Ezekiel 35
Reb Edom ýurduny jezalandyrýar
1Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Segir dagyna tarap öwür-de, onuň garşysyna pygamberlik et. 3Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Segir dagy, Men saňa garşydyryn; elimi saňa tarap uzadyp, seni weýran edip, harabaçylyga öwrerin. 4Galalaryňy weýran ederin, sen harabaçylyga öwrülersiň; onsoň sen Meniň Rebdigimi bilersiň. 5Sende ebedi duşmançylyk bar. Sen ysraýyl halkynyň başyna bela gelen güni, soňky jezasy döwründe olary gylyja tabşyrdyň. 6Şonuň üçin hem Öz barlygymdan ant içýärin, Hökmürowan Reb diýýär: ganyňy akdyraryn we gan seni kowalar. Gan dökmekligi ýigrenmändigiň üçin, gan seni kowalar. 7Segir dagyny weýran edip, harabaçylyga öwrerin; ol ýere gelip-gidýäni kesip taşlaryn. 8Daglaryňy jesetden dolduraryn; gylyçdan geçirilenler seniň depeleriňde, dereleriňde we jülgeleriňde ýatarlar. 9Seni ebedilik harabaçylyga öwrerin, galalaryň ilatsyz bolar. Onsoň sen Meniň Rebdigimi bilersiň“». 10«Men-Reb ol ýerde bolsam-da, sen „Bu iki millet, bu iki ýurt biziňki bolar, biz ony eýeläris“diýdiň. 11Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: Öz barlygymdan ant içýärin, Men hem seniň halkyma bolan ýigrenjiň sebäpli görkezen gahar we göripligiňe laýyk iş keserin. Seniň üstüňden höküm çykaranymda, ysraýyllaryň arasynda Özümi aýan ederin. 12Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň. Men seniň Ysraýyl daglaryna: „Harabaçylyk! Bular bize iýmäge berildi!“diýip aýdan ähli sögünçleriňi eşitdim. 13Sen diliň bilen Maňa garşy gedemlik etdiň, Meniň garşyma biderek ýaňradyň, Men muny eşitdim». 14Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Bütin dünýäniň şatlanýan mahaly Men seni harabaçylyga öwrerin. 15Sen ysraýyl halkynyň mirasy harabaçylyga öwrülende, näçe şatlanan bolsaň, şonça-da ejir çekersiň. Sen, eý, Segir dagy tutuş Edom harabaçylyga öwrülersiň. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň».
Copyright information for
TukLat16