Ezekiel 46
1Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Içki howlynyň gündogara tarap bakýan derwezesi alty iş güni ýapyk bolar. Ol diňe Sabat güni we Täze Aýyň ilkinji güni açylar. 2Hökümdar daşardan derweze eýwanynyň üsti bilen içerik girip, gapynyň söýesiniň ýanynda durar. Onuň ýakma we salamatlyk gurbanlyklaryny ruhanylar hödür ederler; ol bosagada sežde edenden soň, daşary çykar, ýöne derweze agşama çenli açyk bolar 3Sabat günlerinde we aýyň başlarynda ýurduň halky bu derwezäniň girelgesinde Rebbiň huzurynda sežde eder. 4Hökümdaryň Sabat güni Rebbe hödür etmeli ýakma gurbanlygy şikessiz alty tokly we bir goç bolar. 5Ol goç bilen berilmeli galla sadakasy üçin bir batman bugdaý bersin, guzular bilen berilmeli galla sadakasyny öz göwün islegine görä hödür etsin we her batman üçin dört küýze ýag berer. 6Aýyň ilkinji güni bir öküzçe, alty tokly we bir goç hödür eder; bular şikesli bolmaly däldirler. 7Öküzçe we goç bilen berilmeli galla sadakasy üçin hersine bir batman bugdaý bersin, guzular bilen berilmeli galla sadakasyny öz göwün islegine görä hödür etsin we her batman üçin dört küýze ýag bersin. 8Hökümdar içeri girende, eýwanyň üsti bilen girip, şol ýol bilen hem yzyna çyksyn. 9Ýurduň halky baýramlarda Rebbiň huzuryna gelende, sežde etmek üçin demirgazykdaky derwezeden giren günortadaky derwezeden çykmalydyr; şeýle hem, günortadaky derwezeden giren demirgazykdaky derwezeden çykmalydyr, ýagny giren derwezesinden öwrülmän, onuň garşysyndakydan çykmalydyr. 10Girenlerinde, hökümdar olaryň ortasynda bolmalydyr we olar bilen bile girmelidir; çykanlarynda-da bile çykmalydyr. 11Baýramlarda we dabaralarda öküzçe we goç bilen berilmeli galla sadakasy üçin hersine bir batman bugdaý berilsin, guzular bilen berilmeli galla sadakasy öz göwün isleglerine görä hödür edilsin we her batman üçin dört küýze ýag berilsin. 12Hökümdar meýletin sadaka, ýagny ýakma ýa-da salamatlyk gurbanlyklary hökmünde Rebbe meýletin sadaka hödür edende, oňa gündogara tarap bakýan derweze açylmalydyr. Ol özüniň ýakma ýa-da salamatlyk gurbanlygyny edil Sabat güni edişi ýaly hödürlär. Onsoň daşary çykar we çykanyndan soň derweze ýapylar. 13Rebbe ýakma gurbanlygy hökmünde her gün hiç bir şikessiz tokly taýýarlaň; ony her gün ertirine hödür ediň. 14Şeýle hem onuň bilen her gün ertirine batmanyň altydan biri möçberinde saýlama un bilen, ony garmak üçin bir ýarym küýze ▼▼Bir ýarym küýze – ýewreýçe hiniň üçden biri. Bu takm. 1,5 litre deňdir.
ýag bilen galla sadakasyny hödür ediň. Bu ebedi düzgünler boýunça Rebbe hemişelik galla sadakasydyr. 15Gündelik ýakma gurbanlygy hökmünde her gün ertirine tokly, galla sadakasy we ýag hödürlensin». Hökümdaryň mülki baradaky kanunlar
16Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eger hökümdar öz ogullaryndan birine bir zat peşgeş berse, bu onuň öz mirasy bolar. Bu hökümdaryň agtyklarynyňky bolar; bu olara miras ýeten mülkdür. 17Eger-de öz mülküni gullarynyň birine peşgeş berse, ol azatlyk ýylyna çenli onuňky bolar; onsoň ol muny hökümdara yzyna gaýtarmalydyr; emma hökümdaryň mülki öz ogullarynyňky bolar. 18Hökümdar halkyň mirasyndan alyp, olary mülklerinden mahrum etmeli däldir; Meniň halkymdan hiç bir kişi mülkünden kowulmaz ýaly, her kim ogullaryna öz mülkünden miras bermelidir».Ybadathananyň aşhanalary
19Ýaňky adam meni derwezäniň gapdalyndaky girelgeden ruhanylaryň demirgazyga tarap bakýan mukaddes otaglaryna getirdi. Ine, ol maňa otaglaryň günbatarynda bir ýer görkezdi. 20Ol maňa: «Bu ýer ruhanylaryň ýazyk hem günä gurbanlyklaryny gaýnadýan we galla sadakasyny bişirýän ýeridir. Şoňa görä olar daşky howla çykmazlar we halka öz mukaddesliklerini geçirmezler» diýdi. 21Onsoň ol meni daşky howla çykaryp, howlynyň dört burçundan geçirdi; howlynyň her burçunda bir howly bardy. 22Howlynyň dört burçunda uzynlygy kyrk tirsek, ini otuz tirsek bolan ýapyk howlular bardy; bularyň dördüsiniň-de ölçegi birdi. 23Olaryň dördüsiniň-de daşy diwarlydy; töwerekleýin diwarlaryň düýbünde bolsa ojaklar bardy. 24Ol maňa: «Bular biş-düş jaýlarydyr. Öýüň hyzmatkärleri halkyň gurbanlyklaryny bu ýerde bişirerler» diýdi.
Copyright information for
TukLat16