‏ Ezekiel 12

Ýahuda sürgün edilýär

1Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Eý, ynsan ogly! Sen pitneçi halkyň arasynda ýaşaýarsyň, olaryň görmäge gözleri bar, ýöne görmeýärler, eşitmäge gulaklary bar, ýöne eşitmeýärler, çünki olar bir pitneçi halkdyr. 3Şonuň üçin, eý, ynsan ogly, sen ýesir edip äkidilýän adam ýaly, öz goşuňy taýýarla-da, gündiziň güni olaryň gözleriniň alnynda ýola düş. Sen ýesir edip äkidilen ýaly, olaryň gözleriniň alnynda öz ýeriňden başga bir ýere göç. Olar pitneçi halk bolsalar-da, belki, muňa düşünerler. 4Gündiz olaryň gözleriniň alnynda sürgün edilýäniň goşy kimin goşuňy çykar we sürgün edilýän kişi kimin olaryň gözleriniň alnynda agşam ýola düş. 5Olaryň gözleriniň alnynda diwary oý-da, goşuňy ondan çykar. 6Olaryň gözleriniň alnynda goşuňy gerşiňde göter-de, garaňkyda çyk, bu ýurdy görmez ýaly ýüzüňi büre, çünki Men seni ysraýyl halky üçin bir alamat etdim».

7Men hem özüme buýrulyşy ýaly etdim. Goşumy sürgüne gidýäniň goşy kimin ilki gündiz çykardym. Agşam diwary elim bilen oýup, goşumy garaňkyda çykardym, olaryň gözleriniň alnynda ony gerşimde göterdim.

8Säher bilen maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 9«Eý, ynsan ogly! Bu pitneçi ysraýyl halky senden: „Sen näme edýärsiň?“diýip sorady, şeýle dälmi?» 10Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Bu Iýerusalimdäki hökümdara we onuň içindäki ähli ysraýyl halkyna degişli pygamberlikdir. 11Olara: „Men size bir nyşandyryn, men näme eden bolsam, olar-da şeýle ederler, olar ýesir düşüp, sürgüne giderler“diý. 12Aralaryndaky hökümdar goşlaryny gerşinde göterip, garaňkyda daşary çykarar. Ony çykarmak üçin diwary oýar, bu ýurdy görmez ýaly ýüzüni bürär. 13Men torumy ýazaryn, ol duzagyma düşer. Ony Babyl ýurduna getirerin, emma ol şol ýerde Babyly görmän öler. 14Onuň töweregindäkileri, ähli kömekçilerini we ähli nökerlerini ýeliň çar tarapyna sowrup, gylyjymy ýalaňaçlap, yzlaryndan kowalaryn. 15Olary ýurtlara dargadanymda, milletler arasyna pytradanymda, Meniň Rebdigimi bilerler. 16Baran ýerlerindäki milletleriň arasynda öz nejisliklerini gürrüň berer ýaly, olaryň birazyny gylyçdan, açlykdan we mergiden alyp galaryn. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».

17Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 18«Eý, ynsan ogly! Çöregiňi sandyrap iý, suwuňy gorkudan ýaňa titräp iç. 19Ýurduň halkyna, Iýerusalim ilatyna we ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Olar çöreklerini gorky bilen iýip, suwlaryny howp astynda içerler, sebäbi ol ýerde ýaşaýanlaryň eden zorlugy zerarly ýurt çolaryp galar. 20Ilatly galalar weýran bolar, ýurt haraba döner. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler“».

21Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 22«Eý, ynsan ogly! Siziň ysraýyl ýurdunda „Günler geçer gider, her bir aýanlyk puç bolar“diýýän bu nakylyňyz näme? 23Şonuň üçin hem olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Men bu nakyly ýok ederin, gaýdyp ony Ysraýylda nakyl edip aýtmazlar“. Ýene-de olara: „Günler ýakyndyr, ähli aýanlygyň amala aşmagynyň günleri ýakyndyr“diý. 24Mundan beýläk ysraýyl halkynyň arasynda ýalan aýanlyk we aldawçy palçylyk bolmaz. 25Muny Reb bolan Men aýdýandyryn we Meniň aýdan zatlarym amala-da aşar. Eý, pitneçi halk, indi bu gaýra goýulmaz, Men sözi aýdaryn we ony amala aşyraryn». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.

26Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 27«Eý, ynsan ogly! Ine, ysraýyl halky: „Oňa gelen aýanlyk geljekki günler üçindir, ol uzak geljek barada pygamberlik edýär“diýýär. 28Munuň üçin olara Hökmürowan Rebbiň sözüni ýetir: „Meniň sözlerimiň hiç biri indi gaýra goýulmaz, näme aýtsam, şol söz amala aşar“». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
Copyright information for TukLat16