‏ Ezekiel 36

Reb Ysraýyla bereket berýär

1Sen, eý, ynsan ogly, Ysraýyl daglary hakda pygamberlik edip, şeýle diý: «Eý, Ysraýyl daglary, Rebbiň sözüni eşidiň. 2Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Duşman siz hakda: ‘Heýjanelek! Indi gadymy belentlikler-de biziň mülkümiz boldy!’ diýýär“». 3Şonuň üçin pygamberlik et-de, şeýle diý: «Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Sizi harabaçylyga öwrüp, her tarapdan weýran etdiler. Şeýdip, siz milletleriň galyndysyna mülk bolduňyz, agza-dile düşüp, ile gürrüň bolduňyz“». 4Şonuň üçin hem, eý, Ysraýyl daglary, Hökmürowan Rebbiň sözüni eşidiň. Hökmürowan Reb daglara we depelere, jülgelere we derelere, daş-töwerekdäki başga milletlere talaň we gülki bolan harabalyklara, terk edilen galalara şeýle diýýändir: 5«Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Başga milletlere, esasan hem bütin Edoma garşy gyzgyn gaharym bilen gepledim. Olar örülere talaň saljak bolup, ýürek şatlygy we çuňňur ýigrenç bilen Meniň ýurdumy özlerine mülk edindiler“». 6Şonuň üçin Ysraýyl ýurdy hakda pygamberlik et, daglara we depelere, jülgelere we derelere Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Siz milletleriň gyjalatyny çekendigiňiz üçin, Men gabanjaňlyk gazabymda gepledim». 7Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men elimi galdyryp ant içýärin, töweregiňizdäki ähli milletler-de beren gyjalatlary zerarly özleri ejir çekerler. 8Eý, Ysraýyl daglary, siz şahalar çykaryp, halkym Ysraýyla miwe berersiňiz, çünki olaryň öz ýurduna dolanmaly wagty golaýlady. 9Men siziň tarapyňyzy tutýaryn we size tarap öwrülýärin; siz bejerilip ekilersiňiz. 10Men siziň ilatyňyzy, tutuş ysraýyl halkyny, olaryň hemmesini köpelderin, galalar ilatly bolar, harabalar abatlanar. 11Men ýurduňyzdaky ynsanlaryň we haýwanlaryň sanyny köpelderin. Olar örňäp köpelerler. Ozalkyňyz ýaly ýurduňyzy adamlardan dolduraryn we size öňküden-de artyk ýagşylyk ederin; onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz. 12Depäňizde ynsanlary halkym Ysraýyly gezdirerin; olar sizi mülk edinerler, siz olaryň mirasy bolarsyňyz. Gaýdyp olary öz çagalaryndan mahrum etmersiňiz».

13Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Olar saňa: „Sen adam iýiji, milletini öz çagalaryndan mahrum eden bir ýurt“diýdiler. 14Şonuň üçin sen mundan bu ýana adam iýmersiň, gaýdyp milletiňi öz çagalaryndan mahrum etmersiň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. 15Indi hiç haçan milletleriň gyjalatyny saňa eşitdirmerin; sen gaýdyp halklaryň kemsitmelerini çekmersiň we öz milletleriň büdremegine sebäp bolmarsyň». Muny Hökmürowan Reb diýýär.

16Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 17«Eý, ynsan ogly! Ysraýyl halky öz ýurdunda mesgen tutan wagty, erbet ýol-ýörelgeleri we işleri bilen ony haram etdi; Meniň öňümde olaryň ýol-ýörelgeleri aýbaşyly aýalyň haramlygy kimindi. 18Şeýlelikde, ýurda gan çaýkandyklary we öz ýasan butlary bilen ony haram edendikleri üçin, Men olaryň üstüne gyzgyn gazabymy dökdüm. 19Men olary milletleriň arasyna dargatdym, olar keseki ýurtlara dargadyldylar; öz tutan ýollaryna we işlerine görä olara höküm çykardym. 20Olar milletleriň arasynda, her bir baran ýerlerinde Meniň mukaddes adyma ysnat getirdiler. Olar hakda „Bular Rebbiň halky dälmi näme? Onda näme üçin olar Onuň ýurdundan çykaryldylar?“diýildi. 21Ysraýyl halkynyň gelip, milletleriň arasynda mukaddes adyma ysnat getirendiklerine haýpym geldi».

22Munuň üçin ysraýyl halkyna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Eý, ysraýyl halky, Men muny siziň hatyraňyza däl-de, siziň milletleriň arasyna gidip, ysnat getiren Öz mukaddes adymyň hatyrasyna edýärin. 23Milletleriň arasynda ysnat getirilen, olaryň arasynda siziň ysnat getiren beýik adymyň mukaddesdigini görkezerin. Men olara siziň üstüňiz bilen mukaddesligimi görkezenimde, milletler Meniň Rebdigimi bilerler. Muny Hökmürowan Reb diýýär. 24Men sizi milletleriň arasyndan yzyňyza alaryn, ähli ýurtlardan ýygnap, öz ýurduňyza getirerin. 25Onsoň üstüňize tämiz suwdan seperin, siz tämiz bolarsyňyz; sizi ähli haramlygyňyzdan, ähli butlaryňyzdan tämizlärin. 26Size täze ýürek bererin, içiňize täze ruh salaryn. Daşdan bolan ýüregi göwräňizden çykaryp, size etden bolan ýürek bererin. 27Parzlarymy berjaý ederiňiz ýaly, Men sizi ruhum bilen dolduraryn; onsoň hökümlerimi doly ýerine ýetirersiňiz. 28Ata-babalaryňyza beren ýurdumda mesgen tutarsyňyz. Siz Meniň halkym bolarsyňyz, Men-de siziň Hudaýyňyz bolaryn. 29Sizi ähli haramlygyňyzdan halas ederin. Men galla emr edip, ony köpelderin, size gaýdyp açlyk çekdirmerin. 30Gaýdyp siz milletleriň arasynda açlyk ryswalygyny çekmeziňiz ýaly, agajyň miwesini we meýdanyň hasylyny köpelderin. 31Onsoň erbet ýollaryňyzy, pis işleriňizi ýatlap, etmişleriňizden we nejis işleriňizden ýaňa özüňizi ýigrenersiňiz. 32Men muny siziň hatyraňyza etmeýärin – Hökmürowan Reb diýýär – muny bilip goýuň. Eý, ysraýyl halky, tutan ýollaryňyzdan utanyň, ýüzüňiz gyzarsyn!»

33Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sizi ähli etmişleriňizden tämizlän günüm galalary ilatly ederin, weýran bolup ýatan harabalary abatlaryn. 34Ötegçileriň gözleriniň alnynda haraba bolup ýatan çola ýurt bejeriler. 35Şonda olar şeýle diýerler: „Beý-bä! Ozal çolaryp galan ýurt Erem bagy ýaly bolupdyr-ow! Haraba bolup, weýran edilen gala dikeldilip, ilatly ýere öwrülipdir!“diýerler. 36Onsoň töweregiňizde galan milletler ýykylany dikeldýäniň, çola ýerleri ekinzarlyga öwürýäniň Men-Rebdigimi bilerler. Muny Men-Reb aýtdym we hökman ýerine ýetirerin».

37Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ysraýyl halkynyň Özümden ýene ýardam dilemegine gulak goýup, olar üçin şuny etjek: olary goýun sürüsi kimin köpeltjek. 38Baýramçylyklarda Iýerusalim gurbanlyk sürüsi bilen näçe doly bolsa, weýran edilen galalar-da adamlardan şonça doly bolar. Şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler».
Copyright information for TukLat16