Ezekiel 16
Biwepa Iýerusalim
1Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Eý, ynsan ogly! Iýerusalime öz nejis işlerini bildir. 3Hökmürowan Reb Iýerusalime şeýle diýýär diý: „Seniň aslyň, doglan ýeriň Kengan ýurdudyr. Seniň kakaň amor, ejeň het tiresindendir. 4Göbegiň doglan günüň kesilmedi, arassalamak üçin suw bilen ýuwulmadyň, duz bilen sürtülmediň we gundalmadyň. 5Hiç kimiň haýpy gelip, saňa bulardan birini hem etmedi, rehim-şepagat görkezmedi. Gaýtam, dünýä inen günüň seni ýigrenip, meýdana taşladylar. 6Men gapdalyňdan geçenimde, seniň öz ganyňa bulaşyp ýatanyňy görüp: ‘Diri gal!’ diýdim ▼▼Seniň öz ganyňa bulaşyp ýatanyňy görüp: «Diri gal!» diýdim – käbir golýazmalarda bu sözler iki gezek gaýtalanýar.
. 7Seni meýdan ösümligi kimin ösdürdim, sen ösüp, kemala geldiň, aňrybaş gözellige ýetdiň, göwüsleriň tözlenip, saçyň uzyn boldy, ýöne sen alaň-açyk we ýalaňaçdyň. 8Onsoň ýene gapdalyňdan geçip, saňa seretdim. Seniň tüýs söýgi çagyňdy; etegimi üstüňe ýazyp, ýalaňaçlygyňy örtdüm. Saňa ant içip, seniň bilen äht baglaşdym, sen-de Meniňki bolduň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. 9Seni suwa düşürdim, ganyňy ýuwup arassaladym we zeýtun ýagyny çaldym. 10Saňa keşdeli eşikler geýdirdim, aýagyňa gaýyşdan çaryk, başyňa nepis matadan ýaglyk daňyp, gymmatbaha geýimler geýdirdim. 11Seni şaý-sepler bilen bezedim, bilegiňe bilezikler, boýnuňa zynjyr dakdym. 12Burnuňa ysyrga, gulaklaryňa gulakhalkalar dakyp, başyňa gözellik täjini geýdirdim. 13Sen altyn-kümüş bilen bezeldiň, eşigiň nepis zygyr mata, gymmatbahaly we keşdeli matady. Höregiňe oňat un, bal we ýag iýdiň, owadanlygyňyň çeni-çaky bolman, şa aýalynyň derejesine ýetdiň. 14Owadanlygyň sebäpli şöhratyň milletleriň arasyna ýaýrady, saňa bagyşlan şöwketim sebäpli owadanlygyň kämildi. Muny Hökmürowan Reb diýýär. 15Ýöne sen owadanlygyňa bil bagladyň, şöhratyňdan peýdalanyp, zynagärlik etdiň. Her geçene köňül berdiň, owadanlygyň onuňky boldy. 16Sen nepis geýimleriňden özüňe owadan seždegähler salyp, olaryň üstünde zyna etdiň, beýle zat öň bolan däldir we indi hem bolmaz. 17Meniň beren altyn-kümüş bezeg şaýlarymy alyp, erkekleriň heýkellerini ýasandyň we olar bilen zyna etdiň. 18Keşdeli eşikleriňi alyp, olara geýdirdiň. Meniň zeýtun ýagymy we ýakymly ysly tütetgimi olaryň öňünde goýduň. 19Saňa beren çöregimi, iýdiren oňat unumy, zeýtun ýagyny we baly hoşboý yslar hökmünde olaryň öňünde goýduň, hawa, şeýle etdiň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. 20Meniň üçin dogran ogullaryňy we gyzlaryňy alyp, iýmit hökmünde butlara gurban etdiň. Hamala, zynagärligiň az ýalydy! 21Çagalarymy öldürdiň, olary oda ýakyp, butlara gurban berdiň. 22Ähli nejis işleriňde, zynagärligiňde ýaşlyk günleriňi, alaň-açyk we ýalaňaç bolup, ganyňa bulaşan wagtyňy ýatlamadyň“». 