‏ Ezekiel 19

Ysraýylyň ýolbaşçylary üçin agy

1Sen Ysraýyl ýolbaşçylary üçin şu agyny aýt: 2«Seniň eneň kimdi?
Arslanlar arasynda ene arslandy!
Ýaş arslanlar arasynda ýatardy,
çagalaryny kemala getirerdi.
3Çagalaryndan birisi
şir arslan bolup ýetişdi,
awuny parçalamagy öwrendi,
adamlary iýdi.
4 Milletler ol barada eşitdiler.
Ony duzagyna düşürdiler,
çeňňege ildirip, Müsüre getirdiler.
5Enesi garaşyp, umydyny üzensoň,
çagalaryndan başga birini alyp,
ony şir arslan edip ýetişdirdi.
6Ol arslanlar arasynda gezdi,
şir arslan bolup ýetişdi,
awuny parçalamagy öwrendi,
adamlary iýmäge başlady.
7Olaryň galalaryny ýykdy,
şäherlerini weýran etdi.
Ýurt we onuň içindäkiler
arryldysyndan ýaňa çolardy.
8Töweregindäki milletler
oňa hüjüm etdiler;
torlaryny ýazyp,
ony duzaga düşürdiler.
9Çeňňege ildirip, kapasa saldylar,
Babyl şasynyň huzuryna getirdiler.
Ysraýyl daglarynyň üstünde
gaýdyp sesi eşidilmesin diýip,
ony zyndana taşladylar.
10Eneň bagdaky üzüm agajy kimin
suwlaryň boýunda ekilipdi,
ol bol suwlardan ýaňa
hasylly we gür şahalydy.
11Hökümdara hasa bolar ýaly
güýçli şahalary bardy,
boýy belent bulutlara ýetdi;
belentligi we bol şahalary bilen
göze ilip durardy.
12Ýöne ony gazap bilen
sogrup ýere taşladylar;
gündogar ýeli miwesini guratdy,
berk şahalary goparylyp soldy,
olary ýalynly ot ýakyp ýok etdi.
13Ol indi çölde,
gurak we suwsuz ýurtda ekildi.
14Onuň şahalarynyň bir çybygyndan ot çykyp,
şahasyny hem miwesini ýandyrdy,
hökümdarlyk hasasy üçin berk şaha galmady».

Bu agydyr we agylygyna-da galar.
Copyright information for TukLat16