‏ Ezekiel 15

Peýdasyz agaç

1Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Eý, ynsan ogly! Üzüm agajyndan, ýagny jeňňel agaçlarynyň arasyndaky üzüm şahasyndan näme edilýär? Tokaýyň ähli agaçlary bilen deňeşdireniňde, onuň peýdasy ýokdur. 3Iş üçin ondan agaç alynýarmy? Ýa üstünden bir zat asmak üçin asgyç ýasalýarmy? 4Ol odun hökmünde ýakylýar. Ot onuň iki ujuny ýakyp, ortasyny garaldansoň, ol derde ýararmy? 5Abatka derde ýaramadyk zat, oda ýanyp garalansoň derde ýararmy?» 6Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men tokaý agaçlarynyň arasyndan üzüm agajyny odun hökmünde nädip ýakan bolsam, Iýerusalimiň ilatyny-da şeýdip oda ýakaryn. 7Men olardan ýüzümi öwrerin. Olar bir otdan gaçyp gutulsalar-da, beýleki bir ot barybir olary ýandyrar. Olara garşy çykanymda, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz. 8Onsoň olaryň Maňa dönüklik edendigi üçin ýurdy haraba öwrerin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
Copyright information for TukLat16