23– 24Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Waý halyňa! Seniň halyňa waý! Ähli pislikleriňden soň, her bir açyk meýdançada özüňe çadyr we seždegäh saldyň. 25Her köçäniň başynda seždegäh gurup, owadanlygyňy harladyň, her bir ötegçä özüňi hödürläp, zynagärligiňi artdyrdyň. 26Daýaw bedenli goňşularyň müsürliler bilen zynagärlik etdiň we Meniň gaharymy getirmek üçin zynagärligiňi artdyrdyň. 27Şonuň üçin hem, Men saňa garşy el göterdim, rysgalyňy kemeltdim we seni özüňi ýigrenýänlere, seniň zynagärligiňden utanýan piliştli gyzlaryň erkine berdim. 28Sen aşurlylar bilen-de zyna etdiň, sebäbi sen doýmaz-dolmazdyň, olar bilen-de zyna etdiň, şonda-da ganmadyň. 29Zynagärligiňi söwdagärleriň ýurdy bolan babyllylaryň ýurduna çenli artdyrdyň; ýöne munuň bilen-de doýmadyň. 30Bu işleriň ählisini, utançsyz lolynyň işlerini edeniňde, ýüregiň nähili mejalsyz boldy. Muny Hökmürowan Reb diýýär. 31Her köçäniň başynda sen özüňe çadyr gurduň, her bir açyk meýdançada seždegäh saldyň. Sen beýleki lolular ýaly bolmadyň, sebäbi muzdy äsgermediň. 32Sen zynagär, äriniň ýerine kesekileri kabul edýän aýalsyň! 33Ähli lolulara sowgatlar berilýär, sen bolsa ähli oýnaşlaryňa özüň sowgat berýärsiň, zynagärligiň üçin her tarapdan gelsinler diýip para berýärsiň. 34Zynagärligiňde beýleki aýallara meňzemeýärsiň, sebäbi zynagärlik etmek üçin hiç kim seniň yzyňa düşmeýär. Saňa muzd tölenmän, özüň olara muzd töleýärsiň, munuň üçin beýlekilere meňzemeýärsiň». 35Munuň üçin, eý, azgyn aýal, Rebbiň sözüni diňle: 36«Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Seniň haýasyzlygyň äşgär bolup, oýnaşlaryň we ähli nejis butlaryň bilen zyna edýärkäň, ýalaňaçlygyň üsti açyldy. Olara beren ogullaryňyň gany üçin 37keýpi-sapa eden ähli oýnaşlaryňy, ähli söýenleriňi bütin ýigrenenleriň bilen birlikde üýşürerin. Olary tutuşlaýyn garşyňa üýşürip, olaryň öňünde seni ýalaňaçlaryn. Şeýdip, seniň tutuş ýalaňaçlygyňy görerler. 38Men saňa zyna eden we gan döken aýallara degişli hökümler çykararyn. Öçli gahar-gazabym we gabanjaňlygym bilen seniň ganyňy akdyraryn. 39Seni olaryň eline bererin, olar seniň çadyryňy ýykarlar, seždegähleriňi kül-peýekun ederler, egniňden eşigiňi sypyrarlar, şaý-sepleriňi alyp, seni ýalaňaç we alaň-açyk galdyrarlar. 40Olar jemagaty seniň garşyňa küşgürerler, seni daşlarlar, gylyçdan geçirerler. 41Öýleriňi oda ýakyp, köp aýallaryň gözleriniň alnynda saňa höküm çykararlar. Men zynagärligiňi bes etdirerin, indi gaýdyp oýnaşlaryňa muzd tölemersiň. 42Şeýlelikde, saňa bolan gahar-gazabymy öçürerin, saňa bolan gabanjaňlygym aýrylar, onsoň Men köşeşerin we mundan soň gaharlanmaryn. 