‏ Ezekiel 30

Müsür üçin agy

1Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Eý, ynsan ogly! Muny pygamberlik et-de, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Siz ‘Ol gün üçin waý!’ diýip perýat ediň. 3Çünki ol gün ýakyndyr, Rebbiň güni golaýdyr. Ol gün apy-tupan güni, milletleriň jebir çekjek döwrüdir. 4Müsüriň üstünden gylyç iner, müsürliler gylyçdan heläk bolanlarynda, Efiopiýa ilatyna gorky aralaşar. Müsüriň baýlygy äkidiler, binalary kül-peýekun ediler. 5Müsür bilen birlikde Efiopiýa, Put, Lut we beýleki halklardan gelen goşunlaryň bary, Kub we ylalaşyk baglaşan ýurdunyň ilaty gylyçdan geçiriler“». 6Reb şeýle diýýär: «Müsüre arka duranlar heläk bolarlar, onuň kuwwatynyň buýsanjy öçer. Migdoldan Sewene çenli olaryň bary bilelikde gylyçdan geçiriler. Muny Hökmürowan Reb diýýär. 7Olar haraba öwrülen ýurtlardan hem beter haraba öwrüler, onuň şäherleri weýran edilen şäherleriň hem iň weýrany bolar. 8Müsüre ot berip, ony goldaýanlaryň baryny ýok edenimde, olar Meniň Rebdigimi bilerler. 9Ol gün gaýgy-gamsyz ýaşaýan efioplary gorkuzmak üçin gämiler bilen habarçylar ýollaryn. Müsüriň jebir-jepaly döwründäki ýaly, olara hem howp aralaşar, ine, ol gün ýetip gelýär». 10Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eli bilen Müsüriň beýik goşunynyň soňuna çykaryn. 11Milletleriň iň gorkunjy bolan bu Müsür ýurduny weýran etmek üçin Nebukadnesar goşuny bilen birlikde geler. Olar Müsürde gylyçlaryny ýalaňaçlap, ýurdy jesetden doldurarlar. 12Men derýalary guradaryn, ýurdy ýaramaz adamlara sataryn; ýurdy we onuň içindäkileriň baryny gelmişekleriň eli bilen weýran ederin. Muny Men-Reb aýtdym». 13Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men butlary-da ýok ederin, Memfisdäki biderek heýkelleri aýryp taşlaryn. Gaýdyp Müsür ýurdunda hökümdar bolmaz. Müsür ýurduna gorky salaryn. 14Patrosy weýran ederin, Zogan galasyna ot bererin, Tebes galasynda hökümler çykararyn. 15Gazabymy Müsüriň güýji bolan Siniň üstüne döküp, Tebesiň köp ilatlylygynyň soňuna çykaryn. 16Müsüre ot bererin, Sin soňsuz jebir çeker, Tebes galasynyň diwary jaýryk atar we Memfis galasy her gün duşman hüjümine sezewar bolar. 17Heliýopolysyň we Pibesediň ýaş ýigitleri gylyçdan heläk bolarlar; galadaky halk sürgün ediler. 18Müsüriň boýuntyrygyny döwen günüm Tahpanhesde gündiz gijä öwrüler. Onuň kuwwatynyň buýsanjy tamamlanar; ony bir gara bulut gaplar we şäheriň halky sürgüne gider. 19Men Müsüre hökümler çykararyn; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler».

20 Sürgünde bolýan wagtymyzyň on birinji ýylynyň birinji aýynyň ýedisine maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 21«Eý, ynsan ogly! Men Müsür patyşasy faraonyň goluny döwdüm. Ol şypa tapar ýaly daňylmady ýa-da gylyç tutmak üçin güýje geler ýaly oňa sargy saralmady. 22Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Müsür patyşasy faraona garşydyryn. Men onuň iki elini hem: sagdyn elini-de, döwük elini-de syndyryp taşlaryn, elindäki gylyjyny gaçyraryn. 23Men müsürlileri milletleriň arasyna pytradaryn, olary ýurtlaryň arasyna dargadaryn. 24Babyl patyşasynyň gollaryny güýçlendirip, gylyjymy onuň eline bererin; emma faraonyň gollaryny döwerin. Faraon Babyl patyşasynyň öňünde agyr ýaraly adamyň iňňildeýşi kimin iňňildär. 25Babyl patyşasynyň goluny güýçlendirerin, emma faraonyň gollaryny syndyraryn. Gylyjymy Babyl patyşasynyň eline bererin, ol hem ony Müsüriň garşysyna uzadar, şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler. 26Men müsürlileri milletleriň arasyna pytradaryn, ýurtlaryň arasyna dargadaryn. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler“».
Copyright information for TukLat16