Ezekiel 21
Rebbiň gylyjy
1Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Iýerusalime tarap öwür-de, mukaddes ýerlere garşy wagyz et, Ysraýyl ýurdy barada pygamberlik edip, 3oňa Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men saňa garşydyryn, gylyjymy gynyndan çykaryp, ýagşyny-da, ýamany-da senden kesip taşlaryn. 4Ýagşyny-da, ýamany-da senden kesip taşlamak üçin günortadan demirgazyga çenli ähli ynsana garşy gylyjymy gynyndan çykararyn. 5Şonda tutuş adamzat gylyjyny gynyndan çykaran Rebbiň Mendigimi biler; indi gylyjy gynyna salmaryn“». 6«Eý, ynsan ogly, ah çek, olaryň gözleriniň alnynda ýüregiňi paralap, ajy gözýaş dök. 7Olar saňa: „Näme beýle gam-gussa batýaň?“diýenlerinde, sen olara: „Gelen erbet habar zerarly gama batýaryn. Muňa her bir ýürek erär, ähli eller gowşar, her bir ruh tapdan düşer, her bir dyz epiler. Ine, habar gelýär, ol amala aşar“diý». Muny Hökmürowan Reb diýýär. 8Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 9«Eý, ynsan ogly! Pygamberlik et we Reb şeýle diýýär diý: „Gylyç! Gylyç!ol ýiteldildi, çarhlandy!
10Bu öldürmek üçin ýiteldildi,
ýyldyrym kimin çaksyn diýip çarhlandy.
Biz nädip şatlanyp bileris?
Oglum, sen taýagy we temmini harladyň ahyryn.
11Gylyç ulanmak üçin çarhlanmaga berildi;
gylyç ganhoryň eline berilsin
diýip ýiteldildi, çarhlandy.
12Eý, ynsan ogly! Perýat et, bagyr!
Çünki bu gylyç Meniň halkymyň,
ähli Ysraýyl ýolbaşçylarynyň üstünden inýär.
Ysraýyl ýolbaşçylary Meniň halkym bilen
birlikde gylyçdan geçiriler;
munuň üçin döşüňi ýumrukla.
13Bu bir synagdyr; taýak äsgerilmese, soňy näme bolar?“» Muny Hökmürowan Reb diýýär.
14«Eý, ynsan ogly, pygamberlik et we eliňi çarp.
Goý, gylyç iki, hatda üç gezek çapsyn.
Bu öldürýän gylyçdyr, köp sanly ynsanlary gyran,
olary her ýandan gurşan gylyçdyr.
15Şeýdip, olaryň gorkudan ýaňa ýüregi bükgüldesin,
büdremeleri artsyn diýip,
Men ähli derwezelerinde
howp salýan gylyjy goýdum.
Pah-pah, gylyç ýyldyrym kimin parlady,
gyrmak üçin çykaryldy.
16Eý, gylyç, sagyňa çoz, soluňy çap,
ugruň nirä bolsa, şoňa-da git.
17Men-de maňlaýyma uraryn,
gahar-gazabym ýatyşar,
muny Men-Reb diýdim».
18Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 19«Eý, ynsan ogly, Babyl patyşasynyň gylyjy geler ýaly, özüňe iki ýol belle, ikisi-de bir ýurtdan çyksyn. Gala barýan ýoluň başynda bir belgi ýasap goý. 20Ammonlaryň Raba galasyna ýa-da Ýahudadaky berk diwarly Iýerusalime girer ýaly, gylyç üçin ýol ýasa. 21Çünki Babyl patyşasy iki ýoluň başynda durup jogap agtarýar. Ol oklary silkeleýär we butlara maslahat salyp, gurbanlyk malynyň bagryna seredýär. 22Onuň sag elinde Iýerusalimi görkezýän pal bar. Onda diwar ýykýan pürsleri ýerleşdirmek, ölüm buýrugyny bermek, söweş nagralaryny çekmek, derwezeleri ýumrujy gurallary goýmak, berkitmeler we diwara çykmak üçin ýapgytlar gurmak barada aýdylýar. 23Babyl patyşasyna ant içip, kasam edenleriň nazarynda bu boş pal bolar; emma olar ele salnanda, pal bulara ýazygy ýatladar». 24Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siz jenaýatlaryňyzyň üstüni açmak bilen ýazygyňyzy ýatlatdyňyz. Ähli işleriňizde günäleriňizi görkezmek bilen ýazygyňyzy ýatlatdyňyz. Şonuň üçin zorluk bilen ele düşersiňiz. 25Eý, Ysraýylyň dereksiz, pis hökümdary,
soňky günüň ýakynlaşdy,
soňky jeza günüň ýetip geldi!»
26Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Selläňi aýyr, täjiňi çykar.
Indi bu beýle bolmaz.
Pes bolan beýgeler,
beýik bolan peseler.
27Weýran! Weýran!
Şäheri weýran ederin!
Höküm çykarýan gelýänçä, bu başa barmaz.
Soňra Men şäheri oňa bererin».
28«Sen bolsa, eý, ynsan ogly, pygamberlik et we masgaralaýjy sözler aýdýan ammonlar barada Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Gylyç, gylyç! Öldürmek üçin gyndan çykaryldy,
ýuwutsyn we ýyldyrym kimin çaksyn diýip
ýiteldilip çarhlandy.
29Eý, ammon halky, sen hakda
görülýän görnüşler biderek,
atylýan pallar ýalandyr.
Eý, gylyç, ol zalym pisleriň boýnuny çapyp taşla,
çünki olaryň soňky güni geldi,
ahyrky jezasynyň wagty ýetdi.
30Gylyjy gynyňa sal!
Ýaradylan ýeriňde,
dogduk mekanyňda
Men saňa höküm çykararyn.
31Üstüňize gaharymy döküp,
gazap odumy üflärin,
seni öldürmäge zabun
wagşylaryň eline bererin.
32Sen oda odun bolarsyň.
Ganyň tutuş ýurtda akar,
indi sen hiç haçan ýatlanmarsyň;
çünki muny Men-Reb aýtdym“».
Copyright information for
TukLat16