‏ Ezekiel 11

Ysraýyl ýolbaşçylary jezalandyrylýar

1 Ruh meni ýokary galdyryp, Rebbiň öýüniň gündogar tarapdaky derwezesine getirdi. Derwezäniň girelgesinde ýigrimi bäş adam bardy. Men olaryň arasynda halkyň ýolbaşçylaryndan Azuryň ogly Ýazanýa bilen Benaýanyň ogly Pelatýany gördüm. 2Reb maňa: «Eý, ynsan ogly! Päliýamanlar, şäherde erbet öwütler berýänler şu adamlardyr. 3Bular: „Öýleri gurmagyň wagty basym gelmezmi? Bu şäher bir gazandyr, biz bolsa onuň içinde abat saklanýan etdiris“diýýärler. 4Munuň üçin sen olaryň garşysyna pygamberlik et. Hawa, pygamberlik et, eý, ynsan ogly!» diýdi.

5Onsoň Rebbiň Ruhy üstüme inip, maňa şulary aýtmagymy buýurdy: «Reb şeýle diýýär: „Eý, ysraýyl halky, Men siziň agzyňyzdan çykýan her bir sözi, kelläňizdäki pikiri bilýärin. 6Bu şäherde siz köp adamy öldürdiňiz, onuň köçelerini gylyçdan geçirilenlerden doldurdyňyz“». 7Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siziň gylyçdan geçirip taşlanlaryňyz et, bu şäher bolsa gazandyr, emma siz onuň içinden çykarylarsyňyz. 8Siz gylyçdan gorkýarsyňyz, emma Men üstüňizden gylyjy salaryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär. 9Sizi onuň içinden çykaryp, gelmişekleriň eline bererin, garşyňyza hökümler çykararyn. 10Siz gylyçdan heläk bolarsyňyz, size Ysraýyl serhedinde höküm ederin, onsoň Meniň Rebdigimi bilersiňiz. 11Bu şäher siziň üçin gazan bolmaz, sizem onda et bolmarsyňyz. Men Ysraýyl serhedinde size höküm çykararyn. 12Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz. Siz Meniň parzlarymy berjaý etmediňiz, hökümlerimi ýerine ýetirmediňiz, gaýtam töweregiňizdäki milletleriň hökümlerine görä hereket etdiňiz». 13Onsoň şeýle boldy: men pygamberlik edip ýörkäm, Benaýanyň ogly Pelatýa öldi. Men ýüzin ýykyldym, gaty ses bilen: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Sen Ysraýylyň aman galan adamlarynyň hem soňuna çykaýjakmy?» diýip perýat etdim.

Reb Ysraýyly dikelder

14Onsoň maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 15«Eý, ynsan ogly! Iýerusalimiň ilaty seniň sürgündäki doganlaryň, hossarlaryň we bütin ysraýyl halky hakynda: „Olar Rebden daşlaşdylar, bu ýurt mülk hökmünde bize berildi“diýdiler. 16Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Olary uzakdaky milletleriň arasyna iberdim, ýurtlara dargatdym. Şonda-da giden ýurtlarynda gysga möhlet üçin olara mukaddes öý bolan Mendirin“». 17Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Men sizi halklaryň arasyndan ýygnaryn, dargadylan ýurtlaryňyzdan bir ýere jemlärin we Ysraýyl topragyny size bererin. 18Ýurda dolanyp, ähli ýigrenji we nejis zatlaryny ol ýerden aýryp zyňarlar. 19Olaryň ýüregini bir ederin, täze ruh bererin. Içlerindäki daş ýüregi aýryp, olara etden bolan ýürek bererin. 20Şonda olar parzlarymy berjaý edip, hökümlerimi saklap, olary doly berjaý ederler. Şeýle hem olar-a Meniň halkym, Menem olaryň Hudaýy bolaryn. 21Emma ýürekleri ýigrenji we nejis zatlaryň yzyna eýeren adamlary jezalandyraryn, olaryň eden işlerini öz başlaryndan indererin». Muny Hökmürowan Reb diýýär. 22Onsoň keruplar ganatlaryny galdyrdylar, tigirler-de olaryň gapdalyndady. Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty bolsa olaryň üstündedi. 23Rebbiň şöhraty şäherden çykyp, şäheriň gündogaryndaky dagyň üstünde durdy. 24Görnüşde Hudaýyň Ruhy meni ýokary galdyryp, babyllylaryň ýurdundaky sürgün edilenleriň ýanyna getirdi. Onsoň gören görnüşim gözümden gaýyp boldy. 25Men Rebbiň özüme görkezen ähli zatlaryny sürgün edilenlere gürrüň berdim.
Copyright information for TukLat16