‏ Exodus 37

Äht sandygy

1Besalel akasiýa agajyndan sandyk ýasady. Onuň uzynlygy iki ýarym tirsek, ini we beýikligi bir ýarym tirsek boldy. 2Onuň içini-de, daşyny-da sap altyna gaplady we onuň daş-töweregine altyndan jähek saldy. 3Sandyk üçin dört sany altyn halka ýasady we olary dört aýagyna: ikisini bir tarapyndaky aýaklaryna, beýleki ikisini beýleki tarapyndaky aýaklaryna dakdy.

4Ol akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplady. 5Sandygy göterip äkider ýaly, syryklary onuň gapdallaryndaky halkalardan geçirdi. 6Soňra ol sap altyndan gapak ýasady. Onuň uzynlygyny iki ýarym tirsek, inini bolsa bir ýarym tirsek etdi. 7Gapagyň her iki ýan çetinde döwme altyndan iki sany kerup ýasady. 8Keruplaryň birini gapagyň bir çetinde, beýlekisini beýleki çetinde ýerleşdirdi. Olary gapagyň her ýan çetinde goýup, olary gapak bilen bir bitewi edip berkitdi. 9Keruplar ganatlaryny gapagyň depesinde ýaýyp, onuň üstüne saýa salyp durdular. Olaryň ýüzleri biri-biriniň garşysynda bolup, göni gapaga tarap seredýärdiler.

Hantagta

10Şeýle hem ol akasiýa agajyndan hantagta ýasady. Onuň uzynlygy iki tirsek, ini bir tirsek we beýikligi bir ýarym tirsek boldy. 11Ony sap altyna gaplap, daş-töweregine altyndan jähek saldy. 12Hantagtanyň gyralaryna dört barmak giňlikde gurşaw etdi we gurşawyň daş-töweregine altyndan jähek saldy. 13Hantagta üçin altyndan dört sany halka ýasady. Halkalary onuň dört künjündäki dört aýagyna berkitdi. 14Hantagtany göterip äkider ýaly, halkalardan geçen syryklary gurşawa ýakyn ýerleşdirdi. 15Besalel akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplady. 16Hantagtada goýar ýaly sap altyndan gap-gaçlary: ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, içgi sadakasy üçin şakäseler we küýzeler ýasady.

Çyradan

17Besalel sap altyndan çyradan ýasady. Çyradanyň esasyny we şahasyny hünärmentçilik usulynda döwme sap altyndan ýasap, onuň gülkäsesini, gül-gunçasyny we gülýapragyny özi bilen bir bitewi etdi. 18Çyradanyň her gapdalyndan üç şaha çykyp, jemi onuň alty şahasy boldy. 19Her şahanyň ujunda badamyň güli şekilinde gülkäse ýasap, onuň gül-gunçasy bilen gülýapragyny hem ýasady. Beýleki şahalarda hem hut şeýdip, alty şahanyň altysyny-da birmeňzeş edip ýasady. 20Çyradanyň ortasyndaky şahada badam gülüne meňzeş dört sany gülkäse bolup, olar hem gül-gunçasy bilen we gülýapragy bilen ýasaldy. 21Her jübütiň astynda bir gunça çykyp, hemmesi bilelikde jemi alty şahany emele getirýärdi. 22Çyradanyň gunçalaryny we şahalaryny bir bitewi edip ýasap, onuň tutuş özüni döwme sap altyndan ýasady. 23Çyradana ýedi çyra dakdy. Onuň müçenegini we nowasyny sap altyndan ýasady. 24Çyradany we oňa degişli ähli enjamlary bir ýarym batman
Bir ýarym batman – ýewreýçe bir kikkar. Bu takm. 34 kg deňdir.
bolan sap altyndan ýasady.

Ýakymly ysly tütetgi üçin sypa

25Ýakymly ysly tütetgi üçin akasiýa agajyndan sypa ýasady. Onuň uzynlygy bir tirsek, ini hem bir tirsek bolup, ol dörtburç boldy. Onuň beýikligi iki tirsek bolup, çykyp duran burçlaryny özi bilen bile bitewi edip ýasady. 26Onuň depesini, ähli taraplaryny we burçlaryny sap altyna gaplady. Onuň daş-töweregine altyndan jähek çekdi. 27Onuň üçin altyndan iki sany halka ýasady we olary jähegiň aşagyndan biri-birine garşy edip, iki tarapyna dakdy. Sypany göterip gider ýaly, ol halkalardan syryklar geçirdi. 28Syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary altyna gaplady.

29Ol atyr ýasaýjynyň garylmagy bilen mukaddes mesh ýagyny we ýakymly ysly tütetgi hem taýýarlady.
Copyright information for TukLat16