‏ Ezekiel 3

1Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Özüňe berleni iý, şu kagyzy iýeniňden soň bolsa git-de, ysraýyl halky bilen gepleş» diýdi. 2Onsoň men agzymy açdym we Ol bu kagyzy maňa iýmäge berdi. 3Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Garnyňy doýur, bu kagyzdan içiňi doldur; muny saňa berýärin» diýdi. Onsoň men ony iýdim, ol agzymda bal ýaly süýjüdi. 4Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Bar, git-de, ysraýyl halkyna Meniň sözlerimi aýt. 5Men seni düşnüksiz gepleýän we dili kyn millete däl-de, ysraýyl halkynyň arasyna iberýärin. 6Hawa, seni düşnüksiz gepleýän, dili kyn we sözlerine düşünip bolmaýan beýleki köp milletleriň arasyna iberemok. Olara ibersedim, olar seni hökman diňlärdiler. 7Emma ysraýyl halky seni diňlemek islemez, olar hatda Meni-de diňlemek islemeýärler; çünki bütin ysraýyl halky keçjal we doňýürekdir. 8Seret, Men seni edil olar ýaly keçjal we doňýürek etdim. 9Seniň maňlaýyňy almaz ýaly çakmakdaşyndan hem gaty etdim. Olar pitneçi halkdyr, olardan gorkma, ýüzlerinden heder etme». 10Ol maňa ýene-de şulary diýdi: «Eý, ynsan ogly! Meniň saňa aýdýan ähli sözlerime gowuja gulak goý we ýüregiňe ornaşdyr. 11Onsoň sürgün edilen ildeşleriň ýanyna git-de, olara aýt. Isle diňlesinler, isle diňlemesinler, olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“diý».

12 Ruh meni ýokary galdyrdy, men ýeňsämden: «Rebbiň şöhratyna Öz mekanynda alkyş bolsun!» diýen uly gopgunly sesi eşitdim. 13Bu jandarlaryň biri-birlerine degýän ganatlarynyň we olaryň gapdallaryndaky tigirleriň uly gopgunly sesidi. 14Ruh meni ýokary göterip, bu ýerden alyp gitdi. Rebbiň eli meniň üstümde berk durdy we janym gahardan dolup, men gaýgy-hasratda gitdim. 15Onsoň men Kebar kanalynyň ýakasyndaky Telabypda ýaşaýan sürgündäkileriň ýanyna bardym. Men olaryň ýaşaýan ýerinde, olaryň arasynda ýedi günläp aňk-taňk bolup oturdym.

Reb Ezekiýel pygamberi gözegçi edip belleýär

16Ýedi gün geçenden soň, maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 17«Eý, ynsan ogly! Men seni ysraýyl halkyna gözegçi belledim. Meniň her bir aýdýan sözümi diňle-de, Menden olara duýduryş ber. 18Men erbet adama: „Sen hökman ölersiň“diýsem, sen hem oňa duýduryş bermeseň ýa-da onuň ömrüni halas etmek üçin erbet ýollaryndan el çekmek barada onuň bilen gepleşmeseň, ol erbet adam öz günäsi zerarly öler, emma onuň gany üçin Men seniň bilen haklaşaryn. 19Emma sen erbede duýduryş berseň, ol-da erbetlikden el çekmese, ýaramaz gylyklaryny üýtgetmese, ol öz günäsi zerarly öler, emma sen öz janyňy halas edersiň. 20Eger dogruçyl adam dogruçyllygyndan dönüp, erbetlige ýüz ursa, Men ony agyr güne salaryn, ol hem öler. Sen ol adama duýduryş bermeseň, ol öz günäsi zerarly öler we onuň eden dogry işleri ýatlanmaz. Men onuň ganyny bolsa senden talap ederin. 21Ýöne dogruçyl adam günä etmez ýaly, oňa duýduryş berseň, ol-da günä etmese, elbetde, ol diri galar, sebäbi oňa duýduryş berildi; sen hem öz janyňy halas edersiň».

22Ol ýerde Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ol maňa: «Tur, düzlüge git, ol ýerde Men seniň bilen gepleşjek» diýdi. 23Şeýlelikde, men turup, düzlüge gitdim. Ol ýerde Rebbiň şöhraty Kebar kanalynyň ýakasynda gören şöhratym ýalydy, men ýüzin ýykyldym. 24Ruh içime girip, meni aýak üstüne galdyrdy. Ol meniň bilen gepleşip, şeýle diýdi: «Git-de, öýüňde gapyny içinden gulpla. 25Ýöne sen, eý, ynsan ogly, boýnuňa tanap atylyp baglanarsyň. Şeýdip, sen halkyň arasyna gidip bilmersiň. 26Olaryň pitneçi halkdygy üçin Men diliňi damagyňa ýapyşdyraryn, sen lal bolarsyň we olara öwüt berip bilmersiň. 27Emma Men seniň bilen gepleşip, diliňi açaryn we sen olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär!“diýersiň. Goý, diňlän diňlesin, diňlemedik ýüz öwürsin, çünki olar bir pitneçi halkdyr».
Copyright information for TukLat16