Exodus 36
1Mukaddes öýüň gurluşynyň her bir işini nähili ýerine ýetirmelisini biler ýaly, Reb Besalele, Oholyýaba we başga-da her bir ökde ussalara ukyp hem akyl-paýhas berdi. Olar ähli işi Rebbiň buýrugy boýunça ýerine ýetirmelidiler 2Soňra Musa Besaleli, Oholyýaby we başga-da Rebbiň ukyp beren ähli ökde ussalaryny ýygnady. Reb bu işi ýerine ýetirmegi olaryň ýüreklerine saldy. 3Olar mukaddes öýi gurmak üçin, ysraýyllaryň getiren ähli meýletin sadakalaryny Musadan aldylar. Ysraýyllar entek hem her gün irden Musa meýletin sadakalaryny getirýärdiler. 4Şeýlelikde, mukaddes öýüň her dürli işini ýerine ýetirýän hemme ökde senetçiler geldiler. Her kimiň etmeli işi bellenildi. 5Olar Musa: «Rebbiň bize buýran işini etmekde, halk zatlary gereginden artyk getirýär» diýdiler. 6Şonuň üçin hem Musa düşelgäniň içine şeýle buýruk bilen: «Mundan beýläk bir erkek ýa-da aýal mukaddes öý üçin sadaka edip, hiç hili zat getirmesin» diýip jar çekdirdi. Şeýdip, halk sadaka getirmesini kesdi. 7Çünki olaryň getiren zatlary eýýäm ähli işi ýerine ýetirmek üçin gereginden hem artykdy.Ysraýyllar mukaddes çadyry ýasaýarlar
8Ökde ussalar on perdeden ybarat mukaddes çadyr ýasadylar. Olar perdeleri nepis zygyr matadan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edip, olaryň ýüzüne kerubyň şekilini owadanlap çekdiler. 9Her perdäniň uzynlygy ýigrimi sekiz tirsek, ini dört tirsek bolup, ähli perdeleriň ölçegi bir meňzeşdi. 10Olar bäş perdäni bir aýry, beýleki bäş perdäni hem bir aýry edip çatdylar. 11Birinji bäş perdäniň iň soňkusynyň ujuna gök halka ýasadylar, ikinji bäş perdäniň iň soňkusyna-da şeýle etdiler. 12Birinji toplumyň perdeleriniň iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasadylar. Ikinji toplumyň soňkusyna-da elli halka ýasadylar. Halkalar biri-biriniň garşysynda ýerleşendi. 13Altyndan elli sany ildirgiç ýasap, perdeleri ildirgiç bilen biri-birine berkitdiler. Şeýdip, çadyr tutuş bir bitewi boldy. 14Şeýle hem, geçiniň ýüňünden edilen on bir perdeden ybarat mukaddes çadyryň daşky örtügini ýasadylar. 15Her perdäniň uzynlygy otuz tirsek, ini dört tirsek bolup, on bir perdäniň-de ölçegini bir meňzeş etdiler. 16Perdeleriň bäşisini bir aýry çatyp, galan altysyny hem bir aýry çatdylar. 17Birinji toplumyň ortasyndan iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasadylar, ikinji toplumyňka hem şeýle etdiler. 18Soňra bürünçden elli sany ildirgiç ýasap, olary halkadan geçirip, çadyry birleşdirdiler. Şonda çadyr tutuş bir bitewi boldy. 19Çadyr üçin goçuň eýlenen derisinden ýapynja ýasaldy we onuň üstüni örtmäge saýlama deriden ýene bir ýapynja ýasadylar. 20 Mukaddes çadyr üçin akasiýa agajyndan dikligine çarçuwalar ýasadylar. 21Her çarçuwanyň uzynlygy on tirsek, ini bir ýarym tirsek boldy. 22Çarçuwalary biri-biri bilen sepleşdirip durar ýaly, her çarçuwada iki sany gazyk dikdiler. Çadyryň ähli çarçuwalary üçin şeýle edildi. 23Mukaddes çadyryň çarçuwalaryny şeýle ýasadylar: onuň günorta tarapy üçin ýigrimi sany çarçuwa ýasaldy. 24Ýigrimi çarçuwanyň aşagyndan kyrk sany kümüşden daban ýasadylar. Her çarçuwanyň aşagyndan onuň gazygy üçin iki sany daban ýasaldy. 25Çadyryň ikinji tarapy bolan demirgazyk tarapy üçin hem ýigrimi çarçuwa ýasaldy. 26Olara hem her çarçuwa ikiden, jemi kyrk sany kümüşden daban ýasadylar. Her çarçuwanyň aşagyndan iki daban ýasadylar. 27Çadyryň arka tarapy bolan günbatar tarapy üçin, alty çarçuwa ýasaldy. 28Çadyryň arka tarapyndaky burçlar üçin iki çarçuwa ýasaldy. 29Olar aşakdan we ýokardan şol bir halka birleşdirlendi. Olaryň ikisi-de şeýle edilip, olar iki burçy emele getirdiler. 30Şeýdip, sekiz sany çarçuwa bolup, her çarçuwanyň aşagyndan iki daban ýasalyp, jemi on alty sany kümüşden daban ýasadylar. 31 Mukaddes çadyryň bir tarapyndaky çarçuwalar üçin akasiýa agajyndan bäş sany syryk ýasadylar. 32Çadyryň beýleki tarapyndaky çarçuwalar üçin bäşisini we arka tarapy bolan günbataryndaky çarçuwalar üçin bäşisini ýasadylar. 33Çarçuwalaryň ortasyndan geçýän taýagyny çadyryň bir ujundan beýleki ujuna çenli geçirdiler. 34Çarçuwalary altyna gaplap, syryklary saklar ýaly, altyndan halkalar ýasadylar. Syryklar hem altyna gaplandy. 35Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tuty ýasadylar. Onuň ýüzüne owadan edip, kerubyň şekilini nagyşlap çekdiler. 36Perdäni asmak üçin, akasiýa agajyndan dört sany sütün ýasaldy. Olary altyn bilen gaplap, olara altyndan ildirgiçler we kümüşden dört sany daban ýasadylar. 37Şeýle hem, olar çadyryň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan perde ýasadylar. Ony keşde bilen nagyşladylar. 38Bu perde üçin akasiýa agajyndan bäş sany sütün dikip, onuň ýokarky örtüklerini we sütünlerini altyna gapladylar. Olaryň ildirgiçlerini hem altyndan edip, olara bürünçden bäş sany daban ýasadylar.
Copyright information for
TukLat16