‏ Ezekiel 39

1Eý, ynsan ogly, Goguň garşysyna pygamberlik et we oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Eý, Meşegiň we Tubalyň hökümdary Gog! Men saňa garşydyryn. 2Seni arkan agdaryp süýrärin, demirgazygyň aňry uçlaryndan çykaryp, Ysraýyl daglarynyň üstüne getirerin. 3Sol eliňden ýaýyňy, sag eliňden okuňy urup gaçyraryn. 4Sen ähli goşunlaryň we ýanyňdaky halklar bilen birlikde Ysraýyl dagynyň üstünde heläk bolarsyň. Seni her hili ýyrtyjy guşlara we ýabany haýwanlara iýmit edip bererin. 5Sen açyk meýdanda heläk bolarsyň, çünki Hökmürowan Reb: „Muny Men aýtdym“diýýär. 6Magogyň we kenarýakalarynda howpsuz ýaşaýanlaryň üstüne ot ibererin; şonda olar Meniň Rebdigimi bilerler. 7Halkym Ysraýylyň içinde mukaddes adymy aýan ederin; mundan beýläk mukaddes adymyň harlanmagyna ýol bermerin; onsoň milletler Ysraýylda mukaddes bolan Meniň Rebdigimi bilerler. 8Ine, ol gün geler we amala aşar, Hökmürowan Reb diýýär; Meniň gürrüňini eden günüm bu gündür. 9Ysraýyl galalarynyň ilaty daşary çykyp ot ýakar, ähli ýaraglary, kiçi hem uly galkanlary, ýaýlary we oklary, serdesseleri we naýzalary ýakyp-ýandyrarlar; bular ýedi ýyllap oda ýakylar. 10Oduny meýdandan daşamazlar, tokaýlary çapmazlar. Olar ody ýaraglar bilen ýakarlar; özlerini talanlary talarlar, soýanlary soýarlar. Muny Hökmürowan Reb diýýär. 11Şol gün Men Ysraýylda, deňziň gündogaryndaky Ötegçiler deresinde Goga gabrystanlyk bererin. Gogy we onuň ähli goşunyny ol ýerde gömerler we oňa „Goguň beýik goşunynyň deresi“diýerler. 12Ýurdy tämizlemek üçin ysraýyl halky ýedi aýlap olary gömmegini dowam etdirer. 13Ýurduň halky olary gömer. Meniň şöhratlanan günüm bu ysraýyl halky üçin at-abraý bolar. Muny Hökmürowan Reb diýýär. 14Ýurdy tämizlemek üçin adamlar bellener. Olar hemişe ýurduň içinde gezip, her bir ýerde galan basybalyjynyň jesedini gömerler, şeýdip, ýurdy tämizlärler. Bu tämizleýiş işi ýedi aýyň dowamynda geçirilmelidir. 15Ýurduň içinde gezýän gözlegçiler adam süňküni görse, ony tä Gog goşunynyň deresinde gömýänçäler, onuň ýanynda bir nyşan dikerler. 16Galanyň ady-da Hamona
Hamona – bu söz Beýik goşun diýmegi aňladýar.
bolar. Şeýdip, olar ýurdy tämizlärler».

17Eý, ynsan ogly, Hökmürowan Reb her hili guşlara we ähli ýyrtyjy haýwanlara şeýle diýýär diý: «Üýşüň-de, geliň; siziň üçin kesjek gurbanlygyma, Ysraýyl daglarynyň üstündäki uly gurbanlyga dumly-duşdan ýygnanyň, et iýersiňiz, gan içersiňiz. 18Başanyň semiz haýwanlarynyň: goçlaryň, guzularyň, erkeçleriň we öküzleriň eti we gany ýaly, güýçli adamlaryň we dünýäniň hökümdarlarynyň etini iýersiňiz, ganyny içersiňiz. 19Siziň üçin kesen gurbanlygymdan doýýançaňyz ýag iýersiňiz, serhoş bolýançaňyz gan içersiňiz. 20Saçagymyň başynda atlardan, söweş arabalaryndan, güýçli urşujylardan hem esgerlerden doýarsyňyz. Muny Hökmürowan Reb diýýär. 21Men milletleriň arasynda şöhratymy aýan ederin; çykaran hökümlerimi, üstlerine goýan elimi ähli milletler görerler. 22Şeýlelikde, ysraýyl halky şol günden başlap, Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi biler. 23Milletler ysraýyl halkynyň Maňa dönüklik edendigi üçin, öz ýazygy sebäpli ýesir edip äkidilendigini bilerler. Men ýüzümi olardan gizledim, olary duşmanlarynyň eline berdim, ählisi gylyçdan heläk boldular. 24Olara öz haramlyklaryna we günälerine laýyk jeza berdim; ýüzümi olardan gizledim». 25Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Indi Men Ýakubyň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin, bütin ysraýyl halkyna rehim ederin we mukaddes adym sebäpli gabanjaň bolaryn. 26Olara hiç kim howp salman, öz ýurtlarynda howpsuz ýaşanlarynda, özleriniň masgaraçylykly hereketlerine we Maňa garşy eden dönükliklerine utanarlar. 27Men olary halklaryň arasyndan yzlaryna getirenimde we duşmanlarynyň ýurdundan ýygnanymda, olaryň üsti bilen köp milletleriň gözleriniň alnynda Öz mukaddesligimi görkezerin. 28Sürgün eden ýerlerimden halky yzyna getirenimde, olar Meniň özleriniň Hudaýy Rebdigimi bilerler; ol ýerde olaryň birini-de galdyrman öz ýurtlaryna ýygnaryn. 29Ruhumy ysraýyl halkynyň üstüne dökerin we indi hiç haçan ýüzümi olardan gizlemerin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.
Copyright information for TukLat16