Esther 2
Ester şa aýaly bolýar
1Şu wakalardan soň Kserks patyşanyň gahary ýatyşyp, ol şa aýaly Waşty, onuň eden işi hem-de oňa garşy çykarylan perman barada pikirlendi. 2Onsoň patyşanyň emeldarlary oňa şeýle teklip etdiler: «Goý, patyşa üçin görmegeý, ýaş, boý gyzlary tapsynlar. 3Olary Suza galasynda ýerleşen haremhana getirtmek üçin, patyşa öz patyşalygyndaky bütin welaýatlarda synçylary bellesin. Olar patyşanyň aýallara sakçylyk edýän agtasy Hegaýyň gözegçiligi astynda goýulsynlar; olara owadanlyk serenjamlary berilsin. 4Patyşanyň göwnüne ýaran gyzlaryň biri şa aýaly Waştynyň deregine şa aýaly bolsun». Bu teklip patyşa ýarap, ol olaryň aýdyşy ýaly hem etdi. 5Suza galasynda Mordekaý atly bir ýahudy bardy. Ol benýamin tiresinden bolan Kişiň çowlugy, Şimginiň agtygy, Ýaýyryň ogludy. 6Ýahuda patyşasy Ýekonýa ▼▼Ýekonýa – bu at 2Pat 24 we 25-de Ýehoýakyn diýip duş gelýär.
bilen birlikde Kiş hem Iýerusalimden Babyla ýesir edilipdi. Olary Babyl patysasy Nebukadnesar ýesir edip äkidipdi. 7Mordekaý kakasynyň doganynyň gyzy Hadassany, ýagny Esteri özi terbiýeläp kemala getiripdi, çünki ol gyzyň ejesi-de, kakasy-da ýokdy. Ol syratly, görmegeý boý gyzdy. Onuň ejesi, kakasy ölenden soň, Mordekaý ony özüne gyzlyga alypdy. 8Şeýdip, patyşanyň tabşyrygy we permany yglan edilip, birtopar boý gyzlar Suza galasyna getirilip, Hegaýyň gözegçiligi astynda goýuldy. Ester hem patyşanyň köşgüne getirilip, aýallara sakçylyk edýän Hegaýyň gözegçiligine berildi. 9Bu gyz Hegaýyň göwnünden turup, onuň merhemetini gazandy. Ol dessine Esteri owadanlyk serenjamlary hem-de iýmitden ýetdik paý bilen üpjün edip, patyşanyň köşgünden ýedi kenizi saýlap, ony kenizler bilen bile haremhananyň iň oňat ýerine geçirdi. 10Ester öz milleti we maşgalasy barada hiç zat aýtmady, çünki Mordekaý bu barada dil ýarmazlygy oňa tabşyrypdy. 11Esteriň hal-ýagdaýyny we oňa näme bolýanyny bilmek üçin, Mordekaý her gün haremhananyň howlusynyň öňünde gezmelärdi. 12Patyşanyň huzuryna barmazdan öň, aýallar düzgüni boýunça gyz on iki aýlyk timar beriş döwrüni geçmelidi. Bu döwürde gyzlara alty aý mür ýagy bilen, alty aý hem atyrlar hem-de owadanlyk serenjamlary bilen timar berilýärdi. 13Boý gyz patyşanyň huzuryna gidende, oňa haremhanadan özi bilen äkitmäge soran zadyny bererdiler. 14Ol gyz agşam patyşanyň ýanyna gidip, ertesi patyşanyň gyrnak aýallaryna seredýän agtasy Şagaşgazyň gözegçiligi astyndaky ikinji haremhana gaýdyp gelerdi. Patyşanyň göwnüne ýarap, patyşa adyny tutup çagyrýança, ol ikilenç patyşanyň huzuryna barmazdy. 15Ester Mordekaýyň gyzlygy, onuň kakasynyň dogany Abyhaýylyň gyzydy. Patyşanyň huzuryna barmak nobaty ýetende, ol patyşanyň aýallara gözegçilik edýän agtasy Hegaýyň aýdanlaryndan başga hiç zat soramady. Ester özüni görenleriň barynyň göwnünden turdy. 16Ester Kserksiň patyşalygynyň ýedinji ýylynyň onunjy aýy bolan Tebet aýynda patyşanyň huzuryna äkidildi. 17Ähli aýallaryň içinden patyşa Esteri saýlady. Ol patyşanyň nazarynda beýleki gyzlaryň ählisinden köp merhemet we mähir gazandy. Şeýdip, ol Esteriň başyna şalyk täjini geýdirip, ony şa aýaly Waştynyň ýerine öz şa aýaly etdi. 18Soňra patyşa Esteriň hatyrasyna özüniň ähli begleri hem-de köşk emeldarlary üçin meýlis gurady. Ol ähli welaýatlara dynçlyk berdi, hemmelere sahylyk bilen sowgat-serpaýlar etdi. Mordekaý patyşanyň janyny halas edýär
19Boý gyzlar ikinji gezek bir ýere toplanylanda, Mordekaý köşk emeldarydy. 20Ester Mordekaýyň tabşyryşy ýaly özüniň maşgalasy we milleti hakynda olara hiç zat aýtmandy, çünki ol Mordekaýyň tabşyryklaryny özüniň terbiýelenen wagtyndakysy ýaly ýerine ýetirýärdi. 21Mordekaýyň köşk emeldary bolup işleýän döwründe patyşanyň gapy saklaýan agtalary Bigtan we Tereş gaharlanyp, Kserks patyşany öldürmegi ýüreklerine düwdüler. 22Mordekaý muny bilip, şa aýaly Estere habar berdi. Ester hem muny Mordekaýyň adyndan patyşa habar berdi. 23Bu iş barlanylyp, munuň, hakykatdan-da, şeýledigine göz ýetirilenden soň, olaryň ikisi-de dardan asyldy. Bu waka patyşanyň huzuryndaky ýyl ýazgylaryna ýazyldy.
Copyright information for
TukLat16