‏ Ezra 6

Darýuş Kureşiň permanyny tassyklaýar

1Onsoň Darýuş patyşanyň buýruk bermegi bilen Babyldaky hazynalaryň saklanýan şa arhiwlerinde barlag geçirildi. 2Madaý welaýatynda ýerleşýän Ekbatana galasyndan bolsa bir kagyz tapyldy. Onda şeýle ýazgy bardy: «Perman:

3Kureş patyşa öz şalygynyň ilkinji ýylynda Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň täzeden gurluşygy barada şeýle buýruk berdi:

„Bu öýde sadakalar we ýakma gurbanlyklar berilsin; öýüň beýikligi-de, ini-de altmyş tirsek bolsun.
4Diwarlarynyň üç hatary ýonulan daşlardan we bir hatary agaçdan örülsin. Harç-harajadyň hemmesi şa hazynasyndan tölensin. 5Şeýle hem Nebukadnesar tarapyndan Hudaýyň Iýerusalimdäki öýünden alnyp, Babyla getirilen altyndyr kümüş gaplar yzyna eltilip, ýene-de ybadathanada ýerli-ýerinde goýulsyn. Siz olary Hudaýyň öýünde goýmalysyňyz“».

6Şeýdip, Darýuş patyşa şeýle habar ýollady: «Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky welaýatyň hökümdary Tatenaý, Şetar Bozenaý hem-de ýaranlaryňyz bolan Ýewfrat derýasynyň aňyrsyndaky welaýatyň wekilleri, siz öýe golaýlaşmaň. 7Hudaýyň öýüniň işine päsgel bermäň. Goý, ýahudylaryň häkimi we baştutanlary Hudaýyň bu öýüni öňki ýerinde täzeden gursunlar.
8Munuň üstesine-de, men size ýahudylaryň baştutanlaryna Hudaýyň bu öýüniň gurulmagy üçin, näme kömek etmelidigiňiz barada perman çykarýaryn. Bu adamlaryň harjy dolulygyna we gijikdirilmän şa hazynasyndan Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň berýän salgydyndan tölensin. 9Gögüň Hudaýyna ýakma gurbanlyklar bermek üçin öküzçeler, goçlar, guzular we başga-da näme zerur bolsa, bugdaý, duz, şerap, ýag gerek bolsa, Iýerusalimdäki ruhanylaryň isledigiçe her gün hökman berilsin. 10Şeýdip, olar Gögüň Hudaýyny hoşal edäýjek gurbanlyklary berip, patyşanyň we onuň ogullarynyň janlarynyň saglygy üçin dileg etsinler.
11Şeýle hem kim şu permana boýun egmese, onuň öýünden pürs sogrulyp, öý eýesini şoňa çişlemegi buýruk berýärin. Onuň öýi bolsa harabalyga öwrülsin. 12Goý, Iýerusalimi özüne ybadat edilmeli ýer hökmünde saýlan Hudaý, bu permany üýtgetmäge we Hudaýyň bu öýüni ýykmaga synanyşan her bir patyşanydyr halky ýer bilen ýegsan etsin.
Men – Darýuş patyşa buýruk berýärin: bu perman janypkeşlik bilen berjaý edilsin!»

Ybadathana Hudaýa bagyş edilýär

13Onsoň Darýuş patyşanyň iberen hatyna laýyklykda, Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň häkimi Tatenaý, Şetar Bozenaý we olaryň ýaranlary Darýuş patyşanyň permanyny doly berjaý etdiler. 14Şeýdip, Hagaý pygamber bilen Ydonyň ogly Zakarýanyň pygamberlik etmekleri arkaly, ýahudylaryň baştutanlary ybadathanany gurdular; olaryň işleri ilerledi. Olar Ysraýyl Hudaýynyň emri bilen, Pars patyşalary Kureşiň, Darýuşyň we Artakserksiň permany bilen bu binany gurup gutardylar. 15Bu öý Adar aýynyň üçüne
Adar aýynyň üçüne – bu 12‑nji martdyr.
, Darýuşyň patyşalygynyň altynjy ýylynda gurlup gutaryldy.

16Onsoň ysraýyl halky, ruhanylardyr lewiler we sürgünden gaýdyp gelen başgalar hem Hudaýyň bu öýüniň bagyşlanma dabarasyny uly şatlyk bilen bellediler. 17Olar Hudaýyň öýüniň bagyşlanma dabarasynda bir ýüz öküzi, iki ýüz goçy, dört ýüz guzyny we Ysraýyl tireleriniň sanyna görä, bütin ysraýyl halky üçin günä gurbanlygy hökmünde on iki erkeji gurbanlyk berdiler. 18Musanyň Kitabynda ýazylyşy ýaly, Iýerusalimde Hudaýa hyzmat etmekleri üçin olar ruhanylary we lewileri dürli toparlara böldüler.

Pesah baýramy

19Birinji aýyň on dördünji güni sürgünden gaýdyp gelenler Pesah baýramyny bellediler. 20Ruhanylardyr lewiler inlerini tämizlediler; olaryň hemmesi tämizdi. Şonuň üçin lewiler ähli sürgünden gaýdyp gelenler üçin, öz ruhany doganlary we özleri üçin Pesah janlysyny soýdular. 21Ysraýylyň sürgünden gaýdyp gelen halky, şeýle hem Ysraýyl Hudaýy Rebbe ybadat etmek üçin şol ýerli halklaryň nejis işlerinden el çekip, ýahudalara goşulanlaryň bary ony iýdiler. 22Onsoň olar ýedi günläp uly şatlyk bilen Petir baýramyny bellediler. Çünki Reb olara şatlyk berdi we Ysraýyl Hudaýynyň öýüni gurmaga ýahudalara ýardam bereri ýaly, Aşur patyşasynyň kalbynda olara bolan rehim oýardy.
Copyright information for TukLat16