‏ Ezekiel 42

Ruhanylaryň otaglary

1Onsoň ol adam meni demirgazyk tarapdan daşky howla çykardy. Hudaýyň öýüniň meýdançasynyň we ymaratyň gapdalyndaky demirgazyk otaglara getirdi. 2Gapysy demirgazyga bakýan bu ymaratyň uzynlygy ýüz tirsek, ini elli tirsekdi. 3Içki howlynyň ini ýigrimi tirseklik boş aralygynyň we daşky howlynyň daş ýolunyň arasynda üç gatly biri-birinden beýgelýän eýwanlar bardy. 4Bu iki hatar otaglaryň arasynda gezer ýaly ini on tirsek, uzynlygy ýüz tirsek bolan däliz bardy; onuň gapylary demirgazyga bakýardy. 5Ýokarky otaglar dardy, sebäbi jaýyň aşaky we ortaky otaglaryna garanda, eýwanlar olardan köpräk ýer tutýardy. 6Olar üç gatdan ybaratdy, howlynyň sütünleri ýaly sütünleri ýokdy; şonuň üçin ýokarky eýwan aşaky we ortaky eýwandan darrak edilipdi. 7Otaglaryň öňünde otaglara we daşky howla tarap uzalýan diwar bardy, onuň uzynlygy elli tirsekdi. 8Daşky howludaky otaglaryň uzynlygy elli tirsekdi; ybadathananyň garşysyndaky gapdal otaglaryň uzynlygy bolsa ýüz tirsekdi. 9Bu otaglara daşky howludan girjek bolsaň, gündogar tarapdaky aşaky geçelgeden bir girelge bardy. 10Içki howlynyň gündogar tarapynda meýdança we ymarata bakýan başga otaglar hem bardy. 11Demirgazyk tarapdaky otaglarda bolşy ýaly, bu otaglaryň hem deňinde bir geçelge bardy. Otaglaryň uzynlygy we ini birmeňzeşdi; olaryň ähli çykalgalary, gurluşy we gapylary edil şolar ýalydy. 12Şeýdip, günbatardaky otaglara edil demirgazykdaky ýaly diwaryň ýanyndaky gündogar tarapdan uzalýan aşaky geçelgeden girilýärdi. 13Ol adam maňa şeýle diýdi: «Meýdançanyň demirgazygyndaky we günortasyndaky otaglar mukaddes otaglardyr. Rebbe hyzmat edýän ruhanylar iň mukaddes zatlary ol ýerde iýerler; iň mukaddes zatlary, galla sadakasyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny ol ýerde goýarlar; çünki ol ýer mukaddesdir. 14Ruhanylar mukaddes ýere girenlerinde, hyzmat edýän wagty geýýän geýimlerini bu otaglarda çykaryp goýmazdan daşky howla çykmasynlar, sebäbi bu geýimler mukaddesdir. Halkyň ýanyna çykmazdan öň, olar başga geýimler geýmelidirler».

15Ol adam mukaddes ýeri ölçäp bolanyndan soň, meni gündogara tarap bakýan derwezeden çykaryp, diwaryň töwereginiň uzynlygyny ölçedi. 16Ölçeg taýagy bilen mukaddes ýeriň gündogar tarapyny ölçedi: bu ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsek çykdy. 17Onuň demirgazyk tarapyny ölçedi, ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsekdi. 18Onuň günorta tarapyny ölçedi: ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsek çykdy. 19Onuň günbatar tarapyny ölçedi: ölçeg taýagy boýunça bäş ýüz tirsek çykdy. 20Ony dört tarapyndan hem ölçedi. Mukaddes zady ýönekeý zatdan aýyrmak üçin onuň daş-töwereginde bir diwar bardy. Onuň uzynlygy-da, ini-de bäş ýüz tirsege deňdi.
Copyright information for TukLat16