Exodus 35
Sabat güni hakda kanunlar
1 Musa ähli ysraýyl halkyny ýygnap, olara Rebbiň ýerine ýetirmegi buýran zatlaryny aýtdy: 2«Alty günüň dowamynda ähli işiňizi ediň, emma Sabat gününi Rebbe bagyş edip, dynç alyň. Şol gün iş eden adam ölüme höküm ediler. 3Sabat güni ýaşaýan ýeriňiziň hiç bir ýerinde ot ýakmaň».Mukaddes çadyr üçin sadaka
4 Musa tutuş ysraýyl halkyna şeýle diýdi: «Ine, size Rebbiň buýrugy: 5Öz araňyzdan Rebbe sadaka ýygnaň. Her kim göwnünden çykaran şu zatlary Rebbe sadaka bersin: altyn, kümüş we bürünç; 6gök, badam, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr mata, geçi ýüňi; 7goçuň eýlenen derisi, saýlama deri, akasiýa agajy; 8çyra üçin zeýtun ýagy, mesh ýagy üçin we ýakymly ysly tütetgi üçin hoşboý ysly zatlar; 9efoda we gursakça dakmak üçin hakyk we başga gymmatbaha gaşlar. 10Araňyzdaky hemme ukyply senetçiler gelip, Rebbiň buýran ähli şu zatlaryny ýasasynlar: mukaddes çadyr, 11onuň daşky örtügi we ýapynjasy, ildirgiçleri, çarçuwalary, syryklary, sütünleri we olary saklaýan dabanlary; 12sandyk we onuň syryklary, gapagy, tutusy; 13hantagta we onuň syryklary, ähli enjamlary we Rebbe hödür çöregi; 14yşyk üçin çyradan, onuň enjamlary we çyralary, çyra üçin ýag; 15tütetgi sypasy, onuň syryklary, mesh ýagy we hoşboý ysly zatlar, mukaddes çadyryň girelgesi üçin ýapynja; 16ýakma gurbanlyk sypasy we onuň bürünçden gözenegi, syryklary, ähli enjamlary, legeni we onuň sütüni; 17haýadyň perdeleri, onuň sütünleri, dabanlary, haýadyň derwezesi üçin ýapynja; 18Mukaddes çadyryň we haýadyň gazyklary, olaryň zynjyrlary; 19Mukaddes otagda hyzmat etmek üçin, owadan tikilen mukaddes lybaslary; ruhany Harunyň we onuň ogullarynyň ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin olaryň ýörite geýimleri». 20Soňra ähli ysraýyl halky Musanyň huzuryndan dagaşdylar. 21Her kim ýüreginden besläp, göwnünden çykaranyny Rebbe ýüz tutulýan çadyr üçin, onuň hyzmaty üçin we mukaddes lybaslar üçin Rebbe sadaka getirdiler. 22Şeýlelikde, erkekler hem, aýallar hem birlikde geldiler. Olaryň hemmesi öz göwnünden çykaran bileziklerini, gulakhalkalaryny we möhür basylan ýüzükler, gülýakalar getirdiler. Olaryň hemmesi altyndan ýasalandy. Hemmeler altyndan ýasalan zatlaryny Rebbe sadaka bermek üçin getirdiler. 23Her kim özünde bar bolan gök, badam, gyrmyzy ýüplügini, nepis zygyr matasyny, geçi ýüňüni, goçuň eýlenen derisini we saýlama deri getirdi. 24Her kim kümüşden ýa-da bürünçden edilen zadyny Rebbe sadaka getirdi. Şeýle hem, her kim her bir işde ulanyp boljak akasiýa agajyny getirdi. 25Ähli ukyply çeper elli aýallar gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan öz elleri bilen ören zatlaryny getirdiler. 26Ýüreklerine salnan ähli başarjaň aýallar geçiniň ýüňünden hem ýüplük ördüler. 27Ýolbaşçylar efodyň we gursakçanyň gaşlaryny öýjüklerine oturtmak üçin hakyk we başga-da gymmatbaha gaşlar getirdiler. 28Olar ýakymly ysly tütetgi üçin, çyra we mesh ýagy üçin hoşboý ysly ösümlikleri we zeýtun ýagyny getirdiler. 29Ähli ysraýyl erkekleri we aýallary Rebbiň Musa buýran işi üçin göwnünden çykaran zatlaryny getirdiler. Olar muny Rebbe meýletin sadaka hökmünde getirdiler. 30Soňra Musa ysraýyllara şeýle diýdi: «Ine, Reb ýahuda tiresinden Huruň agtygy, Urynyň ogly Besaleli saýlady. 31Ol ony Öz Ruhy bilen dolduryp, oňa dürli senetçilik işlerinde ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdi. 32Ol ökde nakgaş bolup, altyna, kümşe we bürünje dürli nagyşlar saldy. 33Daşlary oýmakda, agaç ýonmakda, her hili ussaçylyk işinde oňa ukyp berdi. 34Şeýle hem Reb Besalele we dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýaba başga adamlara öwretmek ylhamyny hem berdi. 35Reb olara dürli senetçilik işlerinde ukyp berdi: ussaçylyk ýa-da nakgaşçylyk, ýa-da gök, badam, gyrmyzy ýüplük bilen we nepis zygyr sapak bilen keşde çekmeklik, ýa-da dokmaçylyk berildi. Olaryň hemmesi ökde ussalar we nakgaşlardyr».
Copyright information for
TukLat16