‏ Ezekiel 23

Ohola we Oholyba

1Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Eý, ynsan ogly! Bir eneden doglan iki gyz bardy. 3Olar ýaşkalar Müsürde loly bolup, zyna etdiler. Ol ýerde olaryň mämeleri ellendi we gyz göwüsleri gysymlandy. 4Ulusynyň ady Ohola, kiçisiniňki bolsa Oholybady. Olar Meniňki boldular, ogullar we gyzlar dogurdylar. Atlaryna görä Ohola Samariýadyr, Oholyba Iýerusalimdir. 5Ohola Meniňkikä zyna edip, oýnaşlary bolan aşur ýolbaşçylaryna göwün berdi. 6Bular mawy eşik geýnen häkimler bilen emeldarlardy, ählisi görmegeý ýaş ýigitler we atly esgerlerdi. 7Ohola Aşuryň görnükli adamlaryna özüni zynagärlige berdi. Ol kimlere göwün beren bolsa, şolaryň butlary bilen özüni haram etdi. 8Müsürliler bilen hem zynagärligini goýmady. Ol ýaşka müsürliler onuň bilen ýatdylar, gyz göwüslerini gysymladylar we zynalaryny onuň üstüne dökdüler. 9Şonuň üçin Men ony göwün beren oýnaşlarynyň eline, ýagny aşurlaryň eline berdim. 10Olar onuň ýalaňaçlygyny paş etdiler, ogullaryny we gyzlaryny aldylar, özüni bolsa gylyç bilen öldürdiler. Oňa hökümler çykaryldy we ol aýallaryň arasynda masgara boldy.

11Aýal dogany Oholyba muny görse-de, göwün bermekde ondan hem azgyndy, zynagärligi uýasynyňkydan-da çökderdi. 12Ol bezemen geýnüwli aşur ýolbaşçylaryna häkimlere, emeldarlara, at münýänlere, görmegeý ýaş ýigitleriň baryna göwün berdi. 13Men onuň haram bolandygyny gördüm; ikisiniň hem ýoly birdi. 14Emma Oholyba zynagärligini artdyrdy, ol gyzyl reňkler bilen diwaryň ýüzüne çekilen babylly erkekleriniň şekilini gördi. 15Şeýle hem billeri guşakly, başlary uly selleli, ählisi serkerde sypatly, asly babylly bolanlaryň suratyny gördi. 16Oholyba olary gören badyna göwün berip, babyllylaryň ýurduna çaparlar ýollady. 17Babyllylar onuň ýanyna, söýgi düşegine geçdiler, zynagärlikleri bilen ony haram etdiler. Babyllylar bilen özüni haram edenden soň, olary kalby bilen ýigrendi. 18Oholyba zynagärligini we ýalaňaçlygyny açyk paş edende, onuň uýasyny ýigrenişim ýaly, kalbym ony-da ýigrendi. 19Oholyba Müsür ýurdunda zynagärlik eden ýaşlyk günlerini ýatlamak üçin zynagärligini has artdyrdy. 20Göwreleri eşegiň göwresi kimin we billeri atyň bili kimin bolan oýnaşlaryna göwün berdi. 21Şeýlelikde, müsürliler seniň mämeleriňi elläp, gyz göwüsleriňi gysymlan döwründäki ýaly ýaşlyk haýasyzlygyňy etdiň».

