Ezekiel 2
Reb Ezekiýel pygamberi çagyrýar
1Gepleýän ses maňa: «Eý, ynsan ogly, aýak üstüne gal, seniň bilen gepleşjek» diýdi. 2Ol geplände, Ruh içime girip, meni aýak üstüne galdyrdy. Men Onuň özüme ýüzlenip gepleýänini eşitdim. 3Ol maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly, Men seni garşyma baş göteren pitneçi millet bolan ysraýyl halkynyň arasyna iberýärin. Şu güne çenli olar we olaryň ata-babalary Maňa garşy bolup geldiler. 4Bu halk dikdüşdi we tekepbirdir. Men seni olaryň ýanyna iberýärin. Sen olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär“diý. 5Bu pitneçi halk seni islese diňlesin, islemese diňlemesin, ýöne olar öz aralarynda bir pygamberiň bardygyny bilsinler. 6Eý, ynsan ogly, sen olardan we olaryň sözlerinden gorkma. Daşyňy çalydyr tikenekler gurşasa-da, içýanlar arasynda ýaşasaň-da gorkma. Olaryň sözlerinden gorkma, ýüzlerinden heder etme, olar pitneçi halkdyr. 7Olar seni isle diňlesinler, isle diňlemesinler, olara sözlerimi aýt, çünki olar pitneçi halkdyr. 8Ýöne sen, eý, ynsan ogly, özüňe aýdýanlarymy diňle. Bu pitneçi halk ýaly dikdüşdi bolma, agzyňy aç-da, saňa berjek zadymy iý». 9Onsoň men özüme tarap uzalýan bir el gördüm; ol elde bir düýrlenen kagyz bardy. 10Ony meniň öňümde açyp goýdy, onuň iki tarapy hem ýazylgydy, onda agylar, iňňildiler we nalyş sözleri ýazylgydy.
Copyright information for
TukLat16