‏ Ezekiel 18

Günäli adamyň günäsi öz boýnuna bolar

1Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Näme üçin siz Ysraýyl ýurdy hakynda „Atalar turşy üzüm iýdiler, ogullaryň dişi gamaşdy“diýen nakyly aýdýarsyňyz? 3Öz barlygymdan ant içýärin, siz bu nakyly Ysraýylda gaýdyp ulanmarsyňyz. Muny Men Hökmürowan Reb diýýärin. 4Ine, her bir diri jan Meniňkidir. Atalaryň jany-da, ogullaryň jany-da Meniňkidir; diňe günä eden jan öler. 5Emma dogruçyl adam adalatly we dogry zady edýändir. 6Ol daglarda butlara hödürlenen gurbanlykdan iýmez, ysraýyl halkynyň butlaryna göz dikmez, goňşusynyň aýaly bilen zyna etmez ýa-da aýalynyň aýbaşyly wagtynda onuň bilen ýatmaz. 7Hiç kime zulum etmez, bergidaryň girewini yzyna gaýtarar, talaňçylyk etmez, aja nan, ýalaňaja don berer. 8Özüniň peýdasyna karz bermez, göterimine pul bermez, elini adalatsyzlyk etmekden saklar, iki adamyň arasynda adalaty hakykata laýyk ýerine ýetirer. 9Ol Meniň parzlarymy ýerine ýetirer, hökümlerimi ak ýürekden doly berjaý eder; ol dogruçyl adamdyr; ol hökman diri galar». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.

10 11«Bu ogul atasynyň hiç bir etmedik ýamanlyklaryny edip, ýagşy işleriň gyrasynda görünmez, gaýtam, daglarda butlara hödürlenen gurbanlykdan iýer, goňşusynyň aýaly bilen zyna eder. 12Garyba we mätäje zulum eder, talaňçylyk eder, girewini yzyna gaýtarmaz. Butlara bil baglar, nejis işler eder. 13Öz peýdasyna karz berip, göterimine pul berer. Beýle ogul diri galarmy? Ýok, diri galmaz. Ol bu nejis işleriň ählisini etdi, ol hökman öler we dökülen gany öz boýnuna bolar.

14Aýdalyň, bu ogluň-da bir ogly bar bolsa, ol atasynyň eden ähli günälerini görüp pikir eder we bular ýaly işleri etmez; 15daglarda butlara hödürlenen gurbanlykdan iýmez, ysraýyl halkynyň butlaryna bil baglamaz, goňşusynyň aýaly bilen zyna etmez. 16Hiç kime zulum etmez, girew almaz, talaňçylyk etmez, aja nan, ýalaňaja don berer, 17garyba zulum etmez, peýda we göterim almaz. Eger ol Meniň hökümlerimi ýerine ýetirip, parzlarymy berjaý etse, kakasynyň ýazygy zerarly ölmän, ol hökman diri galar. 18Onuň kakasy bolsa öz eden günäleri üçin öler, ol zalymlyk edip, doganyny talady, halkynyň arasynda ýaramaz işler etdi. 19Ýöne siz: „Näme üçin ogul atasynyň ýazygyny çekmeýär?“diýýärsiňiz. Sebäbi bu ogul adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirdi, Meniň ähli parzlarymy berk saklap, olary doly berjaý etdi; ol hökman diri galar. 20Günä eden adam ölmelidir; atasynyň ýazygyny ogly çekmez, oglunyň ýazygyny-da atasy çekmez. Dogruçyl adam dogruçyllygynyň, erbet adam erbetliginiň jogabyny alar. 21Erbet adam eden ähli günälerinden toba edip, Meniň ähli parzlarymy berjaý etse, adalaty, dogruçyllygy ýerine ýetirse, ol hökman diri galar, ölmez. 22Onuň eden ähli jenaýatlary barada ýatlanman, ol eden dogry işlerinde ýaşar. 23Näme Men erbet adamyň ölümini oňlaýarynmy? Men onuň erbet ýollaryndan toba edip, diri galmagyny islemeýärinmi näme? Muny Men Hökmürowan Reb diýýärin. 24Ýöne dogruçyl adam öz dogruçyllygyndan dönüp, erbediň ähli nejis işlerini, pisliklerini etse, ol diri galarmy? Onuň eden dogry işleriniň hiç biri ýatlanylmaz; ol özüniň eden dönükligi bilen etmişi we günäsi üçin öler. 25Ýöne siz: „Taňrynyň ýoly dogry däl“diýýärsiňiz. Eý, ysraýyl halky, indi muny eşidiň, Meniň ýolum dogry dälmi? Nädogry ýol siziň ýollaryňyz dälmidir? 26Dogruçyl adam dogruçyllygyndan dönüp, erbetlik etse we ölse, ol öz eden günäsi sebäpli öler. 27Erbet adam-da eden erbetliginden dönüp, adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirse, ol adam öz janyny halas eder. 28Ol özüniň eden ähli günälerine göz ýetirip, olara toba edendigi üçin, hökman diri galar, ol ölmez. 29Ýöne ysraýyl halky: „Taňrynyň ýoly dogry däl“diýýär. Eý, ysraýyl halky, Meniň ýollarym dogry dälmi? Nädogry ýol siziň ýollaryňyz dälmidir? 30Munuň üçin, eý, ysraýyl halky, Men siziň her biriňizi öz tutan ýoluňyza görä höküm etjek. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Toba edip, ähli jenaýatlaryňyzdan el çekiň, şondan soň olar size günä etdirýän büdreme daşy bolmaz. 31Edýän ähli jenaýatlaryňyzy özüňizden aýryň, täze ýürek we täze ruh ediniň! Eý, ysraýyl halky, siz näme üçin öljek bolýarsyňyz? 32Men hiç kimiň ölümini oňlamaýaryn. Muny Men Hökmürowan Reb diýýärin. Şonuň üçin günäňizden el çekiň-de, diri galyň».
Copyright information for TukLat16