‏ Esther 4

Mordekaý Esterden kömek soraýar

1Mordekaý bolup geçen ähli zatlar hakynda eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, başyndan kül sowurdy we şäheriň ortasyna çykyp, dady-perýat etdi. 2Ol patyşa köşgüniň derwezesine çenli geldi, çünki jul geýnen adam derwezeden içeri girmeli däldi. 3Patyşanyň tabşyrygyny we permanyny eşiden ähli welaýatlardaky ýahudylar agyz bekläp, aglaşyp, dady-perýat bilen uly ýas tutdular. Olaryň köpüsi jul geýnip, kül üstünde oturdylar.

4Esteriň kenizleri we agtalary gelip, muny oňa habar berenlerinde, şa aýaly uly gaýga batdy. Ol Mordekaýa juluň deregine geýer ýaly eginbaş iberdi, emma ol olary kabul etmedi. 5Soňra Ester öz hyzmatynda durýan patyşanyň agtalaryndan biri bolan Hatagy çagyryp, oňa Mordekaýyň ýanyna baryp, nämeleriň bolýandygyny we sebäbiniň nämedigini bilmekligi tabşyrdy. 6Hatak patyşanyň derwezesiniň öňündäki şäher meýdançasyna, Mordekaýyň ýanyna gitdi. 7Mordekaý oňa özi bilen bolup geçen zatlaryň barysy barada hem-de ýahudylary ýok etmek üçin Hamanyň patyşanyň hazynasyna goýmagy wada beren kümşüniň mukdaryna çenli aýdyp berdi. 8Şeýle hem, Mordekaý özlerini derbi-dagyn etmek baradaky Suzada çykarylan permanyň ýazuw nusgasyny Estere görkezip, düşündirmegi üçin Hataga berdi. Ol Estere patyşanyň huzuryna baryp, ondan öz halkyna rehim etmegini sorap, öz adamlary üçin oňa ýalbarmagyny tabşyrmaklygy Hatakdan haýyş etdi. 9Hatak Esteriň ýanyna gidip, Mordekaýyň ähli tabşyryklaryny oňa aýtdy. 10Soňra Ester Hatak bilen gepleşip, ondan Mordekaýa şeýle habar iberdi: 11«Erkekdigine ýa-da aýaldygyna garamazdan, patyşanyň ýanyna çakylyksyz gelen adam babatda bir kanun bar – ölüm, diňe patyşanyň altyn hasasyny uzadan adamy diri galýar. Patyşanyň ähli köşk emeldarlary we onuň ähli welaýatlaryndaky adamlary muny bilýärler. Men otuz gün bäri patyşanyň ýanyna çagyrylamok». 12Olar Esteriň sözlerini Mordekaýa aýtdylar. 13Mordekaý hem Estere olardan şeýle jogap iberdi: «Patyşanyň köşgünde bolanyň üçin bar ýahudylaryň içinden ýeke özüň aman galaryn öýtme. 14Çünki sen şunuň ýaly pursatda ümsüm otursaň, onda ýahudylar başga ýerden ýardam tapyp, halas bolarlar, ýöne sen we seniň kakaň maşgalasy heläk bolar. Belki, sen şunuň ýaly pursatlar üçin şa aýaly bolansyň!» 15Soňra Ester Mordekaýa şeýle jogap beriň diýdi: 16«Bar, Suzadaky ähli ýahudylary ýygna, meniň üçin agyz bekläň, üç gije-gündizläp iýmäň, içmäň. Men we meniň kenizlerim-de siz ýaly agyz bekläris. Şondan soň kanundan çykýan hem bolsam, patyşanyň ýanyna giderin. Goý, ölsem öleýin». 17Soňra Mordekaý gidip, hemme zady Esteriň tabşyryşy ýaly etdi.
Copyright information for TukLat16