‏ Ezra 5

Ybadathana gurluşygy täzeden başlanýar

1Hagaý pygamber bilen Ydonyň ogly Zakarýa pygamber Ýahudadaky we Iýerusalimdäki ýahudylara Ysraýyl Hudaýynyň adyndan pygamberlik etdiler. 2Onsoň Şeýaltyýeliň ogly Zerubabyl bilen Ýosadagyň ogly Ýeşuwa dagy Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüni täzeden gurmaga başladylar. Hudaýyň pygamberleri-de olar bilen bolup, olary ruhlandyrdylar.

3Şol bir wagtda Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň hökümdary Tatenaý, Şetar Bozenaý we ýaranlary olaryň ýanyna gelip, şeýle diýdiler: «Bu binany gurmaga we bitirmäge kim size buýruk berdi?» 4Şeýle hem olardan: «Bu binany gurýanlaryň atlary kim?» diýip soradylar. 5Emma Ysraýyl Hudaýynyň nazary ýahudy ýaşulularynda bolansoň, bu iş hakdaky habar Darýuşa ýetip, ondan jogap gelýänçä, olar ýahudylaryň işini togtadyp bilmediler. 6Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň hökümdary Tatenaýyň, Şetar Bozenaýyň we onuň ýaranlary bolan şol welaýatyň wekilleri patyşa Darýuşa hat ýazdylar. 7Hatyň mazmuny şeýledi:

«Patyşa Darýuşa dogaýy salam!
8Biz Ýahuda etrabyna, beýik Hudaýyň öýüne barandygymyzy, siziň alyhezretleriňize mälim edýäris. Ol ýonulan daşlardan we diwarlaryna agaç örümler goýlup, salnyp ýör. Bu iş janypkeşlik bilen üstünlikli alnyp barylýar.
9Onsoň biz olaryň ýaşulularyndan: „Bu binany gurmaga we bitirmäge kim size buýruk berdi?“diýip soradyk. 10Şeýle hem biz Size habar bermek we olaryň ýaşulularynyň atlaryny ýazyp almak niýeti bilen olardan atlaryny soradyk. 11Olar bize şeýle jogap berdiler:

„Biz Ýeriň we Gögüň Hudaýynyň gullary, köp ýyllar mundan öň gurlan öýi täzeden gurup ýörüs. Ony Ysraýylyň beýik patyşasy doly gurup gutardy.
12Emma atalarymyzyň Gögüň Hudaýynyň gaharyny getirendikleri sebäpli, Ol olary kesetlerden bolan Babyl patyşasy Nebukadnesaryň eline berdi. Nebukadnesar bolsa bu öýi ýykyp, halky Babyla ýesir edip äkitdi.
13Ýöne Babyl patyşasy Kureş öz patyşalygynyň birinji ýylynda Hudaýyň bu öýüni täzeden gurmaly diýip buýruk berdi. 14Iýerusalimdäki Hudaýyň öýünden – ybadathanasyndan Nebukadnesar tarapyndan alnan we Babyl buthanasyna getirilip goýlan altyn, kümüş gap-gaçlary Kureş patyşa Babyl buthanasyndan çykartdy.
Ol zatlar Şeşbasar atly bir adama gowşuryldy. Ony Kureş patyşanyň özi häkim belläpdi.
15Kureş patyşa oňa: ‘Bu gap-gaçlary al-da, Iýerusalimdäki ybadathana eltip goý hem-de Hudaýyň öýüni öňki ýerinde gurdur’ diýdi. 16Onsoň Şeşbasar gelip, Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň düýbüni tutdy. Ol şondan bäri gurlup ýör we henizem tamamlananok“.

17Şonuň üçinem eger patyşa makul bilse, Babylyň şalyk arhiwlerinde barlag geçirdip, Kureş patyşanyň Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüni täzeden gurmaga ýörite buýruk berendigini ýa-da bermändigini anyklatsyn. Bu iş barada patyşa öz islegini bize bildirsin».
Copyright information for TukLat16