22Şonuň üçin, eý, Oholyba, Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men seniň ýigrenen oýnaşlaryňy özüňe garşy küşgürerin, olary her ýandan saňa garşy aýaga galdyraryn. 23Babyllylary, ähli kesetleri, pekotlary, şowalary, kowalary we olar bilen birlikde tutuş aşurlary görmegeý ýaş ýigitleri, häkimleriň we emeldarlaryň baryny, serkerdeleri we ýolbaşçylary, at münýänleri saňa garşy goýaryn. 24Olar ýaraglar, söweş arabalary, at-arabalar we bir topar halklar bilen saňa garşy çykyp, uly-kiçi galkanlary, demir tuwulgalary bilen daş-töwerekden daşyňy alarlar. Men olara höküm etmek ygtyýaryny bererin, olar öz däp-dessurlary boýunça saňa hökümler çykararlar. 25Saňa garşy gabanjaňlygym oýanar. Olar saňa gazaplanyp ýowuz daraşarlar, burnuňy we gulaklaryňy kesip taşlarlar, aman galanlaryňyz gylyçdan heläk bolarlar. Ogullaryňy we gyzlaryňy alarlar, aman galanlaryňyzy ot ýakyp ýok eder. 26Olar seniň geýimiňi sypyrarlar, owadan şaý-sepleriňi alarlar. 27Men seniň Müsürden getiren haýasyzlygyň we zynagärligiň soňuna çykaryn. Sen olara indi gabagyňy galdyrmarsyň, Müsüri gaýdyp ýatlamarsyň». 28Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men seni öz ýigrenen adamlaryňyň, kalbyňyň ýigrenenleriniň eline bererin. 29 30Olaryň saňa garşy özlerini alyp baryşlary ýigrençli bolar, seniň ähli zähmetiňiň hasylyny alyp, seni ýalaňaç hem alaň-açyk goýarlar. Sen milletler bilen zyna etdiň, olaryň butlary bilen haram bolduň. Şeýlelikde, zynagärligiň ýalaňaçlygy paş bolar. Bu zatlaryň ählisi haýasyzlygyň we azgynlygyň sebäpli başyňdan iner. 31Sen uýaňyň ýolundan ýörediň, Men onuň käsesini seniň eliňe bererin». 32Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sen uýaňyň çuň we giň käsesinden içersiň, bu käsäniň pürepürdigi sebäpli, seniň üstüňden gülnüp masgara bolarsyň. 33Serhoşlykdan we gaýgydan dolarsyň, ol seniň uýaň Samariýanyň käsesidir, ol elhençlik hem weýrançylyk käsesidir. 34Ony içip tükedersiň, böleklerini ýenjip, göwsüňi parçalarsyň, Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“diýýär». 35Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Meni unudandygyňa, Menden ýüz öwrendigiňe görä sen hem öz haýasyzlygyň we zynagärligiň üçin jezaňy çek».

36Reb maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Sen Ohola we Oholybanyň üstünden höküm çykar! Olara nejis işlerini bildir. 37Olar zyna etdiler, elleri gan dökdi; butlary bilen zyna etdiler. Maňa dogran çagalaryny-da iýmit hökmünde olaryň butlaryna hödürlediler. 38Maňa-da şu işi etdiler: şol gün Meniň mukaddes öýümi harama çykardylar, mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny harladylar. 39Butlary üçin çagalarynyň damagyny çalanlaryndan soň, hut şol gün mukaddes öýümi harlamak üçin ol ýere girdiler, ine, Meniň öýümiň içinde şeýle etdiler.

40Hatda, siz, iki uýa! Uzaklardan adamlar geler ýaly çaparlar ýolladyňyz, olar geldiler. Olar üçin siz ýuwundyňyz, gözleriňize sürme çekdiňiz, şaý-sepler bilen bezenip, 41şanly düşekde oturdyňyz, düşegiň öňünde bolsa taýyn saçak bardy. Meniň ýakymly ysly tütetgim bilen ýagymy onuň üstünde goýduňyz.

42Aladasyz märekäniň şowhunly sesi ýaňlanýardy; köpçülik adamlar bilen birlikde çölden serhoşlar hem getirildi. Olar bu iki uýanyň bileklerine bilezikler dakdylar, başlaryna gözel täçleri geýdirdiler. 43Onsoň men: „Wah, bu bir zyna edip, sandan çykan aýal-a, emma olar onuň bilen jyns gatnaşyklaryny etmeklerini dowam etdirýärler“diýdim. 44Olar bir lolynyň ýanyna girilişi ýaly, onuň bilen ýatdylar. Şeýdip, haýasyz aýallar bolan Oholanyň we Oholybanyň ýanyna girdiler. 45Emma dogruçyl adamlar olara zynahor we ganhor aýallaryňky ýaly höküm çykararlar, sebäbi olar zynahordurlar we ellerini gana buladylar».

46Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Olaryň garşysyna jemagaty örüz, olary howp astyna we talaňa sal. 47Jemagat olary daşlar, gylyçlary bilen kerçär, ogul-gyzlaryny öldürip, öýlerini ýakar. 48Şeýdip, Men ýurtdaky haýasyzlygyň soňuna çykaryn, ähli aýallar mundan sapak alyp, siziňki ýaly haýasyzlyk etmezler. 49Olar haýasyzlygyňyzy öz üstüňize ýüklärler. Siz butlaryňyzyň günäsiniň jezasyny çekersiňiz. Şonda siz Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilersiňiz».
Copyright information for TukLat16