‏ Ezekiel 31

Kedr agajy tymsaly

1 Sürgünde bolýan wagtymyzyň on birinji ýylynyň üçünji aýynyň birine maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Eý, ynsan ogly! Faraona we onuň halkyna şeýle diý: „Sen beýikligiň boýunça kime meňzeýärsiň?
3Ine, Aşur Liwanda owadan şahaly,
tokaý saýaly kedr agajydy.
Onuň boýy uzyndy,
başy bulutlarda ýerleşýärdi.
4Suwlar ony ösdürdi,
ýerasty bulaklar ony belent etdi;
daş-töweregini derýalar gurşap,
akar çeşmeleri bilen uzakdaky ähli agaçlary gandyrýardy.
5Munuň üçin onuň boýy
beýleki agaçlaryň baryndan uzyndy,
baldaklary güreldi;
suwuň bollugyndan şahalary uzady.
6Pudaklarynyň üstünde
gögüň ähli guşlary höwürtgelediler;
şahalarynyň astynda
ähli ýyrtyjy haýwanlar guzladylar
we kölegesinde ähli uly milletler mesgen tutdular.
7Ol belentligi bilen,
şahalarynyň uzynlygy bilen gözeldi,
köki-de çuň suwlara ýetipdi.
8Hudaýyň bagyndaky kedr agaçlary onuň boýuna,
serwiler onuň pudaklaryna-da taý gelmeýärdi,
çynarlar onuň şahalaryna deň däldi,
Hudaýyň bagyndaky hiç bir agaç
gözellikde oňa taý gelmeýärdi.
9Men ony gür şahalar bilen bezäpdim;
Hudaýyň Erem bagyndaky ähli agaçlar oňa göriplik etdiler“».

10Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Onuň boýy ösüp, başy bulutlara ýetende, bu beýiklik onuň ýüreginde tekepbirlik döretdi. 11Şonuň üçin Men ony milletleriň hökümdarynyň eline berdim, oňa öz erbetligine laýyk daraşdylar. Men ondan ýüz öwürdim, 12gelmişek milletleriň iň rehimsizi ony kesip taşlap ret etdi. Şahalary daglaryň üstüne we tutuş derelere düşüp, pudaklary çapylyp, ýurduň ähli jülgelerine taşlandy. Dünýäniň ähli halklary onuň kölegesinden gitdiler, ony terk etdiler. 13Gögüň ähli guşlary onuň döwlen böleklerinde mesgen tutýarlar, meýdanyň ähli haýwanlary onuň şahalarynyň arasynda ýerleşýärler. 14Şeýlelikde, suwlaryň ýakasynda ýetişen hiç bir agaç boý alyp, belende çykmaz ýa-da başlary buluda ýetmez we bol suw içip ösen hiç bir agaç beýle belentlige ýetmez. Olaryň bary gabra inýän ähli ynsanlar bilen birlikde ölüler dünýäsine ýeriň teýine inderildiler».

15Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Ölüler dünýäsine inen güni, Men ol agaç üçin ýas tutsunlar diýip, ony düýpsüz çuňluk bilen örtdüm, onuň derýalaryny togtatdym; äpet suwlary sakladym. Bu agaç üçin tutuş Liwany tümlüge gapladym, onuň ähli agaçlaryny soldurdym. 16Ony gabra inýänler bilen birlikde ölüler dünýäsine inderenimde, ýykylyşynyň gürpüldisinden milletleri titretdim; onsoň Erem bagynyň ähli agaçlary, Liwanyň iň owadan we iň saýlama agaçlary, bol suw içip ösenleriň bary ýeriň teýinde teselli tapdylar. 17Kölegesinde ýaşanlar, ýagny milletleriň arasynda onuň bilen ylalaşyk baglaşanlar hem onuň bilen birlikde ölüler dünýäsine gylyçdan geçirilenleriň ýanyna indiler. 18Erem bagynyň agaçlarynyň haýsysy şan-şöhratda we beýiklikde saňa meňzeýär? Ýöne sen Erem agaçlary bilen birlikde ýeriň teýine inderilersiň. Sen gylyçdan geçirilenler bilen birlikde sünnetsizleriň arasynda ýatarsyň. Faraonyň we onuň ähli beýik goşunynyň soňy şeýle bolar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
Copyright information for TukLat16