Ezekiel 7
Ysraýyl halkynyň soňky günleri
1Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: 2«Eý, ynsan ogly! Hökmürowan Reb Ysraýyl ýurduna şeýle diýýär: „Soňy geldi!Ýurduň dört künjeginiň soňy geldi!
3Ine, siziň soňuňyz geldi!
Men siziň üstüňizden gazabymy indererin.
Öz tutan ýollaryňyza laýyklykda
üstüňizden höküm çykararyn,
ähli nejis işleriňizi öz başyňyza getirerin.
4Araňyzda nejis işler edýändigiňiz üçin,
Men sizi öz ýollaryňyza görä jezalandyraryn.
Gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez.
Onsoň siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz“». 5Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Betbagtlyk! Ine, öň görlüp-eşidilmedik betbagtlyk gelýär!
6Soňuňyz geldi; hawa, soňuňyz geldi!
Ol siziň garşyňyza oýandy; ine, gelýär!
7Nobat size ýetdi, eý, ýurduň ilaty!
Wagt geldi, ol gün ýakynlaşdy.
Daglarda şowhunly baýramçylyk
deregine howsala güni geldi.
8Indi Men gazabymy basym üstüňize dökerin,
size bolan gaharymy tamamlaryn.
Öz tutan ýollaryňyza laýyklykda höküm çykararyn,
ähli nejis işleriňizi öz başyňyza getirerin.
9Araňyzda nejis işler edýändigiňiz üçin,
öz tutan ýollaryňyza görä jezalandyraryn.
Gözüm gaýgyrmaz, haýpym gelmez.
Şonda özüňizi jezalandyranyň Men-Rebdigimi bilersiňiz. 10Ine, ol gün! Ine, ol gün ýetip gelýär!
Nobatyňyz ýetdi, taýak gunçalady,
tekepbirlik gülledi.
11Zulum güýjäp, heläkçilik taýagyna öwrüldi.
Olardan hiç zat galmaz,
olaryň bolçulygyndan,
baýlygyndan zat galmaz,
aralarynda şan-şöhratlylyk bolmaz.
12Wagt geldi, ol gün golaýlaşdy;
müşderi şatlanmasyn, satyjy ýas tutmasyn,
çünki gazap ähli jemagatyň üstünden inýär.
13Bu aýanlyk onuň ähli jemagatyna degişlidigi üçin satyjy dirikä, satan ýerini yzyna almaz. Ýazykly her bir adamyň ýaşaýşy berk bolmaz. 14Surnaý çalyndy, ähli zat taýýar;
ýöne hiç kim söweşe gitmeýär,
çünki gazabym ähli jemagatyň üstündedir.
15Daşarda gylyç, içerde mergi we açlyk bar;
şäheriň daşyndakylar gylyçdan ölerler;
içindäkiler açlykdan we mergiden heläk bolarlar.
16Aman galanlaryň ählisi gaçyp,
öz etmişleri zerarly
dere gögerçinleri kimin
daglarda ahy-nala çekerler.
17Hiç kimiň golunda kuwwat galmaz,
ähli kişiniň dyzlary titrär.
18Olar jul geýerler,
olary howsala gaplar.
Hemmäniň ýüzi utançly bolar,
ähli başlaryň saçy syrylar.
19Kümüşleri köçelere taşlanar,
altynlary murdar hasaplanar.
Altyn-kümüş olara günä etdirýän büdreme daşyna öwrüldi. Şonuň üçin Rebbiň gazap gününde olary altyn-kümüşleri halas etmez, açlykdan gutarmaz ýa-da garynlaryny doýurmaz. 20Olar Meniň öýümiň şaý-sepleriniň gözelligi bilen özlerini gopbamsy tutdular we olardan nejis butlary we ýigrenji zatlary ýasadylar. Şonuň üçin hem Men bu şaý-sepleri olar üçin murdar zada öwürdim. 21Men ony olja hökmünde gelmişekleriň eline,
talaň hökmünde dünýädäki ýaramazlaryň eline bererin,
ony murdar ederler.
22Olardan ýüz öwrenimde,
olar Meniň hazynamy harlarlar,
talaňçylar girip, ony harlarlar.
23Zynjyrlar ýasa!
Ýurt ganly jenaýatdan,
şäher zorlukdan doly.
24Ysraýyllaryň öýlerini eýelär ýaly,
Men milletleriň iň ýamanyny getirerin.
Men güýçlüleriň tekepbirliginiň soňuna çykaryn,
olaryň mukaddes ýerleri murdar bolar.
25Gorky gaplanda,
olar parahatçylyk agtararlar,
ýöne tapmazlar.
26Betbagtlyk üstüne betbagtlyk geler,
erbet habar üstüne erbet habar çykar.
Pygamberden boş ýere aýanlyk tama ederler;
ruhany kanun öwretmez,
ýaşuly öwüt bermez.
27Patyşa ýas tutar,
hökümdary aljyraňňylyk gaplar,
ýurduň halkynyň gorkudan elleri titrär.
Men olaryň tutan ýollaryna görä hasaplaşaryn,
öz hökümlerine laýyklykda höküm çykararyn.
Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler».
Copyright information for
TukLat16