‏ Ezekiel 33

Reb Ezekiýel pygamberi Ysraýyla gözegçi goýýar

1Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Eý, ynsan ogly! Men bir ýurduň üstünden gylyç inderenimde, ol ýurduň halky öz arasyndan bir adamy saýlap, özlerine gözegçi goýjakdygyny ildeşleriňe aýt. 3Gözegçi ýurduň üstüne gylyjyň gelýändigini görende, halka duýduryş bermek üçin surnaý çalar. 4Şonda kim surnaý sesini eşidibem, ägä bolmasa we gylyç gelip, ony öldürse, onuň gany öz boýnuna bolar. 5Ol surnaý sesini eşidibem, ägä bolmady; onuň gany öz boýnuna bolar; ýöne ägä bolan öz janyny halas eder. 6Gözegçi gylyjyň gelýändigini görübem, surnaý çalmasa, halka duýduryş bermese we gylyç gelip, olardan biriniň janyny alsa, bu adam öz etmişi üçin öldüriler. Emma onuň gany üçin Men gözegçi bilen haklaşaryn.

7Eý, ynsan ogly! Men seni ysraýyl halkyna gözegçi goýdum; sen Menden söz eşidip, olara Meniň tarapdan duýduryş berersiň. 8Men erbet adama: „Eý, erbet adam, sen hökman ölersiň!“diýenimde, öz ýolundan ägä bolar ýaly, erbede duýdurmasaň we erbet adam öz etmişi üçin ölse, onuň gany üçin Men seniň bilen haklaşaryn. 9Dogry ýola düşer ýaly, erbet adamy öz ýolundan habardar etseň, emma ol şonda-da öz ýolundan dönmese, ol etmişi sebäpli öler, emma sen öz janyňy halas edersiň.

10Eý, ynsan ogly! Ysraýyl halkyna: „Siz: Jenaýatlarymyz we günälerimiz bizi çökerýär, olardan ýaňa eräp ýok bolup barýarys. Bu ýagdaýda biz nähili diri galarys? diýýärsiňiz“diý. 11Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Öz barlygymdan ant içýärin. Men erbet adamyň ölüminden däl-de, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyndan hoşal bolýaryn. Dönüň! Erbet ýollaryňyzdan dönüň! Eýsem, sen näme üçin öljek, eý, ysraýyl halky?“. 12Eý, ynsan ogly, öz ildeşleriňe şeýle diý: „Günä eden güni dogruçyl adamyň dogruçyllygy ony halas etmez we erbetliginden dönen güni erbet adamyň erbetligi onuň heläk bolmagyna sebäp bolmaz. Dogruçyl adam günä eden güni öňki dogruçyllygy sebäpli diri galmaz“. 13Men dogruçyl adam hakda „Elbetde, ol diri galar“diýenimde, ol öz dogruçyllygyna bil baglap, erbetlik etse, onuň ähli dogry işleri ýatlanman, gaýtam ol öz eden erbetliginde öler. 14Men erbet adama „Sen hökman ölersiň“diýenimde, ol öz günäsinden dönüp, adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirse, 15girewi yzyna berse, ogurlan zadyny tölese we erbetlik etmän, ýaşaýşyň düzgünlerinde ýörese, ol hökman ýaşar, ölmez. 16Eden günäleriniň hiç biri ýatlanylmaz; ol adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirendir, ol hökman diri galar.

17Ýöne seniň ildeşleriň „Taňrynyň ýoly dogry däl“diýýär; olaryň öz ýollary dogry däl. 18Dogruçyl adam dogruçyllygyndan dönüp, erbetlik etse, munuň üçin ol öler. 19Erbet adam erbetliginden dönüp, adalaty we dogruçyllygy ýerine ýetirse, olar arkaly diri galar. 20Eý, ysraýyl halky, siz „Taňrynyň ýoly dogry däl“diýýärsiňiz. Munuň üçin, eý, ysraýyl halky, Men siziň her biriňizi öz tutan ýoluňyza görä höküm etjekdirin!»

Iýerusalimiň ýykylmagy

21 Sürgünde bolýan wagtymyzyň on ikinji ýylynyň onunjy aýynyň bäşine Iýerusalimden gaçyp gutulan bir adam meniň ýanyma gelip: «Şäher basylyp alyndy» diýdi. 22Ýaňky adam gelmezinden öň, agşam Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ertesi irden ýaňky adam ýanyma gelmänkä, Reb maňa dil bitirdi. Dilim açyldy, indi men lal däldim.

23Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 24«Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýurdundaky harabaçylyklarda ýaşaýan ilat: „Ybraýym ýeke adamdy, ol bu ýurdy miras aldy; emma biz köp; indi bu ýurt mülk hökmünde bize berlendir“diýýärler». 25Şonuň üçin olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Siz eti gany bilen iýýärsiňiz, gözleriňizi butlaryňyza dikýärsiňiz, gan dökýärsiňiz; onsoň ýurdy siz miras alarmysyňyz? 26Siz gylyjyňyza daýanýarsyňyz, nejis işler edýärsiňiz, her kes öz goňşusynyň aýalyny haramlaýar. Şundan soň siz ýurdy miras alarsyňyzmy?» 27Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Öz barlygymdan ant içýärin, harabalykdakylar gylyçdan heläk bolarlar; çöldäkileri ýyrtyjy haýwanlara şam ederin; galadakylar we gowakdakylar bolsa mergiden ölerler. 28Men ýurdy harabaçylyga öwrerin we weýran ederin, onuň kuwwatynyň buýsanjy tamam bolar; Ysraýylyň daglary çolaryp galar, olardan geçen bolmaz. 29Eden nejis işleri sebäpli ýurdy weýran edenimden we harabaçylyga öwrenimden soň, olar Meniň Rebdigimi bilerler».

30«Sen, eý, ynsan ogly, diwarlaryň gapdalynda, öýleriň gapysynda ildeşleriň sen barada gürrüň edýär we biri-birine, her kim öz doganyna: „Gel, Rebden gelen sözüň nämedigini eşideli!“diýýär. 31Halk üýşüp, seniň ýanyňa gelýär. Meniň halkym huzuryňda oturýar, sözleriňi diňleýär, emma ony berjaý etmeýär; olaryň dillerinde söýgi aýdymy bolsa-da, ýürekleri haram gazançlarynyň yzyna eýerýär. 32Ine, sen olar üçin oňat saz çalyp, mahmal owazyň bilen söýgi aýdymlaryny aýdýan bagşysyň. Olar seniň sözleriňi diňleýärler, emma olary berjaý etmeýärler. 33Ine, bu sözler dogry çykanda dogry çykyp hem gelýär olar öz aralarynda bir pygamberiň bolandygyny bilerler».
Copyright information for TukLat16