‏ Ezekiel 22

Iýerusalimiň günäsi

1Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Bu ganhor şäheri höküm et, eý, ynsan ogly, ony höküm et! Onsoň oňa özüniň eden nejis işlerini aýdyp ber. 3Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, öz içinde gan döküp, weýrançylygyny taýýarlaýan şäher! Butlar ýasap, özüni haram edýän şäher! 4Döken ganlaryň bilen etmişli bolduň, ýasan butlaryň bilen haram bolduň; günleriňiň soňuny ýakynlaşdyrdyň, ýyllaryňyň soňuna çykdyň. Şonuň üçin hem Men seni milletleriň öňünde utanja, ähli ýurtlaryň öňünde masgaraçylyga sezewar ederin. 5Eý, ady nejis we içi gowgadan doly şäher, ýakyndakylar-da, uzakdakylar-da seni masgaralarlar.

6Ine, içiňde ýaşaýan her bir Ysraýyl ýolbaşçysy öz güýjüniň çatdygyndan gan dökýär. 7Olar ata-enäni kemsitdiler, seniň içiňde gelmişege sütem etdiler, dul hatyna we ýetime zulum etdiler. 8Sen Meniň mukaddes zatlaryma we mukaddes Sabat günümiň kanunlaryna biperwaý garadyň. 9Gan dökmek üçin araňyzda töhmetçiler bar. Öz araňyzdakylar daglaryň üstünde gurbanlyk iýdiler we haýasyzlyk etdiler. 10Olaryň käbiri öz atalarynyň aýaly bilen ýatdy. Seniň içiňde aýal haramka namysyna degildi. 11Kimse goňşusynyň aýaly bilen nejis iş etdi; kimse utanman öz gelni bilen zyna etdi; kimse öz aýal uýasynyň, öz atasynyň gyzynyň namysyna degdi. 12Gan dökmek üçin seniň içiňde para aldylar; sen peýda we göterim aldyň, zorluk bilen goňşyňdan gazanç etdiň we Meni unutdyň. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.

13Ine, eden haram gazanjyň we öz içiňde döken ganyň üçin Men elimi elime uraryn. 14Seniň bilen iş salşan günlerimde ýüregiň berk, elleriň güýçli bolarmy? Muny Men-Reb aýtdym. Ony ýerine hem ýetirerin. 15Men seni milletleriň arasyna dargadaryn, ýurtlara pytradaryn, haramlygyňyň soňuna çykaryn. 16Milletleriň gözüniň alnynda özüňi haram etmegiňi bes edeniňde Meniň Rebdigimi bilersiň“».

17Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 18«Eý, ynsan ogly! Ysraýyl halky Meniň üçin galyndy boldy; olaryň bary bir körükde eredilen kümşüň galyndysy bürünç, galaýy, demir we gurşun galyndysy ýalydyr. 19Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Baryňyzyň galyndy bolandygyňyz üçin, Men sizi Iýerusalimiň ortasyna ýygnaryn. 20Eretmek üçin ody üfläp, kümşi, bürünji, demri, gurşuny we galaýyny körüge salyşlary ýaly, Men-de sizi gahar-gazabym bilen şähere salyp erederin. 21Sizi ýygnap, gazap odumy üstüňize üflärin we siz şäheriň içinde erärsiňiz. 22Kümşüň körükde ereýşi ýaly, siz-de şäheriň içinde erärsiňiz, onsoň gahar oduny üstüňize dökeniň Men-Rebdigimi bilersiňiz“».

23Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 24«Eý, ynsan ogly! Oňa: „Sen gazap güni tämizlenmedik, üstüne ýagyş ýagmadyk ýurtsuň!“diý. 25Onuň içindäki hökümdarlary
Hökümdarlary – käbir golýazmalarda pygamberleriň dildüwşügi.
arlap awuny parçalaýan arslan kimindir; olar adamlary ýuwutdylar, baýlyk we mal-mülk aldylar, öz içinde dullaryň sanyny köpeltdiler.
26Onuň ruhanylary kanunlarymy basgyladylar, mukaddes zatlarymy harladylar; mukaddes zat bilen ýönekeý zadyň arasynda parh goýmadylar, haramyň we halalyň nämedigini halka öwretmediler, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryna biperwaý garadylar; Men olaryň arasynda äsgermezçilige duçar boldum. 27Aralaryndaky ýolbaşçylary haram gazanç üçin gan dökmekde, adam janyny ýok etmekde awuny parçalaýan gurtlar kimindir. 28Pygamberleri boş görnüşler görüp, ýalandan pal atyp, bu etmişleriniň üstüne hek çalýarlar. Men-Reb aýtmadyk bolsam hem, „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“diýýärler. 29Ýurduň halky biri-birini ezip, talaňçylyk etdi, garyba we mätäje zulum etdi, nähak ýere gelmişege sütem etdi.

30Ýurdy heläk etmezligim üçin diwary täzeden bejerip, onuň gädiginde ýurt üçin öňümde durup biljek bir adam agtardym, ýöne tapyp bilmedim. 31Şonuň üçin hem Men olaryň üstlerine gazabymy dökdüm, gahar odum bilen olary ýakyp ýok etdim. Eden işlerini öz başlaryndan inderdim». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
Copyright information for TukLat16