‏ Ezekiel 40

Täze ybadathana hakyndaky görnüş

1 Sürgünde bolýan wagtymyzyň ýigrimi bäşinji ýylynyň birinji aýynyň onuna Iýerusalim şäheriniň ýykylmagynyň on dördünji ýyly, edil şol gün Rebbiň eli meniň üstümdedi. Ol meni şol ýere äkitdi. 2Görnüşde Hudaý meni Ysraýyl ýurduna getirip, bir belent dagyň üstünde goýdy. Günorta tarapda şähere meňzeş binalar bar ýalydy. 3Reb meni ol ýere getirdi. Ine, bir adam peýda boldy, daş keşbi bürünç ýaly ýalpyldaýardy, elinde zygyrdan edilen ýüp we bir ölçeg taýagy bardy; ol derwezede durdy. 4Ýaňky adam maňa şeýle diýdi: «Eý, ynsan ogly! Gözleriň bilen gör, gulaklaryň bilen eşit, saňa görkezjek ähli zatlaryma ýagşy üns ber. Sen bu ýere meniň saňa görkezmegim üçin getirildiň. Görýän ähli zatlaryňy ysraýyl halkyna jar et».

5Ine, Hudaýyň öýüniň daşynda töwerekleýin diwar bardy. Ýaňky adamyň elinde uzynlygy alty tirsek bolan ölçeg taýagy bardy, her tirsek adaty tirsekden dört barmak uzyndy. Ol diwaryň galyňlygyny ölçedi: onuň ini-de, boýy-da bir ölçeg taýagyna deňdi. 6Onsoň ol gündogar tarapdaky derwezä gelip, onuň basgançaklary bilen gapysynyň ýanyna çykyp, onuň bosagasyny ölçedi: onuň ini bir ölçeg taýagydy. Bu bosaganyň ini bir ölçeg taýagydy. 7Her hüjräniň uzynlygy-da, ini-de bir ölçeg taýagydy. Hüjreleriň aralygy bäş tirsekdi. Hudaýyň öýüne tarap bakýan eýwanyň ýanyndaky gapynyň bosagasynyň uzynlygy bir ölçeg taýagydy. 8 9Soňra ol derwezäniň içki eýwanyny ölçedi, ini alty tirsek, uzynlygy sekiz tirsek çykdy. Söýeleriniň galyňlygy iki tirsekdi; derwezäniň içki eýwany Hudaýyň öýüne tarap bakyp durdy. 10Gündogar tarapdaky derwezäniň hüjreleri her ýandan üçdi; üçüsiniň-de ölçegi birdi; söýeleriň ölçegi hem her ýandan birdi. 11Ol derwezäniň agzynyň inini ölçedi, on tirsek boldy we içki derwezäniň uzynlygy on üç tirsek boldy. 12Hüjreleriň öňünde her tarapdan bir tirseklik diwar bardy; hüjreleriň ölçegi her ýandan alty tirsekdi. 13Ol derwezäni bir hüjräniň üçeginden beýleki üçegine çenli ölçedi: onuň ini ýigrimi bäş tirsek çykdy, hüjreleriň girelgeleri biri-birine bakyşyp durdular. 14Derwezäniň girelgesindäki däliziň töwerekleýin ölçegi altmyş tirsek çykdy. 15Derwezäniň girelgesinden içki eýwanyň aňry başyna çenli uzynlyk elli tirsekdi. 16Derwezäniň iç tarapynda hüjreleriň we söýeleriň her ýanynda penjire görnüşli tagçalar bardy, eýwanlar hem şeýledi; söýeleriň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy.

17Onsoň ol meni daşky howla getirdi; ol ýerde otaglar we töwerekleýin çekilen daş ýol bardy. Daş ýoluň ugrunda otuz otag bardy. 18Derwezeleriň iki gapdalyndaky daş ýoluň giňligi derwezeleriň uzynlygyna deňdi. Bu aşaky daş ýoldy. 19Onsoň ol aşaky derwezäniň öňünden içki howlynyň öňüne çenli bolan giňişligi daşardan ölçedi: ol ýüz tirsek çykdy; gündogar we demirgazyk tarapda-da şeýledi. 20Daşky howlynyň demirgazygyndaky derwezäniň-de uzynlygyny we inini ölçedi. 21Onuň hüjreleri bu ýanda üç, ol ýanda hem üçdi; söýeleriň we eýwanyň ölçegi birinji derwezäniň ölçegi bilen meňzeşdi; uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi. 22Onuň tagçalary, eýwany we çekilen palma agaçlarynyň şekili gündogar tarapdaky derwezäniň ölçegine görädi. Oňa ýedi basgançakdan çykylýardy we olar eýwana alyp barýardy. 23Içki howlynyň derwezeleri demirgazyk we gündogar tarapdaky derwezeler bakyşyp durdular; derwezeden derwezä çenli aralygy ölçedi: ol ýüz tirsek çykdy.

