Ezekiel 27
Sur galasy üçin aýdylan agy
1Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Eý, ynsan ogly, Sur galasy hakda agy aýt. 3Deňiz girelgelerinde mesgen tutan we her bir kenarýakasyndaky halklar bilen söwda eden Sur galasyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Sur, sen ‘Gözellik kämilligi mendirin!’ diýdiň. 4Seniň hökümdarlygyň beýik deňizlerdedir; seni bina edenler gözelligiňi aňrybaş derejesine ýetirdiler. 5Sen Senir dagynyň serwilerinden ýasalan uly gämi ýalydyň; saňa bogaldak etmek üçin Liwandan kedr agajyny getirdiler. 6Kürekleriňi Başan dublaryndan etdiler; tagtalaryňy Kipr adasynyň serwi agajyndan ýasap, piliň dişi bilen bezediler. 7Müsürden getirilen keşdeli nepis zygyr matalar seniň ýelkeniňdi, olar saňa baýdak bolup hyzmat ederdi. Elişa kenarynyň mawy we gyrmyzy matasy seniň ýapynjaňdy. 8Sidon we Arwat ilaty seniň kürekçileriňdi. Eý, Sur, sende akyldarlar bardy, olar seniň gämiçileriňdi. 9Gebalyň garrylary we akyldarlary sende bolup, jaýryklaryňy suwaýardylar. Harytlaryňy alyş-çalyş etmek üçin ähli gämiler deňizçileri bilen sendediler. 10Pars, Lut we Put seniň urşujylaryňdy; olar galkanlary bilen demir tuwulgalaryny diwaryňdan asardylar; olar saňa şöhrat getirerdiler. 11Arwatlylar we heýlekliler töwerek-daşyňdaky diwarlaryňyň, gammatlylar bolsa diňleriňiň üstündediler. Olar galkanlaryny diwarlaryňyň töwerek-daşyndan asyp, gözelligiňi aňrybaşa ýetirerdiler. 12Baýlygyňyň köpdügi üçin Tarşyş seniň bilen söwda etdi; harytlaryňyň deregine kümüş, demir, galaýy we gurşun bererdi. 13Ýawan, Tubal we Meşek seniň söwdagärleriňdiler; olar harytlaryňyň deregine gullar we bürünç gaplar bererdiler. 14Togarma halky seniň harytlaryňyň deregine ýabylary, uruş atlaryny we gatyrlary bererdi. 15Dedanlylar seniň söwdagäriňdiler; köp kenarlaryň söwda gatnaşygy seniň eliňdedi; olar senden alan harytlarynyň deregine piliň dişi we eben agajy bilen hasaplaşardylar. 16Söwdaňyň köpdügi üçin Siriýa seniň bilen söwda etdi; olar seniň harytlaryňyň deregine zümerret, gyrmyzy we keşdeli matalar, nepis zygyr mata, merjen we ýakut bererdiler. 17Ýahuda bilen Ysraýyl ýurdy seniň söwdagärleriňdiler; olar harytlaryňyň deregine Minnit bugdaýyny, un, bal, ýag we melhem bererdiler. 18Söwdaňyň we baýlygyňyň köpdügi üçin Damask hem seniň bilen söwda etdi; ol Helbon şerabyny we ak ýüň getirerdi. 19Uzal ýurdundan gelen Dan we Ýawan harytlaryňyň deregine ýüplük bererdiler; alyş-çalyş harytlaryňyň arasynda bolsa işlenen demir, dalçyn we hoşboý ysly gamyş bardy. 20Dedan at münmäge gerekli bolan eýerlik atkeçeleri bilen söwda ederdi. 21Arabystan we bütin Kedar hökümdarlary seniň iň gadyrly müşderileriňdi; olar guzular, goçlar we erkeçler getirip, seniň bilen söwda etdiler. 22Şebanyň we Ragamanyň täjirleri seniň söwdagäriňdiler; olar harytlaryňyň deregine ähli atyrlaryň seresini, her hili gymmatbaha daşlar we altyn bererdiler. 23Haran, Kanne, Eden, Şeba täjirleri, Aşur we Kilmat seniň söwdagäriňdiler. 24Olar seniň bazaryňdaky harytlaryňy saýlama zatlar bilen, mawy we reňbe-reň keşdeli matalar we ýüp bilen berk daňlan reňkli halylar bilen alyş-çalyş ederdiler. 25Seniň harytlaryňyň kerweni Tarşyşyň gämileridi; sen dolup-daşyp, deňizler ummanynda agyr ýük bilen ýüklenerdiň. 26Kürekçileriň seni açyk deňizlere alyp çykarlar, emma gündogar şemaly deňizler ummanynda seni kül-peýekun eder. 27Ýykylan günüň seniň baýlygyň, harytlaryň, mallaryň, deňizçileriň, gämiçileriň, jaýryklaryňy suwaýanlar, harytlaryňy alyş-çalyş edýänler, sendäki ähli urşujylar we içiňdäki ähli jemagat deňizler ummanyna gark bolarlar. 28Gämiçileriň ahy-nalasyndan öri meýdanlar lerzana geler. 29Ähli kürekçiler, deňizçiler we ähli deňiz gämiçileri gämilerinden düşüp, gury ýerde durarlar. 30Seslerini gataldyp, seniň üçin perýat ederler, başlaryndan gum sowrarlar, küle togalanarlar. 31Seniň üçin saçlaryny syryp, jul geýnerler, janhowluna hasrat bilen zar-zar aglap, dady-perýat ederler. 32Seniň üçin agy aýdyp, ýas tutarlar, ahy-nala çekip, şeýle diýerler: ‘Deňiz ortasynda Sur ýalydym-dyrs bolan gala barmy?
33Harytlaryň deňizden çykanda, sen köp halklary doýurdyň, baýlygyň we harytlaryň köplügi bilen patyşalary baýatdyň. 34Ine, deňizde, suwlaryň düýbünde kül-peýekun bolanyňda, içiňdäki harytlaryň we ähli jemagatyň özüň bilen bile gark boldy’. 35Kenarlardaky ähli ilatlar saňa aňkaryşdylar; patyşalary gaty gorkdular, ýüzleriniň reňki öçdi. 36Halklar arasyndaky täjirler saňa sykylyk atdylar; sen elhenç howpa uçrap, ebedilik ýok bolarsyň“».
Copyright information for
TukLat16