43Sen ýaşlyk günleriňi ýatlaman, eden ähli hereketleriň bilen Meni gazaplandyrdyň. Ine, Men-de eden işleriňi öz başyňdan indererin“. Muny Hökmürowan Reb diýýär. „Näme üçin sen ähli nejis işleriňiň üstüne bu haýasyzlygyňy-da goşduň? 44Ine, hemmeler seniň garşyňa ‘Enesini gör-de, gyzyny al’ diýen nakyly aýdarlar. 45Sen öz ärini we ogluny kemsidýän enäniň gyzysyň, öz ärlerini we ogullaryny kemsidýän uýalaryň uýasysyň, siziň ejeňiz hetli, kakaňyz bolsa amorlydy. 46Gyzlary bilen birlikde seniň demirgazyk tarapyňda ýaşaýan uly uýaň Samariýadyr, gyzlary bilen seniň günorta tarapyňda mesgen tutan kiçi uýaň Sodomdyr. 47Sen olaryň ýollaryndan ýöräp, olaryň nejis işlerini etmediňmi? Bu hem az ýaly, öz ýollaryňda olardan hem beter bozuldyň. 48Öz barlygymdan ant içýärin Hökmürowan Reb diýýär uýaň Sodom öz gyzlary bilen seniň özüňiň we gyzlaryňyň edenini etmedi. 49Ine, seniň uýaň Sodomyň etmişi şudy: onuň özi-de, gyzlary-da tekepbirdiler, olarda bol nan we doly rahatlyk bardy, emma olar garyby we mätäji goldamady. 50Olar özlerine guwandylar we Meniň gözümiň alnynda nejis işler etdiler. Şonuň üçin hem muny görenimde, olary öňümden süpürip taşladym. 51Samariýa seniň eden günäleriňiň ýarysyny-da etmedi, emma nejis işleriňde sen olardan geçirdiň, eden ähli nejis işleriň bilen uýalaryňy akladyň. 52Sen-de utanjyňyň ýüküni çek. Nejislik bilen eden günäleriň uýalaryňkydan köpdügi sebäpli olara ýeňil höküm çykartdyň. Olar senden has dogry saýyldylar. Munuň üçin utan we öz utanjyňyň ýüküni çek, çünki sen uýalaryňy akladyň. 53Sodomyň, Samariýanyň we olaryň gyzlarynyň, olar bilen birlikde seniň öňki abadançylygyňyzy gaýtaryp bererin. 54Şonda sen öz utanjyňy çekersiň, eden ähli işleriňe utanyp, olara teselli bolarsyň. 55Seniň uýalaryň Sodom we Samariýa öz gyzlary bilen birlikde öňki ýagdaýlaryna dönenlerinde, sen hem gyzlaryň bilen öňki ýagdaýlaryňa dönersiň. 56Tekepbir wagtyňda uýaň Sodomyň adyny dile almaýardyň. 57Indi bolsa seniň pisligiňiň üsti açyldy. Indi sen Edom ▼▼Edom – käbir golýazmalarda Siriýa.
, pilişt gyzlary we seni ýigrenýän başga halklar tarapyndan masgaralanýarsyň. 58Sen öz haýasyzlygyň we nejis işleriňiň jezasyny çekýärsiň“». Muny Reb aýdýandyr. Baky äht
59Hawa, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sen eden ähtiňi bozup, içen antyňy harladyň. Men-de seni edil öz edişiň ýaly ederin. 60Ýöne ýaşlygyňda seniň bilen baglaşan ähtimi ýatlap, seniň üçin baky äht berkarar ederin. 61Özüňden uly we kiçi uýalaryňy ýanyňa alanyňda, eden etmişleriňi ýatlap utanarsyň. Men olary saňa gyzlyga bererin, emma bu seniň ähtiň boýunça däldir. 62– 63Men seni ähli eden erbet işleriňden saplanymda, sen muny ýatlap utanar ýaly, utanjyňdan ýaňa agzyňy açmaz ýaly, seniň bilen ähtimi berkarar ederin, şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
Copyright information for
TukLat16