Exodus 38
Ýakma gurbanlyk sypasy
1Besalel akasiýa agajyndan ýakma gurbanlyk sypasyny ýasady. Onuň uzynlygy-da, ini-de bäş tirsek bolup, ol dörtburçdy we onuň beýikligi hem üç tirsek boldy. 2Gurbanlyk sypasynyň dört burçy-da ýokary çykyp durandy. Besalel olary gurbanlyk sypasy bilen bir bitewi edip, ony tutuşlygyna bürünje gaplady. 3Ol gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny: kül gaplary, kül atarlary, legenleri, çarşaklary we maňňallary ýasady. Olaryň hemmesini bürünçden ýasady. 4Gurbanlyk sypasy üçin bürünçden torly gözenek ýasady. Ony gurbanlyk sypasynyň aşaky gurşawynda ýerleşdirdi. 5Torly gözenegiň dört burçunyň hersine syryklary saklar ýaly halka ýasady. 6Ol syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary bürünje gaplady. 7Gurbanlyk sypasyny iki tarapyndan göterip äkider ýaly, syryklary halkalardan geçirdi. Onuň daşyny tagtalardan ýasap, gutusynyň içini boş goýdy. 8 Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde hyzmat edýän aýallaryň ýüz görülýän aýnasyndan Besalel bürünçden legen ýasady we onuň durýan aýagyny hem bürünçden etdi.Mukaddes çadyryň haýady
9Besalel mukaddes çadyryň haýadyny gurdy. Haýadyň günorta tarapynda ýüz tirsek uzynlykda nepis zygyr matadan perdeler asdy. 10Perdeler üçin ýigrimi sany sütün we olary saklaýan ýigrimi dabany bürünçden ýasady, sütünleriniň ildirgiçlerini we jäheklerini kümüşden etdi. 11Demirgazyk tarapy üçin hem şeýle etdi. Onuň boýuna ýüz tirsek uzynlykda perdeler tutdy. Perdeler üçin bürünçden ýigrimi sany sütün we ýigrimi sany daban ýasady, emma onuň ildirgiçlerini we jäheklerini kümüşden ýasady. 12Haýadyň günbatar tarapy üçin elli tirsek uzynlykda perdeler tutdy we perdeler üçin on sany sütün we on sany daban ýasady. Sütünleriň ildirgiçleri we jähekleri kümüşden edilendi. 13Haýadyň öň tarapy bolan gündogar tarapynyň giňligi elli tirsek boldy. 14Onuň bir tarapyna uzynlygy on bäş tirsek bolan perdeler tutdy. Olaryň hem üç sütüni we üç dabany bardy. 15Beýleki tarapyna hem on bäş tirsek uzynlykda perdeler tutdy, onuň-da üç sütüni we üç dabany bardy. 16Haýadyň daş-töweregindäki ähli perdeler nepis zygyr matadan edilendi. 17Sütünler üçin dabanlar bürünçden edilendi, emma onuň ildirgiçleri we jähekleri kümüşdendi, onuň ýokarsynyň örtükleri hem kümüşdendi. Haýadyň ähli sütünleri kümüş bilen jäheklenendi. 18Haýadyň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan keşde bilen nagyşlanan ýapynja tikdiler. Onuň uzynlygy ýigrimi tirsek, beýikligi bäş tirsek bolup, ini hem edil haýadyň tutulary ýalydy. 19Ýapynjanyň bürünçden dört sany sütüni bilen dört sany dabany bardy. Onuň ildirgiçleri, ýokarsynyň örtükleri we halkalary kümüşdendi. 20Mukaddes çadyryň we onuň haýadynyň ähli gazyklary bürünçdendi.Mukaddes çadyr
21Ine, mukaddes çadyryň, ýagny mukaddes äht çadyrynyň gurluşynyň beýany: Bu Musanyň buýrugy esasynda işlenip, ruhany Harunyň ogly Ytamaryň görkezmesi boýunça lewileriň ýerine ýetiren işidi. 22Rebbiň Musa buýran ähli zatlaryny ýahuda tiresinden Huruň ogly, Urynyň agtygy Besalel ýasady. 23Onuň ýanynda dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýap hem bardy. Ol zergär we ussady, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edilen mata we nepis zygyr mata keşde çekýänçidi. 24 Mukaddes öýüň ähli gurluşyk işine ulanmak üçin, sadaka edip getirilen altynyň jemi kyrk dokuz batman we ýarym put ▼▼Kyrk dokuz batman we ýarym put – ýewreýçe ýigrimi dokuz kikkar we ýedi ýüz otuz şekel. Bu takm. 1 tonna deňdir.
boldy. Ol mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçeldi. 25Ilat sanawynda hasaba alnan halkdan ýygnalan kümşüň möçberi ýüz ýetmiş batman we ýarym çuwal ▼▼Ýüz ýetmiş batman we ýarym çuwal – ýewreýçe ýüz kikkar we bir müň ýedi ýüz ýetmiş bäş şekel. Bu takm. 3420 kg deňdir.
boldy. Ol hem mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçeldi. 26Bu hasaba alnan, ýaşy ýigrimi we ondan ýokary bolan her adam başyna mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen bir mysgaldan ▼▼Bir mysgal – ýewreýçe bir beka, ýagny ýarym şekel. Bir beka takm. 6 gr deňdir.
düşýärdi. Ol ýerde jemi alty ýüz üç müň bäş ýüz elli erkek adam bardy. 27Mukaddes öýüň sütüni üçin we tutynyň sütüni üçin ýüz ýetmiş batman ▼▼Ýüz ýetmiş batman – ýewreýçe ýüz kikkar. Bu takm. 3400 kg deňdir.
kümüş ulanyldy. Ýüz sütün üçin ýüz ýetmiş batman kümüş, bir sütün üçin bir bitin ondan ýedi batman ▼▼Bir bitin ondan ýedi batman – ýewreýçe bir kikkar. Bu takm. 34 kg deňdir.
kümüş ulanyldy. 28Besalel sütünleriň ildirgiçleri üçin, onuň ýokarky örtükleri we jähekleri üçin ýarym çuwal ▼▼Ýarym çuwal – ýewreýçe bir müň ýedi ýüz ýetmiş bäş şekel. Bu takm. 20 kg deňdir.
kümüş ulandy. 29Sadaka üçin getirilen bürünjiň möçberi jemi ýüz ýigrimi batman ▼▼Ýüz ýigrimi batman – ýewreýçe ýetmiş kikkar bilen iki müň dört ýüz şekel. Bu takm. 2,4 tonna deňdir.
boldy. 30Mundan ol Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesi üçin dabanlar ýasady, bürünç gurbanlyk sypasyny we onuň üçin bürünçden gözenek, gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny, 31şeýle hem, haýadyň ähli sütünlerini, onuň derwezesiniň sütünlerini, mukaddes çadyryň we haýadyň ähli gazyklaryny ýasady.
Copyright information for
TukLat16