Ezekiel 45
Ýurduň paýlanylmagy
1Ýurdy mülk hökmünde bije atyp paýlanyňyzda, ýurtdan mukaddes bir bölek ýeri sadaka hökmünde Rebbe beriň. Onuň uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek we ini ýigrimi müň ▼▼Ýigrimi müň – käbir golýazmalarda on müň.
tirsek bolsun; bu bölek tutuş töwerekleýin mukaddes bolar. 2Mukaddes öý üçin uzynlygy we ini bäş ýüz tirsek bolan inedördül meýdan we onuň töwereginde bolsa elli tirseklik açyk meýdan bolar. 3Mukaddes bölekden uzynlygyny ýigrimi bäş müň tirsek, inini on müň tirsek edip bir bölegi ölçe; bu mukaddes öý, ýagny örän mukaddes ýer bolar. 4Ýurduň bu mukaddes paýy mukaddes öýde Rebbe hyzmat etmek üçin ýakynlaşan ruhanylar üçindir. Bu bölekde olaryň öýleri bolar we mukaddes öý üçin mukaddes ýer bolar. 5Uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek, ini on müň tirsek ýer bolan beýleki bölüm Hudaýyň öýünde hyzmat edýän lewilere ýaşaýyş şäherlerini gurmak üçin mülk bolar. 6Mukaddes bölegiň gapdalynda şäher mülküni belläň; onuň uzynlygy ýigrimi bäş müň tirsek, ini bäş müň tirsek bolsun. Bu tutuş ysraýyl halkyna degişli bolar. 7Mukaddes bölege düşen paý bilen şähere düşen paýyň iki tarapyndaky ýerler hökümdara berler. Ol günbatar tarapdan günbatara, gündogar tarapdan gündogara tarap uzalyp gidýär. Onuň uzynlygy günbatar serhetden gündogar serhede çenli ysraýyl tireleriniň hersiniň paýy bilen deňdir. 8Bu Ysraýylda hökümdaryň mülki bolar. Mundan beýläk Meniň hökümdarlarym halkyma zulum etmezler, ýeri ysraýyl halkyna tirelerine görä paýlarlar. 9Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, ysraýyl hökümdarlary, indi bes ediň! Zorluk we zulumy aradan aýryp, adalaty we dogruçyllygy berjaý ediň; halkymy öz topragyndan kowmaň. Muny Hökmürowan Reb diýýär. 10Tereziňiz dogry bolsun, dogry agyrlyk daşyny we ölçeg küýzesini ulanyň. 11Agyrlyk daşy we ölçeg küýzesi birmeňzeş bolsun. Agyrlyk daşy batmanyň ondan birine, ölçeg küýzesi hem batmanyň ondan birine deň bolup, bularyň ölçegi bir bolsun; ikisiniň-de ölçegi resmi ölçege görä bolsun. 12Bir şekel ýigrimi gera ▼▼Gera – bu ýewreýleriň agyrlyk ölçegidir. Ýigrimi gera takm. 12 gr deňdir.
deň bolsun; bir mina ýigrimi şekele, ýigrimi bäş şekele we on bäş şekele ▼▼Ýigrimi şekele, ýigrimi bäş şekele we on bäş şekele – bu üç ölçegiň jemi takm. 700 gr deňdir.
deň bolsun. Sadakalar
13Bermeli sadakalaryňyz şulardyr: bir batman bugdaýyň altydan biri, bir batman arpanyň altydan biri. 14Resmi ölçege görä, ýag baradaky düzgün şudur: her kordan ▼▼Kor – bu ýewreýleriň göwrüm ölçegidir. Bir kor takm. 350 litre deňdir.
üç ýarym küýze ▼▼Üç ýarym küýze – ýewreýçe batyň ondan biri. Bu takm. 3,5 litre deňdir.
ýag bersinler. Bir kor üç ýüz elli küýzä ▼▼Üç ýüz elli küýze – ýewreýçe on bat. Bu takm. 350 litre deňdir.
ýa-da on batmana ▼▼On batman – ýewreýçe bir homer. Bu takm. 200 kg deňdir.
deňdir. 15Özlerini günäden saplamak üçin Ysraýylyň örülerinde bakylýan sürüden iki ýüzden bir goýny galla sadakasy, ýakma we salamatlyk gurbanlyklary hökmünde bersinler. Muny Hökmürowan Reb diýýär. 16Ýurduň ähli halky bu sadakalary Ysraýyldaky hökümdara bermelidir. 17Emma Ysraýylda ähli baýramlarda Täze Aý baýramynda, dabaralarda, Sabat günlerinde ýakma gurbanlygyny, galla we içgi sadakalaryny bermek hökümdaryň borjudyr. Ysraýyl halkyny günäden saplamak üçin günä gurbanlygyny, galla sadakasyny, ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny getirjek oldur». Baýramlar
18Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Birinji aýyň birine şikessiz bir öküzçe al-da, mukaddes öýi tämizle. 19Ruhany bolsa günä gurbanlygynyň ganyndan alyp, öýüň gapylarynyň söýelerine, gurbanlyk sypasynyň diwarynyň dört burçuna we içki howlynyň derwezeleriniň söýelerine çalsyn. 20Ýalňyşlyk bilen ýa-da bilmän günä eden adam üçin-de aýyň ýedisine şeýle edersiňiz; şunlukda, öýi-de murdarlykdan saplarsyňyz. 21Birinji aýyň on dördüne siziň üçin Pesah baýramy ýedi günlük baýram bolar; onda petir iýilmelidir. 22Şol gün hökümdar özi üçin we ýurduň halky üçin günä gurbanlygy hökmünde bir öküzçe hödürlär. 23Ol baýramyň tutuş ýedi gününde Rebbe ýakma gurbanlygy hökmünde her gün şikessiz ýedi öküzçe bilen ýedi goç we günä gurbanlygy üçin her gün bir erkeç hödürlär. 24Galla sadakasy hökmünde berlen öküz üçin hem, goç üçin hem bir batman bugdaý we her batman üçin hem dört küýze ▼▼Dört küýze – ýewreýçe bir hin. Bu takm. 4 litre deňdir.
ýag taýýarlar. 25Ýedinji aýyň on bäşine baýramyň başyndan tä ahyryna çenli ýedi günläp hökümdar günä we ýakma gurbanlyklaryny, galla sadakasyny we zeýtun ýagyny şol bir mukdarda hödür etmelidir».
Copyright information for
TukLat16