‏ Ezekiel 38

Goguň çozuşy

1Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Eý, ynsan ogly! Magok ýurdundaky Meşegiň we Tubalyň hökümdary Goga tarap ýüzüňi öwür-de, oňa garşy pygamberlik et. 3Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Meşegiň we Tubalyň hökümdary Gog! Men saňa garşydyryn. 4Men seni arkan agdaryp, äňleriňe çeňňek salaryn. Seni we bütin goşunyňy, atlaryňy, atlylaryňy, bezemen geýnüwli, uly hem kiçi galkanly, elleri syrylan gylyçly uly jemagatyňyň ählisini çykararyn. 5Olar bilen birlikde ählisi galkanly, demir tuwulgaly bolan pars, Efiopiýa we Put halklaryny, 6Gomeri we onuň tutuş goşunlaryny, demirgazygyň aňry ujundan Togarma halkyny we ähli goşunlaryny seniň bilen birlikde köp halklary çykararyn.

7Taýýar bol! Ýanyňa ýygnan ähli jemagatyň bilen birlikde taýýar bol. Bu jemagata sen goragçy bolarsyň. 8Köp wagtdan soňra sen söweşe çagyrylarsyň. Geljek ýyllarda sen köp halklaryň içinden yzyna ýygnalan, hemişelik haraba öwrülen Ysraýyl daglarynda toplanan, uruşdan rahatlyga gowşan ýurda hüjüm edersiň. Başga milletleriň arasyndan çykarylyp getirilen bu halkyň hemmesi indi howpsuz ýaşaýarlar. 9Sen ýokary göterilip, tupan ýaly bolup gelersiň; ýurdy gaplamak üçin sen we goşunlaryň, özüň bilen birlikde köp halklar bulut ýaly bolup gelerler“».

10Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol gün seniň aňyňa köp pikirler geler, dildüwşük gurarsyň. 11Sen: „Goragsyz obalaryň garşysyna çykaýyn, dynç we howpsuz ýaşaýanlaryň üstüne döküleýin. Olaryň ýaşaýan ýerleriniň bary diwarsyz, ol ýerde kilt-de, gapy-da ýok“diýersiň. 12Sen öň weýran edilen, emma indi ilatly bolan şäherlerde ýaşaýan bu halky talap, olja alarsyň. Milletleriň arasyndan yzyna ýygnalyp, çarwaçylyk hem söwda bilen meşgullanýan, dünýäniň ortasynda ýaşaýan bu halka garşy eliňi uzadarsyň. 13Şeba, Dedan, Tarşyş söwdagärleri we onuň ähli ýolbaşçylary senden: „Talamaga geldiň dälmi? Jemagatyňy olja almak, altyn-kümüş äkitmek, emläk we köp olja edinmek üçin ýygnadyňmy?“diýip sorarlar».

14Munuň üçin, eý, ynsan ogly, pygamberlik et-de, Goga Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Şol gün sen Meniň halkym Ysraýylyň howpsuz ýaşaýandygyna göz ýetirersiň! 15Şonda sen ýanyňdaky köp halklar bilen, at üstünde bolan uly jemagat we güýçli goşun bilen demirgazygyň aňry ujundan, öz mekanyňdan gelersiň. 16Sen ýer ýüzüni gaplaýan bulut kimin halkym Ysraýylyň üstüne hüjüm edersiň. Eý, Gog, ahyrky günlerde Men seni Öz ýurduma hüjüm etdirerin, sen arkaly milletlere mukaddesligimi aýan edip, Özümi tanadaryn».

17Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Öňki döwürlerde gullarym Ysraýyl pygamberleriniň üsti bilen gürrüňini edenim sen dälmidiň? Ol günlerde Meniň seni ysraýyllaryň garşysyna çykarjakdygym hakda ýyllar boýy pygamberlik etdiler. 18Goguň Ysraýyl ýurdunyň garşysyna çykan güni, hut şol gün Meniň gahar-gazabym möwç urar. Muny Hökmürowan Reb diýýär. 19Gabanjaňlygym we otly gazabym bilen Men jar edýän: Şol gün Ysraýyl ýurdunda ýer titrär. 20Deňziň balyklary, gögüň guşlary, ýyrtyjy haýwanlar, ýerdäki süýrenijiler we ýer ýüzündäki ähli ynsanlar Meniň huzurymda titreşerler, daglar ýumrular, uçutlar ýykylar, ähli diwarlar ýer bilen ýegsan bolar. 21Ähli daglarymda gylyjy Goguň üstüne çozmaga çagyraryn Hökmürowan Reb diýýär her adamyň gylyjy öz doganyna garşy bolar. 22Gogy mergi we gylyç bilen jezalandyraryn; onuň we goşunlarynyň üstüne, ýanyndaky köp halklaryň üstüne gark ediji ýagyş we güýçli doly, ot we kükürt ýagdyraryn. 23Şeýdip, Men beýikligimi we mukaddesligimi görkezjekdirin, köp milletleriň gözleriniň alnynda Özümi aýan etjekdirin; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler».
Copyright information for TukLat16