Ezekiel 28
Sur patyşasyna garşy pygamberlik
1Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Eý, ynsan ogly! Sur hökümdaryna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Sen ýürekde gedemlik edip: ‘Men hudaýdyryn, men deňizler ummanynda, hudaýlaryň tagtynda oturýaryn’ diýdiň; ýüregiňi hudaýlaryň ýüregi kimin tutsaň-da, sen hudaý dälsiň, ynsansyň. 3Sen Danyýelden has akyllysyň, hiç bir syr senden gizlin däldir. 4Sen danalygyň we düşünjäň bilen baýlyk edindiň, hazynalaryňda altyn, kümüş topladyň. 5Söwdada çuň danalygyň bilen baýlygyňy köpeltdiň, baýlygyňdan ýaňa ýüregiňi gedem tutduň“». 6Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Sen ýüregiňi bir hudaý ýaly tutduň. 7Munuň üçin Men gelmişekleri, milletleriň iň rehimsizini seniň üstüňe getirerin; olar seniň ajaýyp danalygyňy gylyç bilen kesip, şan-şöhratyňy harlarlar. 8Seni gabra indererler; sen deňizleriň goýnunda wagşy ölüme duçar bolarsyň. 9Sen özüňi öldürenleriň huzurynda-da: „Men hudaý“diýersiňmi? Özüňi öldürenleriň elinde sen hudaý dälsiň, ynsansyň. 10Sen gelmişekleriň elinde sünnetsizleriň ölümi bilen heläk bolarsyň, sebäbi Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“diýýär». 11Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 12«Eý, ynsan ogly! Sur patyşasy üçin agy aýt,oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý:
„Kämilligiň möhüri, danalygyň,
gözelligiň aňrybaşy sendiň.
13Sen Eremde – Hudaýyň bagyndadyň;
lagyl, topaz, göwher, sary ýakut, hakyk,
ýaşyl gaşlar, ýakut, pöwrize we zümerret
ýaly ähli gymmatbaha daşlara we altyna gaplanypdyň;
gaş öýeleriňdir oýma nakgaşçylyk
işleriň hem altyndandy,
bularyň ählisi seniň ýaradylan günüň taýýarlanypdy.
14Sen goragçy kerup bolar ýaly
ganatlaryňy ýaýyp oturdyň,
seni Men belläpdim.
Sen Hudaýyň mukaddes dagyndadyň,
otly daşlaryň arasynda gezdiň.
15Ýaradylan günüňden
tä senden ýazyk tapylýança,
ýollaryňda aýypsyzdyň.
16Söwdaňyň köplügi zerarly seni zulumdan doldurdylar,
sen günä etdiň.
Şeýlelikde, Men seni haram hökmünde Hudaýyň dagyndan aşak taşladym.
Men seni, eý, goragçy kerup,
otly daşlaryň arasyndan kowup ýok etdim.
17Owadanlygyň zerarly ýüregiňi tekepbir tutduň,
şöhratparazlygyňdan ýaňa danalygyňy harladyň;
Men seni ýere çaldym; görsünler diýip, patyşalaryň öňüne zyňdym.
18Sen köp etmişleriň bilen,
erbet söwdagärligiň bilen mukaddes ýerleriňi harama çykardyň;
onsoň Men içiňden ot berdim; ol seni ýandyrdy.
Men seni ähli görýänleriň gözleriniň alnynda ýakyp,
ýer ýüzünde kül etdim.
19Halklar arasynda seni tanaýanlaryň bary saňa aňkarylyşarlar;
sen elhenç howpa uçrap, ebedilik ýok bolarsyň“».
Sidon galasyna garşy pygamberlik
20Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 21«Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Sidona tarap öwür-de, oňa garşy pygamberlik et. 22Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Sidon, Men saňa garşydyryn; Men seniň içiňde şöhrat gazanaryn. Saňa hökümler çykaryp, Öz mukaddesligimi ykrar edenimde, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz. 23Men galanyň içine mergi iberip, köçelerinden gan akdyraryn; dumly-duşdan üstüne inýän gylyçdan galadaky ýaralylar heläk bolarlar. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler. 24Ysraýyl halkyny ýigrenýänleriň hiç biri indi gaýdyp Ysraýyla çümýän ýandak we awuly tiken bolmaz, şonda olar Meniň Hökmürowan Rebdigimi bilerler“». 25Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men ysraýyl halkyny dargadylan halklaryň arasyndan yzyna ýygnap, milletleriň gözleriniň alnynda mukaddesligimi ykrar ederin. Şundan soň olar öz ýurtlarynda, ýagny Meniň gulum Ýakuba beren ýurdumda mesgen tutarlar. 26Ol ýerde howpsuz ýaşap, öýler gurarlar, üzüm baglaryny oturdarlar. Daş-töwerekdäki olary ýigrenýänlere hökümler çykaranymdan soň, olar howpsuz ýaşarlar. Şonda olar Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi bilerler».
Copyright information for
TukLat16