Ezekiel 8
Rebbiň öýündäki nejis zatlar
1 Sürgünde bolýan wagtymyzyň altynjy ýylynyň altynjy aýynyň bäşine öýümde Ýahuda ýaşululary bilen otyrkam, Hökmürowan Reb elini meniň üstüme goýdy. 2Men seredenimde, oduň görnüşinde bir adamyň şekilini gördüm. Onuň bilinden aşagy oda meňzeýärdi, bilinden ýokarsy bolsa ýakut ýaly şöhle saçýardy. 3Ol ele meňzeş bir zat uzadyp, meniň saçymdan tutdy. Ruh meni ýer bilen gögüň arasyna galdyrdy we Hudaýdan gelen görnüşde Iýerusalime, içki howlynyň demirgazyk derwezesiniň girelgesine getirdi. Ol ýerde Hudaýda gabanjaňlyk döredýän nejis but gurulgydy. 4Ysraýyl Hudaýynyň şöhraty şol ýerdedi. Ol meniň düzlükde gören görnüşim ýalydy. 5Onsoň Hudaý maňa: «Eý, ynsan ogly! Demirgazyk tarapdaky ýola seret» diýdi. Görsem, gurbanlyk sypasynyň demirgazyk derwezesiniň girelgesinde ýaňky nejis but bar eken. 6Ol maňa ýene: «Eý, ynsan ogly! Olaryň näme edýänini görýärsiňmi? Meni mukaddes öýümden daşlaşdyrjak bolup, ysraýyl halky bu ýerde nejis işler edýär. Indi mundan-da beter nejisligi görersiň» diýdi. 7Ol meni howlynyň girelgesine getirdi. Görsem, diwarda bir deşik bar eken. 8Soňra Ol maňa: «Eý, ynsan ogly, gel, diwary oý» diýdi. Men diwary oýdum; ol ýerde bir girelge peýda boldy. 9Maňa: «Içeri gir-de, olaryň bu ýerde edýän has nejis işlerini gör» diýdi. 10Men içerik girip seretdim, diwaryň töwerek-daşyna her hili süýrenijileriň, ýigrenji haýwanlaryň we ysraýyl halkynyň ähli butlarynyň suratlary çekilendi. 11Olaryň öňünde bolsa ysraýyl halkynyň ýaşulularyndan ýetmiş kişi durdy. Olaryň ortasynda Şapanyň ogly Ýazanýa durdy. Her haýsynyň elinde ýakymly ysly tütetgi gaby bardy. Tütetginiň ysy bulut kimin ýokary göterilýärdi. 12Onsoň Ol maňa: «Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýaşulularynyň her biriniň garaňkyda butlardan doly otaglarynda näme edýänini gördüňmi? Olar Reb bizi görmeýär, Reb ýurdy terk etdi diýýärler» diýdi. 13Maňa ýene-de: «Beýläňe öwrül, olaryň mundan beter nejisligini görersiň» diýdi. 14Onsoň meni Rebbiň öýüniň demirgazyk tarapyndaky derwezesiniň girelgesine getirdi. Ine, ol ýerde Tammuz hudaýy üçin ýas tutýan aýallar otyrdylar. 15Ol maňa: «Eý, ynsan ogly, gördüňmi? Ýene öwrül, mundan hem beter nejisligi görersiň» diýdi. 16Onsoň meni Rebbiň öýüniň içki howlusyna getirdi. Ine, Rebbiň ybadathanasynyň girelgesinde eýwan bilen gurbanlyk sypasynyň aralygynda ýigrimi bäşe golaý adam bardy. Olaryň arka tarapynda Rebbiň ybadathanasy, özleri bolsa gündogara tarap bakyp durdular. Olar gündogara tarap bakyp, Güne sežde edýärdiler. 17Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly, gördüňmi? Ýahuda halkyna bu ýerde nejis işleri etmek azlyk edýärmikä? Olar ýurdy zorlukdan doldurdylar, ýene-de Meniň gaharymy getirýärler; seret, burunlaryna çybyk tutýarlar ▼▼Burunlaryna çybyk tutýarlar – butparazçylyk dessurlarynyň biri bolmagy mümkin.
. 18Munuň üçin Men-de gahar-gazap bilen hereket ederin, gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez. Gaty ses bilen gulagyma gygyrsalar-da, olary diňlemerin».
Copyright information for
TukLat16