‏ Ezekiel 4

Iýerusalimiň gabawy hakyndaky pygamberlik

1«Sen, eý, ynsan ogly! Özüňe bir kerpiç alyp, öňüňde goý-da, onuň ýüzüne Iýerusalim şäheriniň suratyny çek. 2Onuň daşyny gaba, garşysyna berkitmeler sal, diwaryna çykmak üçin ýapgyt gur; düşelgeler dik, töwerek-daşynda diwar ýykýan pürsler ýerleşdir. 3Onsoň bir demir jam al-da, demir diwar bolar ýaly, ony özüň bilen şäheriň arasynda ýerleşdir; ýüzüňi oňa tarap öwür. Şäher gabawda bolar, ony özüň gabarsyň. Bu ysraýyl halky üçin bir alamat bolar. 4Onsoň çep gapdalyňa gyşaryp ýat-da, ysraýyl halkynyň ýazygyny öz üstüňde ýerleşdir; çep gapdalyňa gyşaran günleriňiň sanyna görä olaryň ýazyklaryny çekersiň. 5Men olaryň ýazyklarynyň her ýylyny bir gün hasabyna öwrüp, seniň üstüňe ýükledim. Bu üç ýüz togsan gündür. Şeýlelikde, ysraýyl halkynyň ýazygyny sen çekersiň. 6Bulary gutaranyňdan soň, ikinji gezek gyşar, ýöne bu gezek sag gapdalyňa gyşar. Şeýdip, ýahuda halkynyň ýazygyny çekersiň. Men muny her ýyly bir gün hasabyna öwrüp, jemi kyrk güni seniň üstüňe ýükledim. 7Ýüzüňi Iýerusalimiň gabawyna tarap öwür-de, gollaryňy çermäp, onuň garşysyna pygamberlik et. 8Ine, Men seni tanap bilen baglaryn, sen gabaw günleriňi tamamlaýançaň, bir gapdalyňdan beýleki gapdalyňa öwrülip bilmersiň. 9Bugdaý, arpa, noýba, merjimek, dary we çowdary alyp, bir gaba guý-da, olardan özüňe çörek bişir; gapdalyňa gyşarjak günleriň sanyna görä üç ýüz togsan günläp ondan iý. 10Her günki iýjek iýmitiňiň agramy ýarym gadak
Ýarym gadak – ýewreýçe ýigrimi şekel. Bu takm. 220 gr deňdir.
bolar; sen muny bellenen wagtda iýersiň.
11Suwy hem ölçeg bilen içersiň. Ol ýarty küýze
Ýarty küýze – ýewreýçe hiniň altydan bir bölegi. Bu takm. 0,75 litre deňdir.
bolar; ony bellenen wagtda içersiň.
12Arpa kökeler iýersiň; kökeleri halkyň gözüniň alnynda adam nejasatyny ýakyp, şonuň üstünde bişirersiň». 13Reb: «Meniň aralaryna kowjak milletlerimiň içinde ysraýyl halky çöreklerini şeýdip, haram edip iýerler» diýdi. 14Onsoň men: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Men hiç haçan özümi haram eden däldirin, men ýaşlygymdan tä şu wagta çenli hiç wagt maslyk ýa parçalanan haýwan iýmedim, agzyma haram et degirmedim» diýdim. 15Ol maňa: «Bolýar, sen adam nejasatynyň deregine sygyr tezegini ulanyber, çöregiňi şonuň üstünde bişirersiň» diýdi. 16Soňra Ol sözüni dowam edip, maňa: «Eý, ynsan ogly! Men Iýerusalimde olary bir döwüm çörege zar ederin. Olar çöreklerini gorky içinde bellenen agramda iýerler we suwlaryny howp astynda ölçeg bilen içerler. 17Onsoň olar çörek bilen suwa zar bolup, biri-birlerine gorky bilen seredişerler we öz etmişleriniň astynda heläk bolarlar» diýdi.
Copyright information for TukLat16