24Onsoň ol adam meni günorta tarapa äkitdi; ine, günorta tarapa bakýan bir derweze bardy; onuň söýelerini we eýwanyny ölçedi, munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi. 25Derwezede we eýwanda öňki tagçalar ýaly tagçalar bardy we derwezäniň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi. 26Oňa çykar ýaly ýedi basgançak bardy we olar eýwana alyp barýardy. Onuň söýeleriniň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy; olaryň biri bu ýanda, beýlekisi ol ýandady. 27Içki howlynyň günorta derwezesi bardy; ol adam günorta derwezeden beýleki derwezä çenli uzynlygyny ölçedi, ol ýüz tirsek çykdy.

28Soňra ol meni günortadaky derwezeden içki howla getirdi we günortadaky derwezäni ölçedi; munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi. 29Onuň hüjreleriniň, söýeleriniň we eýwanynyň ölçegleri-de beýlekilere meňzeşdi. Derwezede we eýwanda töwerekleýin tagçalar bardy. Derwezäniň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi. 30Howlynyň her gapdalynda uzynlygy ýigrimi bäş tirsek, ini bäş tirsek bolan eýwanlary bardy. 31Derwezäniň eýwany daşky howla tarap bakyp durdy; söýeleriniň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy; oňa çykar ýaly sekiz basgançak bardy.

32Onsoň ol meni içki howla, onuň gündogar tarapyna getirdi; derwezäni ölçedi, munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi. 33Onuň hüjreleriniň, söýeleriniň we eýwanynyň ölçegleri-de beýlekilere meňzeşdi; derwezede we eýwanda töwerekleýin tagçalar bolup, derwezäniň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi. 34Derwezäniň eýwany daşky howla tarap bakyp durdy; söýeleriniň ýüzünde palma agaçlarynyň şekili bardy; oňa çykar ýaly sekiz basgançak bardy.

35Onsoň ol meni demirgazykdaky derwezä getirdi; ony ölçedi, munuň ölçegi-de beýlekilere meňzeşdi. 36Munuň-da hüjreleri, söýeleri, eýwany we tutuş töweregindäki tagçalary meňzeşdi. Onuň uzynlygy elli tirsek, ini ýigrimi bäş tirsekdi. 37Onuň eýwany daşky howla tarap bakýardy; söýeleriniň ýüzünde her ýan tarapdan palma agaçlarynyň şekili bardy; oňa çykar ýaly sekiz basgançak bardy. 38Derweze girelgesindäki sütünleriň gapdalynda gapysy açyk bir otag bardy; ýakma gurbanlyklaryny şol ýerde ýuwýardylar. 39Üstünde ýakma gurbanlygyny, günä we ýazyk gurbanlyklaryny soýar ýaly eýwanyň her tarapynda iki hantagta durdy. 40Eýwanyň daşynda, demirgazykdaky derweze girelgesiniň her ikiýan gapdalynda iki hantagta durdy. 41Derwezäniň her ikiýan gapdalynda dört hantagta bolup, üstünde gurbanlyk malyny soýar ýaly jemi sekiz hantagta bardy. 42Ýakma gurbanlygy üçin ýonulan daşdan uzynlygy we ini bir ýarym tirsek, beýikligi bolsa bir tirsek bolan dört hantagta durdy; olaryň üstünde bolsa ýakma gurbanlygyny we beýleki gurbanlyklary soýmak üçin enjamlar bardy. 43Otagyň içinde töwerekleýin hersiniň uzynlygy dört barmak bolan ildirgiçler kakylgydy; hantagtalaryň üstünde bolsa gurbanlyk eti bardy. 44Içki derwezäniň daşynda, içki howluda iki otag
Iki otag – käbir golýazmalarda aýdymçylar üçin otaglar.
bardy; bularyň biri demirgazyk derwezesiniň gapdalyndady we ýüzi günorta tarap bakýardy, beýlekisi günorta derwezesiniň gapdalynda bolup, ýüzi demirgazyk tarapa bakýardy.

45Ol adam maňa şeýle diýdi: «Ýüzi günorta tarap bakýan bu otag Hudaýyň öýüni goraýan ruhanylar üçindir. 46Ýüzi demirgazyga tarap bakýan otag bolsa, gurbanlyk sypasyny goraýan ruhanylar üçindir. Bular lewi tiresinden bolup, Rebbe hyzmat etmek üçin, Oňa ýakynlaşan Sadogyň ogullarydylar». 47Soňra ol howlyny ölçedi; onuň uzynlygy-da, ini-de ýüz tirsek bolup, inedördüldi. Gurbanlyk sypasy bolsa Hudaýyň öýüniň öňündedi.

Hudaýyň öýi

48Onsoň ol adam meni Hudaýyň öýüniň eýwanyna getirip, onuň girelgesiniň gapdal diwarlaryny ölçedi, olaryň uzynlygy bäş tirsekdi; girelgäniň ini on dört tirsek, gapdal diwarlarynyň ini bolsa üç tirsekdi. 49Eýwanyň uzynlygy ýigrimi tirsek, ini on iki tirsekdi; oňa çykar ýaly on basgançak bardy. Girelgäniň ikiýan gapdalynda sütünler bardy.
Copyright information for TukLat16