‏ Ezekiel 32

Faraon üçin aýdylan agy

1 Sürgünde bolýan wagtymyzyň on ikinji ýylynyň on ikinji aýynyň birine maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Eý, ynsan ogly! Müsür patyşasy faraon üçin agy aýt we oňa şeýle diý: „Özüňi milletleriň ýaş arslanyna meňzetdiň,
ýöne sen deňizlerdäki aždarha kiminsiň.
Derýalaryňda eýläk-beýläk okduryldyň;
aýaklaryň bilen suwlary çaýkadyň,
derýalary bulandyrdyň“».
3Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Birtopar halklaryň öňünde torumy
seniň üstüňe taşlaryn;
olar seni Meniň torum bilen tutarlar.
4Onsoň seni gury ýere taşlaryn,
meýdana zyňaryn,
gögüň ähli guşlaryny seniň üstüňe gonduraryn,
tutuş dünýäniň ýyrtyjy haýwanlaryny senden doýraryn.
5Etiňi daglaryň üstüne serip,
dereleri çüýrän läşiňden dolduraryn.
6Topragyňy daglara çenli ganyň bilen suwararyn;
jülgeler seniň läşiňden dolar.
7Seni gümlän mahalym gökleri bürärin,
ýyldyzlary garaldaryn;
Güni bulut bilen örterin,
Aý-da öz yşygyny bermez.
8Depäňdäki gökleriň ähli
parlak yşyklaryny garaldaryn,
ýurduňa garaňky düşürerin,
muny Hökmürowan Reb diýýär.

9Seniň tanamaýan ýurtlaryňa, başga milletleriň arasyna dargadylan bölegiňi getirenimde, köp halklaryň ýüreklerini howsala salaryn. 10Köp halklary saňa aňkardaryn, öňlerinde gylyjymy bulaýlanymda, olaryň patyşalary sen sebäpli gaty gorkarlar; seniň agdarylan günüň olaryň ählisi öz janlary üçin her pursatda titrär». 11Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Babyl patyşasynyň gylyjy seniň depäňden iner. 12Babyl gerçekleri milletleriň iň elhenjidir, olaryň gylyjy bilen goşunyňy heläk ederin. Olar Müsüriň buýsanjynyň ýoguna ýanarlar, onuň bütin goşuny heläk bolar. 13Onuň ähli mal-garalaryny bol suwlaryň başyndan ýok ederin; mundan beýläk ynsan aýagy-da, haýwan toýnagy-da suwlary bulandyrmaz. 14Onsoň suwlaryny durlap, derýalaryny asuda akdyraryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär. 15Müsür ýurduny harabaçylyga öwrenimde, ony ähli zatdan mahrum edenimde we onuň ilatyny gylyç bilen gyranymda, olar Meniň Rebdigimi bilerler. 16Agy budur, olar muny aýdarlar; bu agyny milletleriň gyzlary aýdarlar. Müsür we onuň goşuny barada bu agyny aýdarlar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.

17 Sürgünde bolýan wagtymyzyň on ikinji ýylynyň birinji aýynyň on bäşine maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 18«Eý, ynsan ogly! Müsür goşuny hakda dady-perýat et, ony we güýçli milletleriň gyzlaryny ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde ýeriň teýine inder. 19Olara şeýle diý: „Sen kimden görmegeý?
Aşak in-de, sünnetsizler bilen bir gabyrda ýat“.

20Olar gylyçdan geçirilenleriň arasyna ýykylarlar. Gylyç syryldy; Müsüri we onuň bütin goşunyny ýere çalyp süýräň. 21Ölüler dünýäsinde Müsür we onuň tarapdarlary hakda iň batyr ýolbaşçylar: „Olar aşak indiler, gylyçdan geçirilen sünnetsizler bilen ýatyrlar!“diýerler.

22Aşur we onuň tutuş goşuny ol ýerde. Gylyçdan geçirilip, heläk bolan esgerleriniň gabyrlary onuň daşyny gurşap alypdyr. 23Onuň gabyrlaryna ölüler dünýäsiniň iň düýbünden ýer berildi, goşuny gabrynyň töwerek-daşyny tutup dur. Dirileriň ýurduna howp salanlaryň bary gylyçdan geçirilip öldürilendirler. 24Eýlam ýurdy ol ýerde we ähli goşuny onuň gabrynyň töwerek-daşynda; olaryň bary gylyçdan geçirilip öldürilenler; dirileriň ýurduna howp salan bu sünnetsizler ýeriň teýine indiler. Ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde olar hem utanja galdylar. 25Eýlam ýurduna we onuň tutuş goşunyna gylyçdan geçirilenleriň arasyndan düşek saldylar; bütin halky onuň gabrynyň töwerek-daşyndady; ählisi hem sünnetsizdi we gylyç bilen öldürilendi; olar dirileriň ýurduna howp salypdylar, indi ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde olar hem utanja galdylar, olar gylyçdan geçirilenleriň arasynda ýerleşdirildiler. 26Meşek, Tubal ol ýerdedi. Olaryň ähli goşuny olaryň gabyrlarynyň töwerek-daşyndady; dirileriň ýurduna howp salandyklary üçin, olaryň ählisi hem sünnetsizdi we gylyç bilen öldürilendi; 27Olar ölüler dünýäsine söweş ýaraglary bilen inen, gylyçlaryny başlaryna ölüm ýassygy edinen, beýleki heläk bolan sünnetsiz batyrlar bilen bile ýatmaýarlar. Olaryň günäleriniň jezasy süňklerine ornar, sebäbi olar dirileriň ýurdunda batyrlara howp salýardylar. 28Sen hem, eý, faraon, heläk bolarsyň we gylyçdan geçirilenler bilen bile sünnetsizleriň arasynda ýatarsyň.

29Edom hem öz patyşalary we ähli hökümdarlary bilen ol ýerdedi. Güýçlüdigine garamazdan, olaryň bary gylyçdan geçirilenler bilen bile ýatyrlar. Olar sünnetsizler we ölüler dünýäsine inýänler bilen bile ýatyrlar. 30Ähli demirgazyk ýolbaşçylary we sidonlylar hem ol ýerdedi. Güýçli bolup howp salandyklaryna garamazdan, olar utanç içinde gylyçdan geçirilenler bilen birlikde aşak indiler. Olar gylyçdan geçirilen sünnetsizler bilen ýatyrlar we ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde utanja galdylar. 31Faraon we onuň tutuş goşuny olary görüp, özleriniň gylyçdan geçirilen ähli goşuny üçin teselli taparlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär. 32Men dirileriň ýurduny gorkudan sandyramaga mejbur ederin! Faraon we onuň tutuş goşuny bolsa gylyçdan geçirilip, sünnetsizleriň arasynda ýatar». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
Copyright information for TukLat16