öz ýazuwynda, öz dilinde hatlar ýollady.
Copyright information for TukLat16